Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

HUKUKLARYŇ DÖWLET SANAWYNDA BELLIGE ALYNMAGY BILEN BAGLY KÖP SORALÝAN SORAGLAR

Döwlet sanawyndaky maglumatlary islendik şahs alyp bilýärmi?

Maglumatlar diňe şulara berilýär: 1) olaryň hukuk eýelerine; 2) hukuk eýelerinden ynanç hatyny alan fiziki we ýuridik şahslara; 3) gozgalmaýan emläge bolan hukuklar hukuk kabul edijilik tertibinde özlerine geçýän şahslara; 4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetlere we başga döwlet edaralaryna.

Gozgalmaýan emläge degişli bellige alnan resminamalaryny ýitirende ýa-da zaýalanda näme etmeli ýa-da nirä ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga, Gullugyň müdirligine ýa-da onuň ýerli edarasyna ýüz tutulýar.

Paýly gurluşygyň obýektiniň ýerleşýän ýer böleginiň döwlet belligine alynmazdan, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny döwlet sanawynda döwlet belligine aldyryp bolýarmy?

Ilki bilen guruja berlen ýer bölegine bolan degişli hukuk bellige alynmalydyr.

Oba ýerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin - mellek ýeri almaga isleg bildiren raýatlaryň ýüz tutmaly edarasy we gerekli resminamalar.

1) pasportyň nusgasyny; 2) maşgala düzümi hakynda delilhaty; 3) mellek ýeriniň ýokdugy hakynda Geňeş tarapyndan berlen delilhaty; 4) nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasyny ýa-da nikasy bozulan, çagalaryny ýeke terbiýeleýän, nika baglaşmazdan çagalary hossarlyga (howandarlyga), perzentlige alan maşgalalar bu baradaky degişli resminamalaryň nusgasyny. Aýratyn halatlarda raýatlaryň maşgala ýagdaýy barada esaslandyrylan ýüztutmalary bolanda, şeýle hem ýetim çagalar ýa-da ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalar edaralarynda terbiýelenen raýatlara birinji tesiminiň 4-nji bendi degişli däldir.

Şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini hususy eýeçilige almaga isleg bildirýän raýatlaryň ýüz tutmaly edarasy we gerekli resminamalar.

Türkmenistanyň raýatlary aşakda görkezilen resminamalary goşup, ýaşaýan ýeri boýunça şäheriň etraplary bar şäherlerde - şäheriň etrabynyň häkimligine arza berýär: 1) pasportyň nusgasyny; 2) maşgala düzümi hakynda delilhaty; 3) özbaşdak ýaşaýyş jaýynyň ýokdugy hakynda şäherlerde we şäherçelerde - degişli edaralar tarapyndan berlen delilhaty; 4) nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasyny ýa-da nikasy bozulan, çagalaryny ýeke terbiýeleýän, nika baglaşmazdan çagalary hossarlyga (howandarlyga), perzentlige alan maşgalalar bu baradaky degişli resminamalaryň nusgasyny. Aýratyn halatlarda raýatlaryň maşgala ýagdaýy barada esaslandyrylan ýüztutmalary bolanda, şeýle hem ýetim çagalar ýa-da ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalar edaralarynda terbiýelenen raýatlara birinji tesiminiň 4-nji bendi degişli däldir.

Oba ýerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin näçe gektara çenli möçberde mellek ýeri hususy eýeçilige berilýär?

0,16 gektara çenli

Şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin näçe gektara çenli möçberde ýer bölegi hususy eýeçilige berilýär?

0,10 gektara çenli

Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden näçe gektara çenli möçberde ýer bölegi berilýär?

3 gektara çenli

Döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli gozgalmaýan emläge bolan hukuk, hukugyň borçlanmasy haýsy pursatyndan başlap ýüze çykýarlar, geçýärler, bes edilýärler?

Döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan başlap

Döwlet sanawynda bellige alynmadyk, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girmezinden öň ýüze çykan gozgalmaýan emläge bolan hukuklar güýjünde diýlip ykrar edilýärmi?

