Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri
geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak
babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja,
beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba
hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň
guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk
görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary hem-de oba hojalyk
tehnikalaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri
geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda
ýeralmanyň we beýleki güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de
tohumlaryny ekişe taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan
esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol
hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk
görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk
tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekişe taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny
çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak işleri hem-de güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk
ekinleriniň ekişi utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek hem-de güýzlük oba hojalyk
ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň
zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan
işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan
boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny, ekiji gurallary möwsüme taýýarlamak üçin zerur işler ýerine
ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak
işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin
üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm we
tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň şaly ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.
Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde kadalaryň dogry berjaý
edilmeginiň bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli
peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime bu babatda birnäçe
tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady
bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, ekişde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny
çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba
hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarda elýeterli bahadan
ilata ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki
möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alan meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde diňe ylmy taýdan esaslandyrylan
ekerançylygyň oba hojalygynyň durnukly ösdürilmegini üpjün edýändigini belledi
we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk
işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we
tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de
Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk
ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk
bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary
giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan
beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek
ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny
çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan
berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny
belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý
öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen
işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň
bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp
barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak
ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük
ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly
meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary
welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda
açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn
howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan,
tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.