Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

HUKUKLARY DÖWLET SANAWYNDA BELLIGE ALDYRMAK

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy (mundan beýläk - hukuklaryň bellige alynmagy) - bu gozgalmaýan emlägiň obýekti, oňa bolan hukuklary we hukuklaryň borçlanmalary, şeýle hem hukuk eýeleri barada ýazgylaryň Döwlet sanawyna girizilmegi, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi hem-de bu hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan goralmagy bolup durýar şeýle-de, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we gözegçiligi amala aşyrmak bolup durýar.