TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGINIŇ ÝANYNDAKY GOZGALMAÝAN EMLÄGE BOLAN HUKUKLARYŇ WE ONUŇ BILEN BAGLY GELEŞIKLERIŇ DÖWLET TARAPYNDAN BELLIGE ALYNMAGY BARADAKY GULLUK HAKYNDA
Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak boýunça öňde goýýan möhüm wezipelerini amala aşyrmak we ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegini we goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi.
Şeýle hem agzalan Кanuny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508-nji karary bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk (mundan beýläk - Gulluk) döredildi. Şol Karara laýyklykda welaýatlarda we welaýat hukukly şäherlerde Gullugyň müdirlikleri hem-de welaýatlardaky şäherlerde we etraplarda Gullugyň ýerli edaralary döredildi.
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny şol gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki Gullugyň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.
Gozgalmaýan emlägiň obýekti – bu bellenilen çäkleri bolan hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan ýer bölegi, bina, desga, gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar, emläk toplumy hökmünde kärhanalar, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläkler ýa-da gozgalmaýan emlägiň başga obýektleri bolup durýar.
Eýeçiligiň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi üçin, Türkmenistanyň Raýat kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gozgalmaýan emläge bolan ähli hukuklar we onuň bilen bagly geleşikler (eýeçilik hukugy; hojalygy ýörediş hukugy; operatiw dolandyryş hukugy; ýer bölegine mirasa goýmak hukugy bilen eýelik etmek hukugy; ynançly dolandyrmak hukugy; ýer böleginiň ýa-da binanyň, desganyň, üzňeleşdirilen jaýyň bäş ýyldan köp möhlet bilen kärende (kireý) hukugy; ýer bölegini hemişelik peýdalanmak hukugy; ipotekadan ýüze çykýan hukuklar; serwitutlar; döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän hukuklar we borçlanmalar; kazyýet edaralarynyň çözgütlerinden gelip çykýan hukuklar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklar we hukuklaryň borçlanmalary) bellenilen tertipde bellige alynmalydyr.
Gullugyň esasy wezipesi eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ýer böleklerine, binalara, desgalara, gurluşygy tamamlanylmadyk obýektlere, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlaryna, emläk toplumlary hökmündäki kärhanalara, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläklere bolan hukuklary we olar bilen bagly raýat-hukuk geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almak bolup durýar, ýagny ýurt boýunça gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyny emele getirmek bolup durýar.
Döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň amala aşyrylmagy üçin fiziki we ýuridik şahslar gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça Gullugyň ýerli edaralaryna degişli arza bilen ýüz tutmalydyr. Fiziki şahs – özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, ýuridik şahsyň wekili bolsa - ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalaryny, şeýle hem özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamasyny görkezmelidir. Arzanyň ýanyna gozgalmaýan emläge degişli kybaplaşdyryş maglumatlaryny özünde jemleýän resminamalar, şeýle hem, döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin esas bolup durýan resminamalar (satyn almak-satmak, alyş-çalyş, sowgat etmek, girew, muzdsuz göni bermek şertnamasy we beýleki şertnamalar; ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda ol amala aşyrylan pursatynda hereket eden kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylan namalar (şahadatnamalar); mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama we beýlekiler) goşulmalydyr.
Gozgalmaýan emläge bolan hukugyň borçlanmasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy diňe hukuklaryň Döwlet sanawynda bu gozgalmaýan emläge bolan öň ýüze çykan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň barlygy mahalynda mümkindir.
Döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň amala aşyrylmagy üçin berilýän resminamalar arza beriji tarapyndan döwlet bellige alyjysyna berilmelidir.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet tarapyndan bellige alynmagy döwlet tarapyndan bellige almak üçin zerur bolan arzanyň we resminamalaryň berlen gününden başlap bir aý möhletden gijä galman amala aşyrylýar.
Halkymyzyň kanuny hukuklarynyň goraglylygyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan belent maksatly işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny, ýurdumyzyň mundan beýläk hem pajarlap ösmegini arzuw edýäris.
JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN
ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA, TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE
KÖPÇÜLIKLEÝIN GYRYŞ ÝARAGYNYŇ ÝAÝRADYLMAGYNYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE GARŞY
HEREKET ETMEK BILEN BAGLY KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
1). Türkmenistanyň Prezidentiniň Kanuny № 335-VI. (13.03.2021ý);
3). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 19.11.2019ý. çykaran
417-Ö belgili buýrugy;
4). Türkmenistanyň Adalat ministriniň 27.05.2022ý. çykaran 16-iş belgili
buýrugy;
5). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň 12.08.2021ý.
çykaran 304-Ö belgili buýrugy;
6). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň 20.08.2021ý.
çykaran 316-Ö belgili buýrugy;
7). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň 21.12.2021ý.
çykaran 464-Ö belgili buýrugy;
8). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň 28.04.2022ý.
çykaran 113-iş belgili buýrugy;
9). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 01.06.2022ý. çykaran
161-iş belgili buýrugy;
10). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 23.06.2022ý. çykaran
191-iş belgili buýrugy.