Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

HUKUKLARY DÖWLET SANAWYNDA BELLIGE ALDYRMAKLYK ÜÇIN GEREKLI RESMINAMALAR

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen ýer böleginde gurlan ýaşaýyş jaýyna bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalar:

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Ýer bölegini bermek barada häkimiň karary;

4). Ýer serişdeleri edaralarynyň  resminamalary (Döwletnama, Şahadatnama);

5). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

6). Ýaşaýş jaýy ulanmaga kabul etmek barada Döwlet kabul ediş toparynyň resminamasy;

7). Hukuk belleýji resminama (satyn almak-satmak, sowgat etmek şertnamasy we ş.m.);

8). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:

 -   Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar. 

 -   Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

 -   Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

 -    Döwletnama we Şahadatnama üçin degişli ýer serişdeleri edaralaryna ýüz tutmaly.

Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowylandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýlere bolan eýeçilik hukugyny döwlet belligine almak üçin gerekli resminamalar:

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Hukuk belleýji resminama (karar, satyn almak- satmak şertnamasy);

4). Bar bolan halatynda Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

5). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

6). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:
  • Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.
  • Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.
  • Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

Ipoteka we beýleki girew şertnamalaryny hem-de olardan gelip çykýan degişli hukuklaryny döwlet belligine almak üçin gerekli resminamalar:

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Girew şertnamasy (notarial tertipde tassyklanylan bolmaly);

4). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.


BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

Hususylaşdyrylan ýaşaýyş öýüne bolan hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalar:

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Ýaşaýyş öýüni hususylaşdyrmak hakynda karar;

4). Hukuk belleýji resminama (ýaşaýyş jaýyny muzdsuz, göni (salgyly) bermek şertnamasy, ýaşaýyş jaýyny satyn almak şertnamasy);

5). Bar bolan halatynda Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

6). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

7). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar;
 - Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir;
 - Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

Paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalar:

1). Arza (eýesi ýa-da wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy;

4). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty); 

5). Bar bolan halatynda Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

6). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

 - Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

 - Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

Kazyýetiň kararlary bilen bellenen gozgalmaýan emläge bolan hukularyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalar:

1).Arza (eýesi ýa-da wekili tarapyndan);

2).Pasport;

3).Kazyýetiň kararlary;

4).Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

5).Bar bolan halatynda Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

6).Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

 - Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

 - Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

Hojalygy ýörediş we operatiw dolandyryş hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalar:

1). Arza  (ýuridik şahsyň wekili tarapyndan);

2). Kärhananyň esaslandyryş resminamalary (öz ygtyýarlyklarynyň çäginde döwlet edarasy tarapyndan döwlet kärhanasynyň döredilmegi hakynda kabul edilen nama, esaslandyryş şertnamasy, kärhananyň tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy), ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme;

3). Gozgalmaýan emläge degişli resminamalar we şol emlägiň ýuridik şahsa operatiw dolandyryş ýa-da hojalygy ýörediş hukugynda berilendigini tassyklaýan resminama;

4). Ýer bölegine hukugy tassyklaýan resminama (Döwletnama, Şahadatnama)

5). Obýekti ulanmaga kabul etmek barada Döwlet kabul ediş toparynyň resminamasy;

6). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

7). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

 - Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

 - Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

 - Döwlet nama we Şahadatnama üçin degişli ýer serişdeleri edaralaryna ýüz tutmaly.

Gurluşygy tamamlanylmadyk obýekte bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalar:

1). Arza (eýesi ýa-da wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Gurluşyk obýektiniň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp bermek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy;

4). Degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama;

5). Gurluşyk obýektiniň taslama guramasy tarapyndan berlen Gurluşygyň taslamadan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan kepilnama;

6). Tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan berilýän gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty;

7). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

 

BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

 - Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

 - Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

Döwlet sanawyndan maglumatlaryň (döwlet sanawyndan göçürmeleriň we kepilnamanyň) alynmagy üçin gerekli resminamalar:

 

1). Arza (eýesi ýa-da wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama.

BELLIKLER:

 - Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.