Degişli hukuk ýüze çykan pursatynda hereket eden Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelen ýagdaýynda hakyky güýjünde diýlip ykrar edilýär.

Kazyýetiň çözgüdi bilen bellenilen gozgalmaýan emläge bolan hukuklar nähili tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli?

umumy esaslarda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Bellige alyş kitabyndan geleşigiň notarial taýdan tassyklanylmagy üçin berlen göçürme berlen gününden başlap näçe günüň dowamynda hakyky güýjündedir?

berlen gününden başlap 30 senenama gününiň dowamynda hakyky güýjündedir.

Ipotekanyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy kimiň arzasy esasynda amala aşyrylýar?

girewine goýujynyň ýa-da girewine alyjynyň arzasy esasynda amala aşyrylýar.

Gozgalmaýan emlägiň kärende şertnamasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy kimiň arzasy esasynda geçirilýär?

kärende şertnamasynyň taraplarynyň biriniň arzasy esasynda geçirilýär.

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny haýsy edara amala aşyrýar?

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilýän müdirlikleri, ýerli edaralary amala aşyrýarlar.

Umumy bilelikdäki eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy kimiň arzasy esasynda amala aşyrylýar?

hukuk eýeligine dalaşgärleriň biriniň arzasy esasynda amala aşyrylýar.

Gozgalmaýan emlägiň haýsy möhlete kärendesiniň islendik şertnamasy döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli?

bäş ýyldan köp möhlete.

Ýer bölekleri gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlary üçin haýsy möhlete kärendesine berilýär?

40 ýyla çenli möhlet bilen

Ýer bölekleri wagtlaýyn söwda we durmuş nokatlary, ammarlary, awtoduralgalary we beýleki desgalary ýerleşdirmek üçin haýsy möhlete kärendesine berilýär?

5 ýyla çenli möhlet bilen.

Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri

ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berlip bilner.

Ýer bölegi eýeçilige kime berlip bilner?

Türkmenistanyň raýatlaryna berlip bilner.

Ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmaga kime berlip bilner?

Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner.

Ýer bölegi kärendesine kime berlip bilner?

şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlip bilner.

Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak - mellek ýer bölegi we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýer bölegi haýsy möhletiň dowamynda peýdalanylmadyk halatynda bu ýer bölegine hususy eýeçilik hukugy bes edilýär?

bäş ýylyň dowamynda peýdalanylmadyk halatynda

Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer bölegi haýsy möhletiň dowamynda peýdalanylmadyk halatynda bu ýer bölegine hususy eýeçilik hukugy bes edilýär?

iki ýylyň dowamynda peýdalanylmadyk halatynda

Gozgalmaýan emläge nämeler degişli bolup durýar?

Gozgalmaýan zatlara (gozgalmaýan emläk, gozgalmaýan zat) ýer bölekleri, ýerasty baýlyklaryň bölekleri, aýrybaşga suw desgalary we ýer bilen pugta baglananlaryň hemmesi, ýagny özleriniň niýetlenilişine laýyk zyýan ýetirmezden olaryň orunlaryny üýtgetmek mümkin bolmadyk desgalar, şol sanda tokaýlar, köp ýyllyk agaçlar, binalar, gurluşlar degişlidir.

Mirasy kabul etmegiň möhleti.

mirasyň ýüze çykan gününden başlap alty aýyň dowamynda

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy näçe wagtda amala aşyrylýar?

arzanyň we resminamalaryň berlen gününden başlap bir aý möhletden gijä galman amala aşyrylýar. Gyssagly tertipde 5 iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar

Daşary ýurt raýatlaryna ýer bölekleri haýsy maksatlar üçin berlip bilner?

ýer bölekleri şu aşakdaky maksatlar üçin diňe kärendesine berlip bilner: - desgalary gurmak we oba hojalyk däl beýleki maksatlar; - wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek.