Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Gullugyň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk

TÜRKMENISTANYŇ

KONSTITUSION 

K A N U N Y


Türkmenistanyň Konstitusiýasyny

rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 131-nji madda)

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň her bir raýatynyň, ähli halkynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän parasatly syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda çekilýän zähmet eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetirdi.

Mähriban Watanymyzyň ykdysadyýetinde häzirkizaman bazar gatnaşyklaryna geçilmeginiň we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň, amala aşyrylýan belent işleriň durýanlygyny duýmak buýsançlydyr.

Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezip, eziz Diýarymyzyň aýdyň geljegi we halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda alnyp barylýan, her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän parasatly syýasaty durmuşa geçirmäge goşant goşmak, Watan üçin, halk üçin zähmet çekmegiň we döretmegiň iň gowy nusgalygyny gündelik işiň bilen subut etmek mukaddes işdir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda yglan eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine doly geçmek baradaky belent özgertmeleriniň konstitusion hukuk esaslaryny üpjün etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş, ykdysady özgertmeleriniň depgininiň ýokarlanmagyna we geriminiň giňelmegine ýardam etmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony rejelenen görnüşde tassyklamak boýunça Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda umumylaşdyrylyp taýýarlanan we Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparynda ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna hödürlenen teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda:

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda tekliplerini doly makullamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar).

 

3-nji madda. Şu Konstitusion kanun kabul edilen pursadyndan güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry.

№ 448-V.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY

(rejelenen görnüşi)

 

(Türkmenistanyň 09.10.2017 ý. № 617-V we 25.09.2020 ý. № 297-VI

Konstitusion kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Biz, Türkmenistanyň halky,

öz ykbalymyzy kesgitlemäge bolan mizemez hukugymyza esaslanyp,

Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärligimizden ugur alyp,

ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip,

milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip,

adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip,

jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp,

Türkmenistanyň Esasy Kanunyny – şu Konstitusiýany kabul edýäris.  

 

I BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ ESASLARY

 

1-nji madda. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.

Türkmenistan öz çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyna we dolulygyna eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewüdir hem bölünmezdir.

Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär.

 

2-nji madda. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.

Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.

Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur.

 

4-nji madda. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.

Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar.

Her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdir.

 

5-nji madda. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.

 

6-njy madda. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler.

 

61-nji madda - Türkmenistanyň 25.09.2020 ý. № 297-VI Konstitusion kanuny esasynda aýyrlan.

 

7-nji madda. Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ykrar edilýär we kepillendirilýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdyr. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýärler.

 

8-nji madda. Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenendir.

Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur.

Kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär.

Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler.

 

9-njy madda. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.

Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda edinilýär, saklanylýar we bes edilýär.

Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär.

Hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Türkmenistanyň raýaty başga döwlete berlip, Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp ýa-da onuň Watanyna gaýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez.

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär.

 

11-nji madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de borçlary ýerine ýetirýärler.

Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär.

 

12-nji madda. Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär. Şeýle hem olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete degişli bolup biler. Döwletiň aýratyn eýeçiligi bolup durýan obýektler kanun bilen bellenýär.

Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär.

Kanunda gadagan edilen usul bilen edinilen eýeçilikden başga eýeçiligiň muzdsuz alynmagyna ýol berilmeýär.

Diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda eýeçiligiň muzduny töläp, mejbury alynmagyna ýol berilýär.

 

13-nji madda. Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär.

 

14-nji madda. Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir.

 

15-nji madda. Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir.

Döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär.

Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär.

 

16-njy madda. Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.

Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär.

Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

 

17-nji madda. Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär.

Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler.

 

18-nji madda. Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr, olaryň döwletiň işine gatyşmagyna we döwletiň wezipelerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär.

Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir.

 

19-njy madda. Syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we gaýry gurluşlaryň taglym ulgamy raýatlar üçin hökmany häsiýete eýe bolup bilmez.

 

20-nji madda. Döwletiň özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bardyr.

 

21-nji madda. Türkmenistanyň döwlet dili türkmen dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini peýdalanmak hukugy kepillendirilýär.

 

22-nji  madda. Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary – Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

23-nji madda. Türkmenistanyň çägi welaýatlara, etraplara, şäherlere we beýleki dolandyryş-çäk birliklerine bölünýär. Dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

24-nji madda. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir.

 

II BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY

 

25-nji madda. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.

 

26-njy madda. Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr.

Konstitusiýa we kanunlara laýyk gelmeýän bolsa, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.

Adamyň we raýatyň belli bir hukuklarynyň we azatlyklarynyň Konstitusiýada we kanunlarda sanalyp geçilmegi olaryň beýleki hukuklaryny we azatlyklaryny inkär etmek ýa-da kemeltmek üçin peýdalanylyp bilinmez.

 

27-nji madda. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gös-göni hereketi bardyr. Olar kanunlaryň manysyny, mazmunyny we ulanylmagyny, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işini kesgitleýär we adyl kazyýetlik bilen üpjün edilýär.

 

28-nji madda. Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär.

 

29-njy madda. Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr.

Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

30-njy madda. Hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyýan ýetirmeli däldir.

 

31-nji madda. Her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr.

Hiç bir zat şahsyýetiň mertebesiniň peseldilmegi üçin esas bolup bilmez.  

 

32-nji madda. Her bir adamyň ýaşamaga we ony amala aşyrmagyň erkinligine hukugy bardyr. Hiç kim ýaşamaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýar.

Türkmenistanda ölüm jezasy ýatyrylandyr.

 

33-nji madda. Kanuna takyk laýyk gelmeýän bolsa, adama iş kesilip ýa-da jeza berlip bilinmez.

Hiç kim gynamalara, zorluk ulanylmagyna, zalymlyk, adamkärçiliksizlik ýa-da adam mertebesini peseltmek bilen ýüzlenilmegine ýa-da jeza berilmegine, şeýle hem onuň razylygy bolmasa, lukmançylyk, ylmy ýa-da başga tejribelere sezewar edilip bilinmez.

Adam diňe kanunda takyk görkezilen esaslar bar bolan halatynda kazyýetiň karary boýunça ýa-da prokuroryň sanksiýasy bilen tussag edilip bilner. Gaýra goýmak bolmaýan hem-de kanunda takyk görkezilen halatlarda ygtyýarly döwlet edaralary adamy wagtlaýyn tutup saklamaga haklydyrlar.

 

34-nji madda. Her bir adamyň jenaýat etmekde günäliligi kanun esasynda subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança ol günäsiz hasap edilýär.

Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir.

Günäliligi barada dörän, aradan aýryp bolmajak şübheler aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär.

 

35-nji madda. Her bir adamyň erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige hukugy bardyr.

Adam diňe kanunda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan günäli diýlip bilnen we iş kesilen halatynda jenaýat jezasyna sezewar edilip bilner.

 

36-njy madda. Hiç kim şol bir jenaýat üçin gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip we oňa iş kesilip bilinmez.

 

37-nji madda. Her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki habarlarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan goranmaga hukugy bardyr.

 

38-nji madda. Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

Eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň wezipeli adamlary her bir adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän resminamalar bilen onuň tanyşmagyna mümkinçilikleri üpjün etmäge borçludyrlar.

 

39-njy madda. Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr.

Aýry-aýry çäklere girmegiň, şol çäklerde hereket etmegiň çäklendirilmegi diňe kanun esasynda bellenip bilner.

 

40-njy madda. Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar.

Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar.

Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.

Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar.

Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.

 

41-nji madda. Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr.

 

42-nji madda. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur.

Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez.

Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.

 

43-nji madda. Raýatlara kanunda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär.

 

44-nji madda. Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar.

Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna kast edýän syýasy partiýalaryň we gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalaryň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär.

 

45-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

46-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynyň elýeterliligine deň hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýatlarynyň adyl kazyýetlik amala aşyrylanda gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

47-nji madda. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.

 

48-nji madda. Hususy eýeçilik hukugy kanun bilen goralýar.

Her bir adam eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydyr.

Miras hukugy kepillendirilýär.

 

49-njy madda. Her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr.

Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr.

Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez.

 

50-nji madda. Her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr.

Döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýär.

 

51-nji madda. Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr.

Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Adamyň öz ýaşaýyş jaýyny kast etmelerden goramaga hukugy bardyr.

Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez.

 

52-nji madda. Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr.

Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

 

53-nji madda. Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär.

Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr.

 

54-nji madda. Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.

Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.

 

55-nji madda. Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr.

Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.

Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär.

Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär.

 

56-njy madda. Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar.

Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.

 

57-nji madda. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr.

 

58-nji madda. Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir.

 

59-njy madda. Her bir adam kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçludyr.

 

60-njy madda. Her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär.

Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine we hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

 

61-nji madda. Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugy bardyr.

 

62-nji madda. Adam öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez.

Psihiki ýa-da fıziki täsir etmegiň netijesinde, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur.

 

63-nji madda. Döwlet her bir adama ýuridik kömegi almaga bolan hukugy kepillendirýär. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýuridik kömek tölegsiz berilýär.

 

64-nji madda. Raýatyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur. Amala aşyrylan pursadynda hukuk bozulmasy hökmünde ykrar edilmedik hereketler üçin hiç kim jogapkärçilik çekip bilmez.

 

65-nji madda. Raýatlaryň şu Konstitusiýada göz öňünde tutulan aýry-aýry hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy diňe adatdan daşary ýa-da harby ýagdaýlar düzgüni şertlerinde Konstitusiýada we kanunlarda bellenen tertipde we çäklerde çäklendirilip bilner.

 

III BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ ULGAMY

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

66-njy madda. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar.

 

67-nji madda. Ýerlerde döwlet häkimiýeti ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI

 

68-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.

 

69-njy madda. Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner.

 

70-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halky tarapyndan gös-göni ýedi ýyl möhlete saýlanýar we kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär.

Türkmenistanyň Prezidentini saýlamagyň we onuň öz wezipesine girişmeginiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

71-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti:

1) Konstitusiýany we kanunlary durmuşa geçirýär;

2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, gepleşikleri geçirýär we halkara şertnamalaryna gol çekýär, daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär we yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny düzýär;

4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, Ýaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek we ulanmak hakynda buýruk berýär;

5) Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar;

6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar;

7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini düzýär we oňa baştutanlyk edýär;

8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;

9) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň garamagyna hem-de tassyklamagyna hödürleýär;

10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Bu kanun Mejlis we Halk Maslahaty tarapyndan Konstitusiýada bellenilen tertipde gaýtadan seredilýär. Eger, gaýtadan seredilen kanun Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öňki kabul edilen görnüşinde tassyklanan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;

11) ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky ýüzlenmeler bilen Türkmenistanyň halkyna we Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýüzlenýär;

12) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;

13) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr;

14) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek, raýatlykdan çykarmak we raýatlygy ýitirmek, şeýle hem gaçybatalga bermek hakynda meseleleri çözýär;

15) Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

16) Halk Maslahatynyň razylygy bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

17) Mejlise Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýär;

18) rehim etmegi we günä geçmegi amala aşyrýar;

19) adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünini girizýär;

20) Konstitusiýada we kanunlarda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

 

72-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bolan permanlary, kararlary we buýruklary çykarýar.

 

73-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da deputaty bolup bilmez.

 

74-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Onuň at-abraýy we mertebesi kanun bilen goralýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň üpjünçiligi, hyzmat edilişi we goragy döwletiň hasabyna amala aşyrylýar.

 

75-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Halk Maslahaty we Mejlis özleriniň döredýän garaşsyz lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edýärler. Şeýle çözgüt Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegi boýunça seredilip bilner. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda çözgüt Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakynda mesele ählihalk sala salşygyna goýulýar.

76-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýanyň71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Halk Maslahatynyň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan başga ygtyýarlyklaryny beýleki döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur.

Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçen gününden başlap, altmyş  günden gijä goýulman geçirilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň borçlaryny ýerine ýetirýän adam Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenip bilinmez.

Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizilip bilinmez.

 

III bap. Türkmenistanyň Milli Geňeşi

 

77-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan ‒ Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

 

78-nji madda. Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar, eger ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa.

Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanýarlar. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Şol bir adam bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň agzasy we deputaty bolup bilmez.

 

79-njy madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) özüniň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

 

80-nji madda. Halk Maslahaty öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Mejlis öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň agzalary we deputatlary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlary açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary öz dessurlaryny kabul edýärler hem-de öz işiniň içerki tertip-düzgüniniň meselelerini çözýärler.

 

801-nji madda. Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary aýratynlykda geçirilýär.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary açyk bolup durýar. Olaryň dessurlarynda göz öňünde tutulan halatlarda ýapyk maslahatlar hem geçirilip bilner.

Palatalar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüzlenmesini, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňlemek we beýleki meselelere garamak üçin bilelikdäki maslahatlary hem geçirip bilerler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döwletiň we jemgyýеtiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda palatalaryň bilelikdäki maslahaty geçirilip bilner.

 

802-nji madda. Halk Maslahaty:

1) Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullaýar ýa-da ret edýär;

2) Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garaýar;

3) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;

4) Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;

6) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

7) Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözýär;

8) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

9) Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

 

81-nji madda. Mejlis:

1) Türkmenistanyň Milli Geňeşine girizilen Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garaýar we kabul edýär, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;

2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;

4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar;

7) döwlet sylaglaryny döredýär;

8) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar;

9) Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözýär;

10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;

11) Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

 

82-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan hökman garalmalydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

 

83-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

 

831-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Türkmenistanyň kanunlary Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna iberilýär.

Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen halatynda makullanylan hasap edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär. Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner, şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar. Mejlis Halk Maslahatynyň çözgüdi bilen razy bolmadyk halatynda, eger Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kanuna öňki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa ol kabul edilen hasap edilýär.

 

84-nji madda. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, şeýle hem dilden we hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir.

 

85-nji madda. Döwlet Halk Maslahatynyň agzalaryna we Mejlisiň deputatlaryna olaryň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

 

86-njy madda. Halk Maslahatynyň agzasy agzalyk ygtyýarlyklaryndan we Mejlisiň deputaty deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe degişli palata tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele boýunça çözgüt degişli palatanyň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň bellenilýän agzalarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen möhletinden öň bes edilip bilner.

Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary degişli palatanyň razylygy bolmasa administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen olaryň azatlygy çäklendirilip bilinmez.

 

87-nji madda. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.

 

88-nji madda. Halk Maslahatynyň Başlygy we Mejlisiň Başlygy gizlin ses bermek arkaly saýlanýar. Olar degişli palata hasabat berýärler hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, olar degişli palatanyň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýärler, Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da olaryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy mümkin bolmasa, olaryň borçlaryny ýerine ýetirýärler.

 

89-njy madda. Halk Maslahatynyň Prezidiumy we Mejlisiň Prezidiumy palatalaryň işini guramagy amala aşyrýar.

Prezidiumyň düzümine palatanyň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

 

90-njy madda. Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, olaryň Prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenilýär.

 

IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETI

 

91-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr.

 

92-nji madda. Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar girizilip bilner.

 

Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap, bir aýyň dowamynda düzülýär we täze saýlanan Prezidentiň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar.

 

93-nji madda. Ministrler Kabinetiniň mejlislerini Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri alyp barýar.

Ministrler Kabineti öz ygtyýarlylygynyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär we buýruklary çykarýar.

 

94-nji madda. Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

2) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem goramak, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini we milli howpsuzlygy goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

3) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça teklipleri, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de olary Mejlisiň garamagyna berýär;

4) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny amala aşyrýar;

5) döwlet kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagy guraýar;

6) tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär;

7) pul we karz ulgamyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri görýär;

8) zerur bolan halatynda Ministrler Kabinetiniň ýanynda komitetleri, baş müdirlikleri we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny döredýär;

9) daşary ykdysady işi amala aşyrýar, daşary ýurt döwletleri bilen medeni we gaýry gatnaşyklaryň ösmegini üpjün edýär;

10) hökümet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň işine ýolbaşçylyk edýär; ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hukuk namalaryny ýatyrmaga haklydyr;

11) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

 

95-nji madda. Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary, onuň işiniň tertibi, beýleki döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär.

 

V BAP. KAZYÝET HÄKIMIÝETI

 

96-njy madda. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir.

Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

 

97-nji madda. Kazyýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry gurluşlaryň döredilmegine ýol berilmeýär.

 

98-nji madda. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe Konstitusiýa we kanuna tabyndyrlar. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we oňa gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

99-njy madda. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär.

 

100-nji madda. Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar. Kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

101-nji madda. Kazylar mugallymçylyk, döredijilik we ylmy-barlag işlerinden başga hak tölenilýän haýsydyr bir beýleki wezipäni eýeläp bilmezler.

 

102-nji madda. Işlere kazyýetlerde kollegial garalýar, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa kazy ýekelikde garaýar.

 

103-nji madda. Kazyýetlerde işler açyk seljerilýär. Işiň ýapyk mejlisde diňlenilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär.

Kazyýet önümçiligi taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýar.

 

104-nji madda. Kazyýet önümçiligi döwlet dilinde alnyp barylýar. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň kömegi arkaly işiň materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak, şeýle hem kazyýet mejlisinde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär.

 

105-nji madda. Taraplaryň Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütlerine, hökümlerine we gaýry kararlaryna şikaýat etmäge hukugy bardyr.

 

106-njy madda. Kazyýetleriň çözgütleri, hökümleri we gaýry kararlary Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.

 

107-nji madda. Ýuridik kömegi almaga bolan hukuk kazyýet önümçiliginiň islendik tapgyrynda kepillendirilýär.

Ýuridik kömegi bermek adwokatlar we şeýle kömegi bermäge hukugy bolan beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.  

 

108-nji madda. Kazyýetleriň ygtyýarlylygy, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

VI BAP. DÖWLET HÄKIMIÝETINIŇ ÝERLI EDARALARY

 

109-njy madda. Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde kanunda bellenilen tertipde ýerli wekilçilikli edaralar – halk maslahatlary döredilýär, olaryň agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanýarlar.

 

110-njy madda. Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlary degişli çäkde:

1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar;

2) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar;

3) kanunylygyň berjaý edilmegine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär;

4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýär;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň kabul eden kararlary degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.

Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, olaryň agzalarynyň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

111-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýeti ýerlerde: welaýatlarda – welaýat häkimleri, etraplarda – etrap häkimleri, şäherlerde – şäher häkimleri amala aşyrýarlar.

 

112-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar hem-de oňa hasabat berýärler.

 

113-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.

Häkimler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolan kararlary kabul edýärler.

 

114-nji madda. Häkimleriň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

IV BÖLÜM. ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ

 

115-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary emele getirýärler.

Geňeşler agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanylýan wekilçilikli edaralardyr.

 

116-njy madda. Geňeş degişli çäkde:

1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) býujeti düzýär we tassyklaýar, onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar;

3) salgytlary we ýygymlary, olary almagyň tertibini belleýär;

4) özüne degişli eýeçiligi dolandyrýar;

5) tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitleýär;

6) jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga ýardam edýär;

7) kanun tarapyndan Geňeşiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Geňeşiň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kabul eden çözgütleri degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.

Geňeşlere amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdelerini bölüp bermek arkaly kanun bilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner. Berlen ygtyýarlyklaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär.

 

117-nji madda. Geňeş öz agzalarynyň arasyndan Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýän we oňa hasabat berýän arçyny saýlaýar.

Arçyn Geňeşiň çözgütleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem ýerli ähmiýeti bolan gaýry meseleleri çözýär.

 

118-nji madda. Geňeşleri we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralaryny döretmegiň we işiniň tertibi, şeýle hem olaryň döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär.

 

V BÖLÜM. SAÝLAW ULGAMY, SALA SALŞYK

 

119-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugy bardyr, her bir saýlawçynyň bir sesi bardyr.

Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, şeýle hem azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän raýatlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegi ýol berilmesizdir we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

120-nji madda. Halk Maslahatynyň agzalygyna, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenilýär.

 

121-nji madda. Saýlawlar göni saýlawlardyr we saýlanylýan adamlar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanýarlar.

 

122-nji madda. Saýlawlarda ses bermek gizlindir, ses bermegiň barşynda saýlawçylaryň öz erk-islegini beýan edişine gözegçilik edilmegine ýol berilmeýär.

 

123-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

124-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň has möhüm meselelerini çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner.

Sala salşygyň netijesinde kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk ýoly bilen ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner.

 

125-nji madda. Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň teklibi boýunça ýa-da saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlaryň azyndan iki ýüz elli müňüsiniň teklibi boýunça ählihalk sala salşygyny geçirmek barada çözgüdi kabul etmek hukugy Halk Maslahatyna degişlidir.

 

126-njy madda. Ýerli sala salşyklary bellemek hukugy öz başlangyjy boýunça ýa-da degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan dörtden bir böleginiň teklibi boýunça Geňeşe degişlidir.

 

127-nji madda. Sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek arkaly geçirilýär.

Sala salşyklara Türkmenistanyň saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary gatnaşýarlar.

 

128-nji madda. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary we harby ýagdaýlar düzgüni hereket edýän döwründe geçirilmeýär.

 

VI BÖLÜM. PROKURATURA

 

129-njy madda. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär.

Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşýar.

 

130-njy madda. Prokuratura dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär.

 

131-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär.

Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

132-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diňe kanuny gollanýarlar.

 

133-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ygtyýarlylygy, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

 

VІI BÖLÜM. YKDYSADYÝET WE MALIÝE-KARZ

ULGAMY

 

134-nji madda. Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär.

 

135-nji madda. Döwletiň salgytlary, ýygymlary we gaýry hökmany tölegleri, olary tölemek borjunyň esaslary, salgyt töleýjiniň hukuk goragynyň ulgamy kanun tarapyndan bellenýär.

 

136-njy madda. Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamy býujet ulgamyny, bank ulgamyny, maliýe edaralaryny, şeýle hem kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we Türkmenistanyň raýatlarynyň maliýe serişdelerini öz içine alýar.

Türkmenistanda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar.

 

137-nji madda. Türkmenistanyň býujet ulgamy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüm bölekleri bolan ähli derejedäki býujetleriň jeminden ybaratdyr.

Türkmenistanyň býujet ulgamynyň düzülişiniň we işlemeginiň umumy ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary kanun bilen kesgitlenýär.

 

138-nji madda. Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

139-njy madda.  Türkmenistanyň milli pul birligi manatdyr.

Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň dolanyşygy kanun bilen düzgünleşdirilýär.

 

VIII BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

140-njy madda. Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalary Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýär.

Konstitusiýada we kanunlarda görkezilen düzgünler biri-birine gabat gelmedik halatynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär.

 

141-nji madda. Konstitusiýanyň döwlet dolandyryşynyň prezident respublikasy görnüşi hakynda düzgünleri üýtgedilip bilinmez.

 

142-nji madda. Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek hakynda konstitusion kanun, eger Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak

we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda)

 

1-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamaly.

2-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny 2004-nji ýylyň 1- nji noýabryndan başlap güýje girizmeli.

3-nji madda. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1990-njy ýylyň  12-nji oktýabrynda kabul eden, Türkmenistan SSR-niň Ýer hakyndaky kodeksini we «Türkmenistan SSR-niň Ýer  hakyndaky kodeksini güýje girizmek hakyndaky» kararyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990-njy ýyl, № 19-20, 201-nji, 202-nji maddalar);

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1991-nji ýylyň 30-njy maýynda kabul eden, «Türkmenistan SSR-niň Ýer hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistan SSR-niň Kanunyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1991-nji ýyl, № 9-10, 106-njy madda);

Türkmenistanyň  Mejlisiniň 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda tassyklan, «Daşary ýurt döwletleriniň ýeri karendesine almagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995-nji ýyl, № 3, 43-nji madda);

Türkmenistanyň Mejlisiniň 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklan, «Harytlyk oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýeri graždanlaryň eýeçiligine bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996-njy ýyl, № 4, 63-nji madda).

4-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň täsiri ol güýje gireninden soň ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny güýje girmänkä ýüze çykan hukuk gatnaşyklary babatda onuň düzgünleri 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan soň ýüze çykan hukuklar we borçlar barada ulanylýar.

5-nji madda. Mundan beýläk kadalaşdyryjy hukuk namalary «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirilýänçä olar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna ters gelmeýän derejede ulanylýar.

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda diňe kanunlar arkaly düzgünleşdirilip bilinjek meseleler babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalary degişli kanunlar kabul edilýänçä we güýje girizilýänçä hereket edýär.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti özüniň we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul etmäge hukuk berlen beýleki döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny «Ýer  hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirmeli.

7-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrligi «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine hödürlemeli.

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz-özüňi dolandyryş edaralary «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaly.

 

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň

Başlygy                                                                    Saparmyrat Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ 243-II

 

 

«ÝER HAKYNDA»

TÜRKMENISTANYŇ BITEWI KANUNY

 

Şu bitewi Kanun ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we olary rejeli peýdalanmaga, goramaga hem-de daşky tebigy gurşawy abat saklamaga we gowulandyrmaga, ýerde hojalyk işlerini alyp barmagyň dürli görnüşlerini ulanmaga, ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilýär.

 

I bap. Esasy düzgünler

 

1-nji madda. Türkmenistanda ýer

 

Türkmenistanda ýer türkmen halkynyň baýlygydyr, döwlet goragy astynda durýar, ol rejeli we netijeli peýdalanylmaga degişlidir.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň ýer kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu bitewi Kanundan we ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu bitewi Kanunda göz öňünde tutulandakydan beýleki kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

3. Ýer hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan namalar şu Bitewi kanunyň esasynda kabul edilýär we onuň düzgünlerine çapraz gelip bilmez. Şeýle çapraz gelmeler bar bolan halatynda şu Bitewi kanunyň düzgünleri ulanylýar.

4. Eger şu Bitewi kanunynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýat we ýer kanunçylyklarynyň düzgünlerinde kesgitlenýän ýer hukuk gatnaşyklaryndaky islendik düşünjeler Türkmenistany ýer kanunçylygynda oňa berilýän mana eýe bolmalydyr.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy madda).

 

3-nji madda. Şu bitewi Kanunyň hereket ediş çygry

 

Ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan şu bitewi Kanunyň hereketi şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna degişlidir.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň wezipeleri

 

Şu aşakdakylar Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň wezipeleridir:

- ýer serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak maksady bilen ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak;

- ýer serişdelerinden peýdalanmak we olary goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek;

- döwlet ýer gurluşygyny geçirmegiň, döwlet ýer kadastryny alyp barmagyň we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegiň tertibini bellemek;

- ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgemeginiň we bes edilmeginiň esaslaryny kesgitlemek;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň we borçlarynyň amala aşyrylmagynyň tertibini kesgitlemek;

- topragyň mesligini ýokarlandyrmak we tebigy gurşawy abat saklamak boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek;

- ýerde hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşleriniň deň hukukly ösmegi üçin şertleri döretmek.

 

5-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepilleri

 

Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepilleri şu aşakdakylary öz içine alýar:

- Türkmenistanyň çäginiň bitewiliginiň, eldegrilmesizliginiň we bölünmezliginiň üpjün edilmegini;

- ýer gatnaşyklary babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny;

- ýer gatnaşyklary babatda hukuk hereketleriniň, guramaçylyk, ykdysady, tehniki we gaýry çäreleriň amala aşyrylmagyny;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny;

- ýerlerden rejeli peýdalanmaga we olary goramaga gönükdirilen teklipleri taýýarlamakda gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynyň üpjün edilmegini;

- ýer gatnaşyklary babatda ekologik howpsyzlygynyň üpjün edilmegini;

- ýerleriň möçberi, ýagdaýy, peýdalanylyşy we goralyşy baradaky maglumatlar bilen gyzyklanýan taraplaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde üpjün edilmegini;

- döwlet ýer gurluşygyny, döwlet ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi alyp barmak boýunça işleriň geçirilmegini;

- Türkmenistanda ýer kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny;

- halkara hyzmatdaşlygy babatda ýer meseleleri boýunça döwletiň bähbitleriniň goralmagyny.

 

II bap. Türkmenistanyň ýer gaznasy

 

6-njy madda. Ýerleriň toparlary

 

Türkmenistanyň ýer gaznasy maksatly niýetlenilişine laýyklykda şu aşakdaky toparlara bölünýär:

a) oba hojalyk maksatly ýerler;

b) tokaý gaznasynyň ýerleri;

ç) suw gaznasynyň ýerleri;

d) döwlet ätiýaçlyk ýerleri;

e) ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriniň) ýerleri;

ä) senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry maksatly ýerler;

f) tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş we taryhy-medeni maksatly ýerler.

 

7-nji madda. Ýerleri toparlara degişli etmegiň we olary bir topardan beýleki topara geçirmegiň tertibi

 

Ýerleri Türkmenistanyň ýer gaznasynyň şu bitewi Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen toparlaryna degişli etmek we olary bir topardan beýleki topara geçirmek olaryň maksatly niýetlenilişine  laýyklykda şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

 

8-nji madda. Ýörite ýer gaznalary

 

1. Oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýerleri bermek, şeýle hem oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna ýerleri wagtlaýyn peýdalanmaga bermek maksady bilen ýörite ýer gaznalary döredilýär.

Ýörite ýer gaznalaryny döretmek hakyndaky meselelere etraplaryň (şäherleriň), welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) ýer meseleleri baradaky toparlary, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan seredilýär.

2. Ýörite ýer gaznalary döwletiň ätiýaç ýerlerinden, daýhan birleşikleriniň, beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň, şäherleriň we şäherçeleriň ýerlerinden, şeýle hem beýleki ýerden peýdalanyjylaryň peýdalanmaýan  ýerlerinden döredilýär.

3. Ýörite ýer gaznalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 111-nji madda).

 

III bap. Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy

 

9-njy madda. Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy

 

Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 80-nji madda).

 

10-njy madda. Ýer gatnaşyklary babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

- ýer gatnaşyklary babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär;

- ýerlerden rejeli peýdalanmak, topragyň mesligini ýokarlandyrmak, beýleki tebigaty goraýyş çäreler bilen bir toplumda ýer serişdelerini goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

- ýerlerden rejeli peýdalanylmagyny we olaryň goralmagyny üpjün edýän döwlet edaralarynyň we gulluklarynyň işini ugrukdyrýar;

- ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak boýunça işleri kadalaşdyrmagyň we höweslendirmegiň döwlet ulgamyny döredýär;

- Türkmenistanyň ýer gaznasyny dolandyrmagy amala aşyrýar;

- ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň hödürlemegi boýunça ýerleri hususy eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermek barada kararlary kabul edýär;

- ýer bölekleriniň möçberine garamazdan, ýerleriň ähli toparlaryndan döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýerleri yzyna almagy geçirýär;

- ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklaryna güwä geçýän resminamalaryň görnüşlerini tassyklaýar;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň  we ýer  kärendeçileriniň hukuklaryny çäklendirmegi belleýär;  

- döwlet ýer gurluşygyny, ýer kadastryny geçirmegiň we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi amala aşyrmagyň tertibini belleýär;

- ýer üçin tölegleri almagyň we bu tölegler boýunça ýeňillikleri bermegiň tertibini tassyklaýar;

- oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmagyň kadalaşdyrmalaryny we tertibini belleýär;

- ýerlerden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;

- ýer böleklerini bermegiň we yzyna almagyň tertibini we şertlerini tassyklaýar;

- Türkmenistanyň ýer gaznasynyň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy baradaky ýyllyk hasabaty tassyklaýar;

- ýörite ýer gaznalaryny tassyklaýar;

- ýer jedellerine seredýär we çözýär;

- ýer gatnaşyklary bilen baglanşykly beýleki meseleleri çözýär.

 

11-nji madda. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

1. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy:

- ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

- ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

- ýerleri peýdalanmaga we kärendesine bermek barada Türkmenistanyň şahsy adamlaryndan arzalary we edara görnüşindäki taraplaryndan haýyşnamalary kabul edýär hem-de olar boýunça etrabyň (şäheriň), welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparynda seretmek üçin degişli resminamalary taýýarlaýar;

- döwlet ýer kadastryny ýöredýär we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirýär;

- ýer serişdeleri we olaryň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň kompýuterleşdirilen ýeke-täk ulgamyny döredýär we alyp barýar;

- döwlet ýer gurluşygy, şeýle hem topografik-geodeziýa, toprak, geobotanik, kartografik we beýleki barlag we gözleg işlerini geçirýär;

- şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýerleri bermek barada resminamalary resmileşdirýär;

- ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar;

- ýere bolan hukuklaryň döwlet belligine alnandygy, ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň, ýer kärendeçileriniň üýtgändigi barada ýer kadastr kitabyna degişli maglumatlary girizýär;

- ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak babatda maksatnamalaryň, ülňüleriň we taslamalaryň seljermesini geçirýär;

- şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlen ýerler barada maglumatlary ýygnamagy, ulgamlaşdyrmagy we seljermegi guraýar;

- suwarymly ekerançylyk üçin ýaramly ýerler, şeýle hem öri maldarçylygy üçin öri meýdanlary barada çaklamalary we gelejekde peýdalanmak boýunça teklipleri işläp düzýär;

- peýdalanylmaýan ýerleri we Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny bozup peýdalanylýan ýerleri ýüze çykarmak boýunça işleri geçirýär;

- ýer serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen guramaçylyk, tehniki we beýleki çäreleri amala aşyrýar;

- gözleg işlerini geçirmek üçin ýer böleklerinden peýdalanmaga rugsatnama berýär;

- ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ýer meseleleri boýunça hukuk namalaryny kabul edýär;

- ýer üçin töleg, Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny kämilleşdirmek, ministrlikleriň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna garşy gelýän hukuk namalaryny, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, geňeşleriň kararlarynyň we arçynlaryň buýruklarynyň hereketini togtatmak ýa-da ýatyrmak barada teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

- senagat we beýleki maksatly desgalar gurlanda we durky täzelenilende, geologiýa-agtaryş, gözleg we beýleki işler geçirilende Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

- ýerleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermek boýunça resminamalary netijenama bilen ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň garamagyna berýär;

- Türkmenistanyň ýer gaznasynyň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy barada ýyllyk hasabaty düzýär;

- ýer jedellerine seredýär we çözýär;

- şu bitewi Kanun bilen onuň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

2. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň işi şu bitewi Kanuna we bu edara hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 165-nji madda).

 

12-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri öz tabynlygyndaky çäklerde:

-ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

-ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

-ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

-welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlaryny döredýärler we olaryň işini üpjün edýärler;

-welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşy, döwlet ýer gurluşygy we ýer kadastryny alyp barmak, şeýle hem ýörite ýer gaznasyny döretmek meseleleri boýunça teklipleri ýokarda durýan döwlet edaralaryna berýärler;

-döwlet ýer gurluşygyny, ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirmeklige ýardam edýärler;

-ýer üçin tölegleriň alnyşyna gözegçilik edýärler;

-ýerleriň möçberi we bölünişi baradaky ýyllyk hasabaty  tassyklaýarlar;

-ýer jedellerine seredýärler we çözýärler;

-şu bitewi Kanun bilen olaryň ýer gatnaşyklary babatdaky ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.

2. Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalarynyň eýeçiligine Aşgabat şäheriniň çäginde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek barada karar kabul edýär.

3. Welaýatlaryň häkimlikleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden ýer böleklerini wagtlaýyn peýdalanmaga bermek barada welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparynyň çözgüdini tassyklamak hakynda karar kabul edýärler.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39-njy madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 111-nji madda).

 

13-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda etraplaryň (şäherleriň) häkimliginiň ygtyýarlyklary

 

Etraplaryň (şäherleriň) häkimlikleri öz tabynlygyndaky çäklerde:

- ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;  

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

- ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň  goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

- ýer meseleleri baradaky etraplaryň (şäherleriň) toparlaryny döredýärler we olaryň işini üpjün edýärler;

- etrabyň (şäherleriň) dolandyryş-çäk gurluş, döwlet ýer gurluşygyny we ýer kadastryny alyp barmak, şeýle hem ýörite ýer gaznasyny döretmek meseleleri boýunça teklipleri ýokarda durýan döwlet edaralaryna berýärler;

- döwlet ýer gurluşygyny, ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirmeklige ýardam edýärler;

- ýer üçin tölegleriň alnyşyna gözegçilik edýärler;

- ýerleriň möçberi we bölünişi baradaky ýyllyk hasabaty tassyklaýarlar;

- ýer jedellerine seredýärler we çözýärler;

- Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalarynyň eýeçiligine şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak - mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek barada karar kabul edýäler;

- etraplaryň  (şäherleriň) häkimleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleri, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak we ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän ýerini hem-de ýeriň oňa degişli bölegini peýdalanmaga bermek barada karar kabul edýärler;

- ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşylan teklipler boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem çekenä öri meýdanlaryny mal bakmak üçin peýdalanmaga we kärendesine bermek barada karar kabul edýärler;

- şu bitewi Kanun bilen olaryň ýer gatnaşyklary babatdaky ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky we 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39-njy madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

14-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda Geňeşleriň ygtyýarlyklary

 

Geňeşler öz çäklerinde:

-ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

-ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

-Türkmenistanyň raýatlaryndan olaryň maşgalalaryna şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleriniň berilmegi barada arzalary kabul edýärler;

-daýhan birleşikleri we beýleki oba hojalyk kärhanalary tarapyndan ýer kadastr kitabyny ýöretmegi üpjün edýärler.

 

15-nji madda. Ýer meseleleri baradaky toparlar

 

1. Ýer meselelerine seretmek üçin şu aşakdakylar döredilýär:

- ýer meseleleri baradaky Döwlet topary;

- welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky topary;

- etrabyň (şäheriň) ýer meseleleri baradaky topary.

2. Ýer meseleleri baradaky Döwlet topary hakyndaky düzgünnama we bu toparyň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlary hakyndaky düzgünnamalar we bu toparlaryň düzümleri degişli häkimlikler tarapyndan tassyklanylýar.

 

IV bap. Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine

we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek

 

16-njy madda. Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine  we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek

 

1. Ýer bölegini almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary, bu barada ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça şu aşakdakylara arza berýärler:

a) hususy eýeçilige - şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak – mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin - Geňeşe, şäherdäki etrabyň häkimligine;

b) peýdalanmaga - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna;

g) kärendä:

- suwarymly ýerleri - daýhan birleşigine we beýleki oba hojalyk kärhanasyna;

- oba hojalyk däl maksatlar üçin - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna.

2. Ýerleriň peýdalanmaga ýa-da kärendesine berilmegine mätäç Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, bu barada ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna haýyşnama bilen ýüz tutýarlar.

3. Ýerleriň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalarynda we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalarynda ýerleriň berilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýan resminamalary goşmak bilen soralýan ýer bölekleriniň niýetlenen maksady, möçberleri we ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.

4. Eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine ýer bölekleriniň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalar we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalar bilen ýüz tutmagynyň we olara seretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

5. Ýerleri kärendesine almaga isleg bildirýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bu barada haýyşnamany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýärler.   

6. Şu bitewi Kanunyň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulandan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna hususy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň kararlaryna laýyklykda geçirilýär.

8. Ýerlere eýeçilik, peýdalanmak we oba hojalyk däl maksatlar üçin kärende hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermek bilen ýer böleginiň bölünip berilmeginiň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39-njy madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njу madda).

 

17-nji madda. Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri

 

1. Ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berlip bilner.

2. Ýer bölegi eýeçilige Türkmenistanyň raýatlaryna berlip bilner.

3. Ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn (99 ýyla çenli) peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner.

4. Ýer bölegi kärendesine şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlip bilner.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 4, 137-nji madda).

 

18-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

 

Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner:

- oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýer;

- şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy;

- oba hojalyk önümçiligini alyp barmaga – ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden wagtlaýyn peýdalanmak;

- oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin – daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden uzak möhletleýin kärende şertlerinde, ýer böleklerinden netijeli peýdalanýan kärendeçilere soňra mirasa goýmak hukugy bilen eýeçilige bermek;

- gulluk ýer paýy;

- mal bakmak;

- ot ýatyrmak;

- telekeçilik işi amala aşyrylanda gurluşyk we oba hojalyk maksatlary.

- oba hojalyk däl maksatly desgalary wagtlaýyn ýerleşdirmek.

Uzak möhletleýin kärende şertlerinde peýdalanylýan ýerlerden soňky 5 ýylyň dowamynda yzygiderli oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almagy üpjün eden kärendeçilere - Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini, kärendeçileriň birleşiklerini, daýhan hojalyklaryny we beýleki edara görnüşindäki taraplary döretmek bilen, şol ýer bölekleri maksatly niýetlenilişine laýyklykda hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmaga berlip bilner.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 4, 137-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 111-nji madda).

 

19-njy madda. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň  görnüşleri

 

Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner:

- oba hojalyk önümçiligini alyp barmak;

- kömekçi oba hojalygyny alyp barmak;

- wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek;

- öri maldarçylygy;

- gurluşyk;

- ýerasty baýlyklary işläp çykarmak;

- oba hojalyk däl beýleki maksatlar.

 

20-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

 

Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer bölekleri şu aşakdaky maksatlar üçin diňe kärendesine berlip bilner:

- desgalary gurmak we oba hojalyk däl beýleki maksatlar;

- wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek.

 

21-nji madda. Ýer bölegine eýeçilik hukugynyň, ýerden peýdalanmak hukugynyň we ýere kärende hukugynyň ýüze çykmagy

 

Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy we ýere kärende hukugy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň hakyky çäkleri bellenilenden we oňa bolan hukuga güwä geçýän resminamalar berlenden soň ýüze çykýar.

 

V bap. Ýere eýeçilik

 

22-nji madda. Döwletiň eýeçiliginde durýan ýerler

 

1. Türkmenistanyň raýatlaryna eýeçilige berlen ýerlerden başga, Türkmenistanyň ähli ýerleri döwletiň eýeçiliginde durýar.

2. Döwlet goraghanalaryna berlen ýerler, şeýle hem beýleki aýratyn goralýan tebigy meýdanlarynyň ýerleri döwletiň aýratyn eýeçiliginde durýar.

 

23-nji madda. Ýere hususy eýeçilik

 

 Ýer bölekleri Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdaky maksatlar üçin hususy eýeçilige berlip bilner:

- oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri;

- şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy;

- oba hojalyk önümini öndürmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütlerine laýyklykda - daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň, öň uzak möhletli kärende şertlerinde peýdalanylýan ýerlerinden.

(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

24-nji madda. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagy

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýere hususy eýeçilik hukugy şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda ýer bölekleri hususy eýeçilige berlende we raýat-hukuk geleşikleriniň netijesinde ýaşaýyş jaýa ýa-da gurluşyga eýeçilik hukugynyň Türkmenistanyň başga raýatyna geçmegi bilen, şeýle-de eýeçilik hukugynyň mirasdüşerlik tertipde geçmeginde ýüze çykýar.

2. Ýer bölegine eýeçilik hukugyny bermek we geçirmek ýeriň maksatly niýetlenilişini hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39-njy madda).

 

25-nji madda. Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

 

1. Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna, şeýle hem mugallymlaryň, lukmanlaryň we işi oba ilatyna hyzmat etmek bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň maşgalalaryna, şol hojalyklarda işläp, soň gös-göni pensiýa çykan pensionerleriň maşgalalaryna we oba ýerinde ýaşaýan maýyplara, ýaşaýyş jaýynyň we hojalyk desgalarynyň tutýan meýdanyny goşmak bilen 0,16 gektara çenli möçberde satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer we suw serişdelerini hasaba almak bilen şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýeri mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige berilýär.

2. Gür ilatly, ýer we suw serişdeleriniň çäkli etraplarynda (şäherlerinde) ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, degişli welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi esasynda şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin kesgitlenilen möçberden az, ýöne her maşgala 0.12 gektardan az bolmadyk şerti bilen ýer bölekleri berlip bilner.

3. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen, mirasa bermek hukugy bilen hususy eýeçilige mellek ýeri almaga mätäç maşgalalar, öz ýaşaýan ýerindäki geňeşe arza berýärler.

4. Mellek ýeri, Türkmenistanyň hukuk namalarynda bellenilen tertipde, şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, ýaşaýyş jaýyny we hojalyk desgalaryny gurmak üçin peýdalanylýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 74-nji madda).

 

26-njy madda. Özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

 

Şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna, mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak we oňa hyzmat etmek üçin 0,10 gektara çenli möçberde, ýer serişdelerini hasaba almak bilen, satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer bölekleri ýörite ýer gaznasyndan berilýär.

 

27-nji madda. Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin kärendeçilere-Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

 

On ýylyň dowamynda kärendä alan ýerlerinden netijeli peýdalanyp oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almagy üpjün eden kärendeçilere-Türkmenistanyň raýatlaryna, öň olar tarapyndan uzak möhletli kärende şertlerinde peýdalanýan daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdiniň esasynda 3 gektara çenli ýer bölegi oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige berlip bilner.»;

(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky we 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

28-nji madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň hukuklary

 

Türkmenistanyň raýatlarynyň -ýer bölekleriniň eýeleriniň şu aşakdaky hukuklary bardyr:

- ýer böleginde hojalygy onuň maksatlaýyn niýetlenilişine laýyklykda özbaşdak alyp barmaga;

- oba hojalyk ekinlerine we agaçlara, öndüren oba hojalyk önümine we ony ýerlemekden alnan girdejilere bolan eýeçilige;

- ýer bölegindäki umumy ýaýran ýerasty baýlyklardan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hojalygyň hajatlary üçin peýdalanmaga;

- suwaryş, agrotehniki we melioratiw işleri geçirmäge;

- oba hojalyk ekinlerini, baglary suwarmak we beýleki maksatlar üçin suwaryş çeşmelerinden bellenilen çäklere laýyklykda suw almaga;

- ýer bölekleriniň maksatly niýetlenilişine laýyklykda ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik, durmuş we gaýry desgalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bina etmäge, şeýle hem olaryň durkunyň täzelenmegini we ýykylyp aýrylmagyny amala aşyrmaga;

- ýerler döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýetirilen zyýanyň  öwezini almaga;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara.

 

29-njy madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň borçlary

 

Türkmenistanyň raýatlary -ýer bölekleriniň eýeleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

- maksatly niýetlenilişine laýyklykda ýerden rejeli peýdalanmaga, topragyň mesligini ýokarlandyrmaga, tebigaty goraýyş çärelerini amala aşyrmaga, öz hojalyk işi netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna we tebigy serişdeleriniň azalmagyna ýol bermezlige;

- ýerleri goramak boýunça şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň toplumyny amala aşyrmaga;

- ýer üçin tölegi öz wagtynda tölemäge;

- beýleki ýer bölekleriniň eýeleriniň, şeýle hem ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny bozmazlyga;

- degişli döwlet edaralaryna, olaryň bellän görnüşinde, ýerleriň ýagdaýy we peýdalanylyşy baradaky maglumatlary öz wagtynda bermäge;

- beýleki ýer bölekleriniň eýelerine, şeýle hem ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolmaga;

- ýer böleklerini abadanlaşdyrmak we gür baglyga öwürmek, bar bolan agaçlary abat saklamak hem-de idetmek boýunça bellenilen kadalara laýyklykda zerur işleri geçirmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary çekmäge.

 

30-njy madda. Ýer böleklerine hususy eýeçilik hukugynyň bes edilmegi

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer böleklerine hususy eýeçilik hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

- ýer böleginden meýletin ýüz dönderilende;

- ýerler öz maksatly niýetlenilişinden başga maksat üçin peýdalanylanda;

- ýer böleginden rejesiz peýdalanylanda;

- ýer bölegi topragyň mesliginiň peselmegine, onuň hapalanmagyna we tebigy serişdeleriň ýaramazlaşmagyna we azalmagyna getirýän usullar bilen peýdalanylanda;

- eýeçilikde durýan ýerlerden oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin iki ýylyň dowamynda, şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak - mellek ýer bölegi we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bäş ýylyň dowamynda peýdalanylmadyk halatynda;

- eýeçilikde durýan ýer babatda kanuna garşy gelýän geleşikler baglaşylanda;

- hojalyk işiniň netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýer bölekleri döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnanda;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki halatlarda;

- ýer bölegine eýeçilik hukugy mirasa geçende mirasdüşerleriň hiç biri hojalygy alyp barmak islemese, onda olar bu ýer bölegine eýeçilik hukugyny ýitirýärler.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň hususy eýeçiligindäki ýer bölegi döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin aşakdakylar bilen baglanşykly aýratyn halatlarda yzyna alnyp bilner:

-halkara borçnamalary ýerine ýetirilende;

-ýerler goranmak we döwlet howpsyzlygy, aýratyn goralýan tebigy meýdanlar, sagaldyş, dynç alyş we taryhy-medeni hajatlar üçin berlende;

-ýer böleginde ýerasty baýlyklaryň ýataklary (umumy ýaýranlaryndan başga) ýüze çykarylanda;

-awtomobil we demir ýollar, tok geçiriji, aragatnaşyk we uly turba geçiriji ulgamlar, şeýle hem döwlet ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygynda, şol desgalary ýerleşdirmegiň başga mümkinçiligi bolmadyk halatynda;

-heläkçilige getirjek howply we köne ýaşaýyş jaýlary ýykylyp aýrylanda;

-Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan şäher gurluşyk we ýer gurluşyk resminamalary şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň baş meýilnamalary, çäklerini zolaklaşdyryş taslamalary we beýleki resminamalar amala aşyrylanda;

-Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlarda.

3. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň bes edilmegi şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

4. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň bes edilmegi baradaky çözgüt kazyýete şikaýat edilip bilner.

5. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň ýatyrylmagy, Türkmenistanyň raýatlaryny hasyly ýygnamak hukugyndan mahrum etmeýär we ýeriň hilini abat saklamak borçlaryndan olary  boşatmaýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy madda).

 

VI bap. Ýerden peýdalanmak

 

31-nji madda. Ýerleri peýdalanmaga bermek

 

1. Ýerler Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, hojalygy alyp barmagyň görnüşlerine garamazdan, şu bitewi Kanunyň 18-nji we 19-njy maddalarynda görkezilen maksatlar üçin we tertipde, Türkmenistanyň raýatlaryna ýerleri hususy eýeçilige berilmeginden beýleki halatlarda, peýdalanmaga berlip bilner.

2. Ýerler hemişelik (möhlet bellenilmezden) we wagtlaýyn (möhlet bellenilip) peýdalanmaga berlip bilner.

 

32-nji madda. Ýerden peýdalanmak hukugynyň ýüze çykmagy

 

1. Ýerden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şu aşakdaky halatlarda ýüze çykýar:

- ýerler peýdalanmaga berlende;

- ýerden peýdalanmak hukugy başga birine geçirilende;

- ýerden peýdalanmak hukugy miras düşerlik tertibinde geçende;

- raýat-hukuk geleşikleri baglaşylanda;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslarda.

2. Ýerden peýdalanmak hukugynyň berilmegi, başga birine geçirilmegi we bu hukugyň geçmegi ýerleriň maksatly niýetlenilişini hasaba almak bilen amala aşyrylmalydyr.

 

33-nji madda. Ýer böleklerden gözleg işleri üçin peýdalanmak

 

Geologiýa-surata düşürmek, agtaryş, topografik-geodezik we beýleki gözleg işlerini amala aşyrmak üstüne ýüklenen Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, bu işleri ýer böleklerini yzyna almazdan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ähli ýerlerde geçirip bilerler. Işleri geçirmegiň başlanýan möhletleri we ýeri, ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri, şeýle hem ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasy bilen ylalaşylýar.

 

34-nji madda. Gözleg işleri üçin ýer bölegini wagtlaýyn eýelemäge rugsatnama almak

 

1. Gözleg işleri üçin ýer bölegini wagtlaýyn eýelemäge rugsatnama almak üçin, şol işi amala aşyrmak üstüne ýüklenen Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, soralýan ýeriň ýerleşýän ýerindäki ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasyna gözleg işiniň çyzgysynyň nusgasy, şeýle hem döwlet geodeziýa gözegçiligi, geologiýa gullugy we beýleki edaralaryň netijenamasy goşulan ýa-da şol işi geçirmegiň bellenilen tertibine laýyklykda ýazmaça haýyşnama bilen ýüz tutýarlar.

2. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy soralýan ýer böleklerinde, gözleg işleri geçirmek mümkinçiligi baradaky meseläni çözýär we ýer böleginiň eýesiniň, ýerden peýdalanyjynyň ýa-da ýer kärendeçisiniň razylygy bilen bir ýyldan köp bolmadyk möhlete  degişli rugsatnama berýär.

3. Ýörite maksatly, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy, sagaldyş we taryhy-medeni desgalaryň, ylmy - barlag edaralarynyň we okuw mekdepleriniň tejribe meýdanlarynyň, tokaýlaryň birinji toparynyň ýerlerinde gözleg işleri diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsady bilen geçirlip bilner.

 

35-nji madda. Gözleg işleri üçin ýer böleklerini peýdalanýan Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň hukuklary

 

Ýer böleklerinde gözleg işlerini geçirýän Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň aşakdaky hukuklary bardyr:

- meýilnamalarda göz öňüne tutulan, rugsatnama alnan işleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirmäge;

- önümçilik, ýaşaýyş jaý we medeni-hojalyk hajatlary üçin wagtlaýyn görnüşli desgalary we gurluşyklary gurmaga;

- ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri bilen ylalaşylyp, hemişelik görnüşli geodezik belgileri  oturtmaga;

- ýer bölegindäki umumy ýaýran ýerasty baýlyklardan öz hajatlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde peýdalanmaga.

 

36-njy madda. Gözleg işleri üçin ýer böleklerinden peýdalanýan Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň borçlary

 

Gözleg işlerini geçirýän Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary aşakdakylara borçludyr:

- eýeleýän ýer böleklerini öz hasabyna işiň dowamynda, eger mümkinçiligi bolmadyk halatynda, iş tamamlanandan soň-bir aýdan gijä goýman, niýetlenilişine görä peýdalanar ýaly ýagdaýa getirmäge;

- ekinleriň, agaçlaryň, tebigy zatlaryň, şeýle hem suw geçirijileriň, gaz geçirijileriň, lagymlaryň, melioratiw ulgamlaryň we beýleki desgalaryň abat saklanmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri geçirmäge;

- gözleg işleri geçirilende, ýer eýelerine, ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine ýetirilen zyýanyň hem-de oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öwezini dolmaga.

 

37-nji madda. Gulluk ýer paýy

 

1. Gulluk ýer paýy ulag, aragatnaşyk, radio-telewideniýe, goraghana, tokaý, suw, balykçylyk hojalyklarynyň, şeýle hem beýleki käbir pudaklaryň aýry - aýry işgärleriniň toparlarynyň maşgalalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär.

2. Gulluk ýer paýy Türkmenistanyň edara görnüşdäki taraplarynyň peýdalanmagynda durýan, gulluk ýer paýyna hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň işleýän ýerindäki ýerlerden 0,10 gektara çenli möçberde  berilýär.

3. Gulluk ýer paýyna hukugy bolan işgärleriň toparlarynyň sanawy we ony peýdalanmaga bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

38-nji madda. Ýerden peýdalanyjylaryň hukuklary

 

Ýerden peýdalanyjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

- ýerden maksatly niýetlenilişine laýyklykda peýdalanyp, onda hojalygy özbaşdak alyp barmaga;

- oba hojalyk ekinlerine we agaçlaryna, öndürilen oba hojalyk önümlerine hem-de olary ýerleşdirmekden gelen girdejilere eýeçilik etmäge;

- ýer böleginde bar bolan  umumy ýaýran ýerasty baýlyklardan öz hojalygynyň hajatlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde peýdalanmaga;

- ýer bölegi döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnanda ýetirlen ýitgileriň öwezini almaga;

- ýer böleginde maksatly niýetlenilişine garşy gelmeýän ýaşaýyş, jaýlary, önümçilik, durmuş we gaýry desgalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gurmaga;

- ýörite talaplara laýyklykda suwaryş we gaýry melioratiw işleri geçirmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara.

 

39-njy madda. Ýerden peýdalanyjylaryň borçlary

 

Ýerden peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

- ýerden maksatly niýetlenilişine we onuň berliş şertlerine laýyklykda peýdalanmaga;

- özlerine berlen ýerlerden netijeli we rejeli peýdalanmagy üpjün etmäge;

- ýer üçin tölegi öz wagtynda tölemäge;

- önümçiligiň ekologik, sanitariýa we beýleki talaplaryna laýyk gelýän tilsimatlaryny ulanmaga, şeýle hem öz hojalyk işinde bellenilen gurluşyk we beýleki kadalary we düzgünleri berjaý etmäge;

- ýerleri goramak boýunça şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň toplumyny amala aşyrmaga;

- suwüsti desgalaryna galtaşýan ýer böleklerinde gämi gatnawyny gurnamak we beýleki hajatlary üçin suw desgalaryny we olaryň kenar ýakalaryny peýdalanmaga päsgel bermezlige;

- ýerleriň ýagdaýy we olardan peýdalanylyşy barada maglumatlary degişli döwlet edaralaryna öz wagtynda bermäge;

- beýleki ýerden peýdalanyjylaryň, ýer eýeleriniň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny bozmazlyga;

- şäherleriň häkimlikleri we geňeşleri tarapyndan bellenilýän kadalara laýyklykda öz çäklerinde abadanlaşdyryş we gür baglyga öwürmek, agaçlary abat saklamak boýunça zerur işleri geçirmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary çekmäge.

 

40-njy madda. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi

 

1. Ýerden peýdalanmak hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

- ýerden peýdalanyjy ýerden peýdalanmakdan ýüz dönderende;

- ýer böleginiň berlen möhleti gutaranda;

- ýerden maksatly niýetlenilişi boýunça däl-de, başga maksat üçin peýdalanylanda;

- Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary ýatyrylanda, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary ýa-da edara görnüşindäki taraplary batyp galanda;

- gulluk ýer paýyny bermek bilen baglanyşykly zähmet gatnaşyklary bes edilende;

- ýerden peýdalanmak hukugy bellenilen tertipde Türkmenistanyň başga taraplaryna berlende;

- hojalyk işiniň netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda;

- ýerden wagtlaýyn peýdalanmak möhletinden öň bes edilende;

- ýer böleginden topragyň mesliginiň peselmegine, tebigy serişdeleriň hapalanmagyna we azalmagyna getirýän usullar bilen peýdalanylanda;

- daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň hem-de beýleki ýerden peýdalanyjylaryň ýerlerinden olaryň ylalaşygy esasynda ýer bölegi Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga bermek üçin alnanda;

- iki ýylyň dowamynda berlen ýer böleginden  peýdalanylmadyk halatynda;

- döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin, şeýle hem şu bitewi Kanunda göz öňüne tutulan beýleki halatlarda ýerler yzyna alnanda.

2. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde geçirilýär.

3. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi baradaky karar kazyýete şikaýat edilip bilner.

4. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi, ýerden peýdalanyjyny hasyly ýygnamaga bolan hukukdan mahrum etmeýär we ony ýeriň hilini abat saklamak borçlaryndan boşatmaýar.  

(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

41-nji madda. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak barada (serwitut) düşünje

 

1. Ýer bölegi, başga bir ýer böleginiň (agalyk ediji ýer bölegi) eýesiniň peýdasyna borçly edilip bilner, şunda ol agalyk ediji ýer böleginiň eýesiniň keseki ýer bölegini belli bir halatlarda peýdalanmak hukugy bolar ýaly ýa-da keseki ýer böleginde belli bir hereketler edilip bilner ýaly, ýa-da borçly edilen ýer bölegine bolan eýeçilik hukugyndan gelip çykýan hukugy agalyk ediji ýer bölegi barasynda ulanyp bolmaz ýaly edilip berilmelidir (serwitut).

2. Taraplar wagtal-wagtal tölegler görnüşinde hak tölemek barada ylalaşyp bilerler.

 

42-nji madda. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak (serwitut) şertleri

 

1. Serwitut ýer böleginden peýdalanylan mahalynda ygtyýarly şahsy adama diňe artykmaçlyk berip biljek derejede bolup biler. Serwitutyň mazmuny, ygtyýarly tarapa bellenilen çäklerden çykyp bilmez.

2. Serwitut amala aşyrylan mahalynda ygtyýarly tarapa borçly edilen ýer böleginiň eýesiniň we ýerden peýdalanyjynyň bähbitlerini berjaý etmelidir.

 

43-nji madda. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut)

 

1. Döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri göz öňünde tutulyp, zerur bolan halatlarda kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut) bellenip bilner:

- umumy peýdalanylýan desgalara ýer böleginiň üstünden pyýada ýa-da ulagly geçmek;

- ýer böleginden mal sürüp geçirmek;

- gözleg, barlag we beýleki işleri geçirmek;

- suw almak we suwa ýakmak;

- inženerçilik, jemagat, suwaryş, elektrik we beýleki ulgamlary, turba geçirijileri we ulag desgalaryny geçirmek we abatlamak;

- kenarýaka zolaga barmak;

- ýer böleginde tebigaty goraýyş desgalaryny döretmek;

- Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy, (serwitut) ýer meseleleri baradaky etrabyň (şäheriň), welaýatyň, Aşgabat şäheriniň toparlarynyň ýazyp bermeginiň esasynda, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bellenilýär.

3. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut), ony bellemegiň esaslary ýatyrylan halatynda bes edilip bilner.

4. Serwitut ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan döwlet hasabyna hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan döwlet belligine alynmaga degişlidir.

(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 165-nji madda).

 

VII bap. Ýerleriň kärendesi

 

44-nji madda. Ýerleriň kärendesi we kärendeçiler

 

1. Ýerleriň kärendesi ýerden şertnama esaslanan möhletli muzdly peýdalanmakdyr.

2. Şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary ýerleriň kärendeçileri bolup bilerler.

3. Kärendeçiniň we kärendä berijiniň hukuklary we borçlary, şeýle hem ýerlere kärende hukugynyň ýüze çykmagynyň we bes edilmeginiň esaslary kärende şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenilýär.

4. Ýer bölekleri kärende şertnamasy boýunça, hojalykda ulanmak üçin zerur ýaşaýyş jaýlary we hojalyk desgalary bilen ýa-da olarsyz berlip bilner.

5. Ýer bölekleri gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlary üçin 40 ýyla çenli möhlet bilen kärendesine berilýär. Wagtlaýyn söwda we durmuş nokatlary, ammarlary, awtoduralgalary we beýleki desgalary ýerleşdirmek üçin - 5 ýyla çenli möhlet bilen.

6. Oba hojalyk däl maksatlar üçin ýerleriň kärende şertnamasynyň bir ülňüdäki görnüşi we ony baglaşmagyň tertibi ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

7. Oba hojalyk däl maksatlar üçin ýerleriň kärende şertnamasyny bellige almak we kärende ýer böleginiň araçägini ýerinde bellemek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

8. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä berlen ýerleriň kärende möhletini uzaltmak degişli häkimiň karary esasynda amala aşyrylýar.

 (2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky, 1-nji oktýabryndaky, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky we 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy madda; № 4, 68-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

45-nji madda. Ýerleri kärendä berijiler

 

1. Şu bitewi Kanunda bellenilen tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýar berlen ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerinden başga  Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýerleri kärendä beriji bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýa-da ol tarapyndan ygtyýarly edilen edara ýerleri daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendä beriji bolup durýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda).

 

46-njy madda. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerini uzak möhletli kärendesine bermek

 

1. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä 10 ýyl we ondan köp möhlet bilen şol hojalyklaryň agzalarynyň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçileriň birleşiklerine we daýhan hojalyklaryna şu aşakdakylary hasaba almak bilen berilýär:

- ýer we suw serişdeleriniň möçberini;

- zähmete ukyply bir adama düşýän paý böleginiň ortaça meýdanyny;

- ýer bölekleriniň ýerleşýän ýerini;

- ekin meýdanlarynyň (atyzlaryň) bitewligini saklamak bilen suwarymly ýerleri 200 ga çenli möçberde kärendesine bermegi;

- kärendeçileriň (hojalygyň agzalarynyň, kärendeçileriň birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň) kärendä alnan ýerleri işläp bejermäge bolan mümkinçiliklerini;

- ekin dolanyşyk ülňüleriniň berjaý edilmegini, topragyň abat saklanylmagyny we onuň mesliginiň ýokarlandyrylmagyny;

- kärende şertnamasyna laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürmegiň üpjün edilmegini;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendesine almaga isleg bildirýän daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň agzalary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, kärendeçileriň birleşikleri we daýhan hojalyklary bu barada daýhan birleşigine we beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýüz tutýarlar.

3. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä, olary hökmany suratda maksatly niýetlenilişi boýunça peýdalanmak üçin berilýär.

Kärendä berlip, bir ýylyň dowamynda kärendeçiniň günäsi bilen peýdalanylmadyk ýer bölekleri dolulygyna ýa-da bölekleýin yzyna alynmaga degişlidir. Ýer bölegini  yzyna almak we ony başga bir kärendeçä bermek şu bitewi Kanunda bellenilen tertipde geçirilýär.

4. Her daýhan birleşigi we beýleki oba hojalyk kärhanasy boýunça uzak möhletli kärendä berilýän ýer bölekleriniň möçberleri ýer we suw serişdeleriniň möçberlerine, ýerleriň ýerleşýän ýerine we oba hojalyk önümçiligine gatnaşmaga isleg bildirýän kärendeçileriň sanyna baglylykda kesgitlenilýär.

5. Suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä bermek daýhan birleşiginiň we beýleki oba hojalyk kärhanasynyň Toparynyň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

47-nji madda. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk önümçiligi bilen baglaşykly bolmadyk maksatlar üçin ýerleri kärendä bermek

 

1. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna wagtlaýyn dükançalary, ulag duralgalaryny, ulag jaýlaryny, ammarlary, ussahanalary we beýleki wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek üçin ýer bölekleri etrabyň (şäheriň), welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi boýunça berilýär.

2. Kärendä berlen ýer böleklerini resmileşdirmek, olaryň çäklerini bellemek, kärende şertnamalaryny bellige almak ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan şu bitewi Kanuna laýyklykda geçirilýär.

 

48-nji madda. Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, daşary ýurt  döwletlerine we halkara guramalaryna ýerleri kärendä bermek

 

1. Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna şu aşakdaky maksatlar üçin ýer kärendesine berilýär:

- gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlar;

- söwda we durmuş nokatlaryny, ammarlary, ulag duralgalaryny we beýleki wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek.

Ýerler görkezilen taraplara diňe kärendesine we Türkmenistanyň Prezidentiniň çözdüdi boýunça berilýär.

Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendä berlen ýerleriň kärende möhletini uzaltmak onuň berliş tertibinde amala aşyrylýar.

2. Kärendä alnan ýer bölegini resmileşdirmek, onuň araçägini ýerinde bellemek we kärende şertnamalaryny bellige almak ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

49-njy madda. Ýer kärende şertnamasyny kärendä berijiniň haýyşy boýunça möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Kärendä beriji ýerleriň kärende şertnamasynyň möhletinden öň ýatyrylmagyny şu aşakdaky halatlarda talap edip biler:

- kärende şertleri berjaý edilmese;

- ýer kanunçylygyny bozmak bilen ýerlerden peýdalanylanda;

- kärendä alnan ýeriň hili bilkastdan ýaramazlaşdyrylanda;

- hojalyk işiniň netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda;

- kärende tölegi, tölemeli wagty geçenden soň, 30 günüň dowamynda geçirilmese, ol ýeňillikli 30 gün möhlet hem kärendäniň ähli dowamynda diňe bir gezek geçirmek şertlerinde berilýär, eger wagtynda tölemezlik gaýtalansa, bu kärende ýeri möhletinden öň ýatyrmaklyga esas bolýar;

- ýerler kärendä berlen pursatyndan başlap, bir ýylyň  dowamynda peýdalanylmasa, eger şertnama başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa;

- kärendä alnan ýerlerde rugsat edilmedik desgalar gurlanda;

- kärendesine alnan ýerler garaşly kärendä berlende;

- şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Eger şertnama başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa, kärendä beriji kärende şertnamasyny, möhletinden öň, bu barada kärendeçini iň azyndan 3 aý öň ýazmaça görnüşde habarly edenden soň bozup biler.

 

50-nji madda. Ýer kärende şertnamasyny kärendeçiniň haýyşy boýunça möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Kärendeçi ýer kärende şertnamasyny möhletinden öň ýatyrmak barada şu aşakdaky halatlarda haýyş edip biler:

- kärendä beriji şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmese;

- eger kärende şertnamasy başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa, adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almazdan, kärendeçiniň ýeri peýdalanmaga mümkinçiligi bolmasa.

- şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Eger şertnama başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa, kärendeçi kärende şertnamasyny möhletinden öň, haçanda bu barada kärendä berijini hasyl ýygnalmazyndan 3 aýdan gijä goýman ýazmaça görnüşde habarly edenden soň bozup biler.

 

51-nji madda. Garaşly kärende

 

Ýerleriň garaşly kärendä berilmegi gadagan edilýär.

 

511-nji madda. Ýer böleklerine bolan kärende hukugynyň geçmegi

 

Gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlary üçin uzak möhletleýin kärendesine berlen ýer böleklerinde ýerleşen gozgalmaýan emlägiň obýektleri satyn alnanda-satylanda, ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emläge bolan hukuk mirasdüşerlik tertipde geçende, gozgalmaýan emläk bilen beýleki raýat-hukuk geleşikleri amala aşyrylanda ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýer böleklerinde ýerleşen gozgalmaýan emlägiň obýektlerine bolan hukuk geçýän şahsa ýer böleginiň galan kärende möhleti bilen geçýär.

Kodekse 511 maddasy 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 165-nji madda.

 

512-nji madda. Ýerleriň kärendesiniň aýratynlyklary

 

Şu babyň düzgünleri erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna ýer böleklerini kärendesine bermek babatynda «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen aýratynlyklar göz öňünde tutulyp ulanylýar.».

Kodekse 512 maddasy 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 137-nji madda.

 

VIII bap. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny goramak

 

52-nji madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň  hukuklaryny goramak

 

1. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň işine döwlet, hojalyk we beýleki edaralar, guramalar, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary tarapyndan goşulmak gadagan edilýär, Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulan halatlary muňa girmeýär.

2. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň bozulan hukuklary, şu bitewi Kanun we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde, dikeldilmäge degişlidir.

3. Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlen ýer böleklerini döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna almak, olaryň islegi boýunça, deň derejedäki ýer bölegi berlenden we täze ýerde ýaşaýyş jaýlary, önümçilik we beýleki desgalary ýykylyp aýrylýanlarynyň deregine gurlandan soň, geçirilip bilner.

Gurluşyk bilen baglanyşykly çykdajylaryň, şeýle hem beýleki zyýanyň öwezini dolmak ýer bölegi bölünip berilýän  şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň we edara görnüşindäki taraplary şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

53-nji madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň çäklendirilmegi

 

1. Döwletiň, tebigy gurşawy goramagyň, inženerçilik desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň bähbitleri üçin, şeýle hem döwletiň we Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklary, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, çäklendirilip bilner.

2. Döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerinden ugur alyp, ýer böleklerini satyn almak-satmak, çalyşmak, peşgeş bermek we girewe goýmak gadagan edilýär.

3. Ýer bölegine eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärende hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilýänçä senagat, ulag, aragatnaşyk we gaýry maksatly desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge ýol berilmeýär.

 

531-nji madda. Eýeçilikde bolan gurluşyk edilen ýer bölegini peýdalanmak

 

1. Eger-de eýeçilikde bolan gurluşyk edilen bir ýer böleginde birnäçe eýeleriň eýeçiliginde bir we birden köp obýekt ýerleşen ýagdaýynda, bu ýer bölegi umumy eýeçilikde bolup durýar diýlip hasap edilýär.

Umumy eýeçilikde durýan ýer bölegine bu ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy ýer bölegine hukugy bolan taraplaryň her biriniň görkezilen paýy boýunça olaryň hersine aýratynlykda resmileşdirilýär.

2. Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi jemagat hyzmatlarynyň (suw, gaz, lagym, elektrik üpjünçiligi we gaýry hyzmat ediş desgalary we enjamlary), şeýle hem obýektiň eýeleriniň hersiniň bu obýekte özbaşdak girelgesiniň (pyýada ýa-da ulagly geçmek mümkinçiliginiň) bolmagynyň üpjün edilmegine mümkinçilik bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar.

Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi hem-de täze eýesiniň adyna berkidilmegi häkimiň degişli karary esasynda resmileşdirilýär.

Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi esasynda täze emele gelen ýer bölekleriniň hersine aýratyn täze kadastr belgi berilýär hem-de bu ýer böleklerine hukugy kepillendirýän resminamalar aýratynlykda resmileşdirilýär.

Kodekse 531 maddasy 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 165-nji madda.

 

54-nji madda. Ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegi

1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri hususylaşdyrylanda, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylanda, ýere eýeçilik etmek we ýerden peýdalanmak hukugy başga birine berlende we geçende, ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emläk satyn alnanda-satylanda, oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin öň hususy eýeçilige berlen ýer böleginiň esasynda daýhan hojalygy döredilende, ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emläge bolan hukuk mirasdüşerlik tertipde geçende, gozgalmaýan emläk bilen beýleki raýat-hukuk geleşikleri amala aşyrylanda, şeýle hem ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugy mirasdüşerlik tertipde geçende ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar, şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda degişli hukugyň geçýän şahsyna geçýär.

Ýokarda görkezilen esaslar boýunça obýekte ýa-da onuň bölegine eýeçilik hukugy birnäçe eýelerine geçen ýagdaýynda, bu ýer bölegi umumy eýeçilik ýa-da peýdalanmak hukugy bilen geçýär.

Umumy eýeçilikde durýan ýer böleginiň bölünmegi hem-de eýesiniň adyna berkidilmegi häkimiň degişli karary esasynda resmileşdirilýär.

11. Gurluşyk etmek, şol sanda paýly gurluşyk etmek üçin berlen ýer böleginde gurlan obýekti haýsy hem bolsa bir edara görnüşindäki tarap öz hasabyna kabul edýän, hasabynda saklaýan ýa-da onuň hasabyna berilýän bolsa, şol obýektiň ýerleşýän ýer bölegine bolan hukuk bu edara görnüşindäki tarapa hemişelik peýdalanmak hukugy esasynda hojalygy ýörediş hukugy ýa-da dessin dolandyryş hukugy bilen geçýär hem-de bu hukuklar döwlet belligine alynýar.

Eger ýer böleginde gurlan obýekt gozgalmaýan emläk toplumyna girýän bir öýli ýaşaýyş jaýy bolup durýan bolsa, jaýy satyn alan şahsa ýer bölegine bolan hukuk eýeçilik hukugy bilen (şu maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde görkezilen ýagdaýda – umumy eýeçilik hukugy bilen) geçýär we gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýer bölegine bolan eýeçilik hukugy döwlet belligine alynýar.

Eger ýer böleginde gurlan obýekt gozgalmaýan emläk toplumyna girýän köp öýli ýaşaýyş jaýy bolup durýan bolsa, bu jaýdan öý ýa-da durmuş-medeni, administratiw we söwda maksatly obýektler (mundan beýläk – başga obýektler) satyn alnan ýagdaýynda, diňe şol öýe ýa-da başga obýektlere bolan eýeçilik hukugy ýüze çykýar, köp öýli ýaşaýyş jaýynyň ýa-da başga obýektleriň ýerleşýän ýer bölegi bolsa, şol ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylarynyň we başga obýektleriň eýeleriniň umumy peýdalanylmagynda durýar diýlip hasap edilýär hem-de ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylarynyň we başga obýektleriň eýeleriniň şol ýer bölegine bolan hukuklary döwlet belligine alynmaga degişli däldir.

2. Ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegini resmileşdirmek, şeýle hem degişli resminamalary bermek, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň eýeleriniň we ýerden peýdalanyjylaryň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Ýer böleklerine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegi esasynda ýerden peýdalanyjylara namalar gaýtadan resmileşdirilende, öň resmileşdirilen ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalaryň esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýere bolan hukugy belleýän resminamalar täze eýesiniň adyna degişli toparlara hödürlenmezden, häkimiň karary bolmazdan (şu bitewi Kanunyň 531-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir) Döwlet namasy resmileşdirilýär.

(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 165–nji madda; 2020 ý., № 4, ___-nji madda).

 

IX bap. Ýer üçin töleg

 

55-nji madda. Ýer üçin töleg

 

1. Türkmenistanda ýerler tölegli esasda peýdalanylýar. Ýerlerden peýdalanylmagy üçin tölegiň görnüşleri ýer üçin töleg we kärende tölegidir.

2. Ýer üçin töleg Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiliginde, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň peýdalanmagynda durýan ýerler üçin alynýar.

Ýer üçin tölegiň möçberleri, ony hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan  bellenilýär.

3. Kärende tölegi şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendesine berlen ýerler üçin alynýar.

Ýer üçin kärende töleginiň möçberini kesgitlemegiň tertibi, ony tölemegiň şertleri we möhletleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň ýer üçin tölegini we kärende tölegini tölemek boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

56-njy madda. Ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden alynýan serişdeleri peýdalanmak

 

Ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden gelýän serişdeler ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli ýerli býujetlere geçirilýär.

Geçirilýän serişdeleriň möçberleri we olary peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

X bap. Oba hojalyk maksatly ýerler

 

57-nji madda. Oba hojalyk maksatly ýerler we olaryň düzümi

 

1. Oba hojalyk maksatly ýerlere oba hojalyk hajatlary üçin berlen we şu maksatlar üçin göz öňünde tutulan ýerler degişlidir.

2. Oba hojalyk maksatly ýerleriň düzüminde, oba hojalygyny ýöretmek üçin zerur bolan oba hojalyk ýerleri, mellek ýerleri we melioratiw gurluşygy geçirilýän ýerler, tokaýlaryň we içerki hojalyk ýollarynyň, beýleki ulgamlaryň, ýapyk suw howdanlarynyň, melioratiw ulgamynyň, jaýlaryň (gurluşyklaryň), desgalaryň we beýleki ýerleriň tutýan ýerleri, şeýle hem gaýry ýerler tapawutlandyrylýar.

3. Oba hojalygynda peýdalanylýan ýerlere şu aşakdakylar degişlidir:

- sürülýän ýerler - yzygiderli işlenip bejerilýän we oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin peýdalanylýan suwarymly we düme ýerler;

- boz ýerler - öň sürülýän ýerleriň düzüminde bolup, bir ýyldan köp oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin peýdalanylmaýan oba hojalygyna niýetlenen ýerler;

- köp ýyllyk agaçlar - baglaryň, üzümleriň, tutlaryň, nahalhanalaryň, we beýleki agaçlaryň tutýan oba hojalyk ýerleri;

- öri meýdanlary - mal bakmak üçin peýdalanylýan oba hojalyk ýerleri;

- ot ýatyrylýan ýerler - ot ýatyrmak üçin peýdalanylýan oba hojalyk ýerleri.

4. Oba hojalyk maksatly ýerleri oba hojalyk hajatlary däl  ýerleriň beýleki toparlaryna geçirmeklige, şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, aýratyn halatlarda ýol berilýär.

 

58-nji madda. Suwarymly ýerler

 

1. Suwarymly ýerlere, suw serişdeleri bu ýerleriň suwarylmagyny üpjün edýän suwaryş çeşmeleri bilen bagly hemişelik ýa-da wagtlaýyn suwaryş ulgamlary bolan sürülýän ýerler we suwarymly tokaýlary hem-de gorag tokaý zolaklaryny goşmak bilen köp ýyllyk agaçlar üçin peýdalanylýan ýerler degişlidir.

2. Suwarymly ýerler aýratyn goralmaga degişlidir. Bu ýerleri suwarylmaýan ýerlere geçirmek, aýratyn halatlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça geçirilýär.

3. Suwarymly ýerlerden peýdalanyjylar, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde, çeşmeleriň suwlulygyny nazara almak bilen bellenilen çäklere laýyklykda, suwaryş suwy bilen üpjün edilmelidir.

 

59-njy madda. Öri meýdanlary

 

1. Öri meýdanlary şu aşakdakylar boýunça bölünýär:

- ýerleşýän ýeri - çöl, dag etek we dag örüleri;

- peýdalanmagyň häsiýeti - ýylyň dowamynda we möwsümleýin;

- suw çeşmeleri bilen üpjünçilik derejesi-suwlulandyrylan we suwlulandyrylmadyk;

- peýdalanmagyň görnüşi-örülerdäki we suwarymly ekerançylyk zolagynda ýerleşen.

2. Öri meýdanlary döwlet goragyna degişlidir.

 

60-njy madda. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

Oba hojalyk maksatly ýerler şu aşakdakylar üçin berilýär:

-Türkmenistanyň raýatlaryna ‒ şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, gulluk ýer paýy we oba hojalyk önümçiligini alyp barmak, şeýle hem mal bakmak we ot ýatyrmak;

- daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine,  daýhan hojalyklaryna we  Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalygyny alyp barmak;

- ylmy-barlag, okuw, tohumçylyk hojalyklaryna we umumy bilim berýän mekdeplere - barlag, okuw maksatlary, öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek we tohumçylygy ösdürmek hem-de oba hojalygyny alyp barmak;

- Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna - kömekçi oba hojalygyny alyp barmak.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda).

 

61-nji madda. Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk maksatly ýerler şahsy kömekçi hojalygyny we oba hojalyk önümçiligini alyp barmak, şeýle hem mal bakmak we ot ýatyrmak üçin şu bitewi Kanuna laýyklykda berilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda).

 

62-nji madda. Daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

1. Daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk maksatly ýerler oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin peýdalanmaga berilýär.

2. Täze döredilýän daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplarynyň ýerden peýdalanmak hukugyny resmileşdirmek we şol hukugyň bes edilmegi, olary döretmek, üýtgedip gurmak ýa-da ýatyrmak baradaky kararlar bellenilen tertipde kabul edilenden soň, geçirilýär.

3. Oba hojalyk maksatly ýerleri daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga bermek, olaryň hojalyk işi üçin amatly çäklerde geçirilýär.

 Daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplarynyň ýerden peýdalanmagynda pytraňňylyga, pahnalamaklyga we beýleki kemçiliklere umuman ýol berilmeýär.

4. Daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplarynyň ýerden peýdalanmagynda pytraňňylygy, pahnalamaklygy we beýleki kemçilikleri aradan aýyrmak hojalygara ýer gurluşygy tertibinde geçirilýär.

 

63-nji madda. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna kömekçi oba hojalygy alyp barmak üçin oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

1. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna öz işgärlerini, naharhanalary, çagalar edaralaryny, mekdepleri, hassahanalary, garrylar we maýyplar öýlerini, şypahanalary, dynç alyş öýlerini we beýleki durmuş maksatly edaralary oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegi gowulandyrmak, şeýle hem öz hajatlary üçin önümleri öndürmek maksatlary bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde oba hojalygynda peýdalanylmaýan ýerler, käbir halatlarda bolsa oba hojalyk maksatly ýerler kömekçi oba hojalygyny alyp barmak üçin hem berlip bilner.

2. Kömekçi oba hojalygynyň ýerlerini ikilenji peýdalanmaga we beýleki ýerden peýdalanyjylara kärendä bermek gadagandyr.

 

64-nji madda. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

1. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk maksatly ýerler:

- daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden uzak möhletli kärendä;

- ýörite ýer gaznasyndan peýdalanmaga berilýär.

2. Daýhan hojalyklarynyň ýerden peýdalanmak hukugyny we ýere kärende hukugyny resmileşdirmek şu bitewi Kanuna laýyklykda geçirilýär.

3. Daýhan hojalygynyň ýerlerini ikilenji peýdalanmaga we kärendä bermek gadagan edilýär.

 

65-nji madda. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň oba hojalyk maksatly ýerlerinden peýdalanmak

 

1. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň oba hojalyk maksatly ýerleri oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar we uzak möhletli kärendä 10 ýyl we ondan köp möhlet bilen aşakdakylara kärendesine berlip bilner:

- olaryň agzalaryna;

- oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine;

-kärendeçileriň birleşiklerine;

-daýhan hojalyklaryna.

2. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň oba hojalyk maksatly ýerlerini olaryň agzalaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçileriň birleşiklerine we daýhan hojalyklaryna uzak möhletli kärendä bermek şu bitewi Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar. Uzak möhletli kärendä berilýän ýerleriň möçberi, ekin meýdanlarynyň bitewligini saklamagy hasaba alyp, şeýle hem kärendeçileriň ýerlerden bilelikde netijeli peýdalanmaklary üçin 200 gektara çenli möçberde berlip bilner.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39-njy madda).

 

66-njy madda. Öri meýdanlary bermek

 

1. Öri meýdanlary Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem çekenä mal bakmak üçin peýdalanmaga we kärendesine şu aşakdakylary hasaba almak bilen berilýär:

- öri meýdanlaryň ot-iým üpjünçiligini;

- mallaryň baş sanyny;

- öri meýdanlaryň suwlulandyrylyşyny.

2. Öri meýdanlaryndan peýdalanyjylar we kärendeçiler, olary abat saklamak we gowulandyrmak, ýel we suw eroziýasyna, çölleşmeklige garşy göreşmek, suw çeşmelerini gurmak we olaryň durkuny täzelemek, örüleri çalşyp peýdalanmagy berjaý etmek, şeýle hem öri meýdanlarynyň sandan çykarylmagyna ýol bermezlik boýunça çäreleri geçirmäge borçludyrlar.

3. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem çekenä öri meýdanlaryny mal bakmak üçin peýdalanmaga we kärendä bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertipde we şertlerde amala aşyrylýar.

4. Öri meýdanlaryny Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem çekenä peýdalanmaga we kärendä bermekligi resmileşdirmek, olaryň arasynda öri meýdanlaryny gaýtadan bölmek, öri meýdanlarynyň dolanyşygyny girizmek, olary gowulandyrmak, suwlulandyrmak boýunça taslamalary düzmek etraplaryň (şäherleriň) ýer meseleleri baradaky toparlarynyň (etraplaryň arasynda ‒ welaýatlaryň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň) ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşylan teklipleri boýunça degişli häkimleriň kararlary esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär.

Öri meýdanlary daýhan birleşiklerine, beýleki oba hojalyk kärhanalaryna we döwlete dahylly edaralaryna (döwletiň paýy bolan Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna) 25 ýyla çenli möhlet bilen, beýleki döwlete dahylsyz Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna, Türkmenistanyň raýatlaryna we çekenä 10 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga, şeýle hem kärendesine Türkmenistanyň raýatlaryna, edara görnüşindäki taraplaryna we çekenä 10 ýyla çenli möhlet bilen döwletiň ätiýaçlyk ýerlerinden hem-de beýleki ýerden peýdalanyjylaryň peýdalanmaýan ýerlerinden berlip bilner.

 (2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 76-njy madda).

 

67-nji madda. Oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanmak we olary goramak boýunça ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň borçlary

 

Oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanýan ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri şu aşakdakylara borçludyrlar:

- ýerlerden rejeli peýdalanmak we topragyň mesligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga;

- ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanşyklaryny we ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy tilsimaty ornaşdyrmaga;

- sürülýän ýerleriň abat saklanmagyny we giňeldilmegini üpjün etmäge;

- ähli içerki hojalyk suwaryş we şor suw akabalarynyň ulgamyny we ondaky desgalary tehniki taýdan abat ýagdaýda saklamaga;

- topragyň mesliginiň peselmegine, suwarymly ýerleriň şorlaşmagyna we suw basmagyna, olaryň hapa-haşal otlara basdyrylmagyna, ýerleriň we suw çeşmeleriniň hapalanmagyna ýol bermezlige;

- ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige;

- ýerleriň çölleşmegine we öri meýdanlaryň sandan çykmagyna ýol bermezlige;

- şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda ýerlerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we olary goramak boýunça beýleki çäreleri geçirmäge.

 

XI bap. Tokaý gaznasynyň, suw gaznasynyň ýerleri

we döwlet ätiýaçlyk ýerleri

 

68-nji madda. Tokaý gaznasynyň ýerleri

 

1. Tokaý bilen örtülen we tokaý bilen örtülmedik, ýöne tokaý hojalygynyň hajatlary üçin niýetlenen ýerler tokaý gaznasynyň ýerlerine degişlidir.

2. Tokaý hojalygynyň hajatlary üçin ulanylmaýan ýerler oba hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner.

3. Tokaý gaznasynyň ýerlerinden peýdalanmak şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

69-njy madda. Suw gaznasynyň ýerleri

 

1. Suw gaznasynyň ýerlerine, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna bölünip berlen, akýan suwlaryň (derýalaryň, kanallaryň, şor suw akabalarynyň we ş.m.) we suw hanalarynyň (kölleriň, suw howdanlaryň, Hazar deňziniň türkmen bölegi we ş.m.), gidrotehniki we beýleki suw hojalyk desgalarynyň tutýan ýerleri, şeýle hem suw desgalarynyň kenarlarynda zolaklar üçin berlen ýerler degişlidir.

2. Derýalaryň, magistral kanallaryň we şor suw akabalarynyň, suw howdanlarynyň we beýleki suwly ýerleriň kenarýakalary, şeýle hem ilatyň içimlik we durmuş, bejeriş we medeni-sagaldyş hajatlary üçin suw gözbaşlarynyň kenarlary boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde, suw-gorag zolaklary we kenarýaka zolaklary bellenilýär.

3. Suw gaznasynyň ýerlerinden peýdalanmak şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň suw kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

70-nji madda. Suw gorag zolaklary, suw desgalarynyň kenarýaka suw gorag zolaklary

 

1. Akýan suwlaryň arnalaryna we suw hanalaryna ýanaşyk ýerler suw gorag zolagyna degişlidir.

2. Suw gorag zolagynyň düzümine derýalaryň arnasy, sekileri, erňekleri we esasy kenarlaryň uly ýapgytlary, şeýle hem derýalaryň jülgelerine gös-göni birigýän käller we jarlar girýärler. Suw gorag zolagynyň çäginde, akýan suwlaryň we suw hanalarynyň kenary boýunça, hojalyk işleri berk çäklendirilen ýer-suw gorag kenarýaka zolagy bölünýär.

3. Suw gorag we suw gorag kenarýaka zolaklarynyň araçägi, olaryň çägindäki hojalyk işleriniň tertibi we toprak gorag we suw gorag çäreleriniň düzümi suw gorag zolaklarynyň taslamasynda kesgitlenilýär. Suw gorag zolaklarynyň çägindäki ýerler hojalyk peýdalanylyşyndan alynmaýar, ýöne hojalyk işleriniň ýörite çäklendirmeleri bellenilýär.

4. Suw gorag kenarýaka zolaklarynyň araçäkleri, ýerinde, tassyklanan taslama laýyklykda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

71-nji madda. Döwlet ätiýaçlyk ýerleri

 

1. Eeçilige, peýdalanmaga we kärendesine berilmedik ähli ýerler döwlet ätiýaçlyk ýerlerine degişlidir.

2. Döwlet ätiýaçlyk ýerleri, şu bitewi Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine, esasan oba hojalyk maksatlary üçin bermäge niýetlenilýär.

 

XII bap. Ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň

we obalaryň) ýerleri

 

72-nji madda. Ilatly ýerleriň ýerleri

 

1. Ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň) ýerlerine, şäherleri, şäherçeleri we obalary gurmak we ösdürmek üçin peýdalanylýan hem-de niýetlenilen, ýerleriň beýleki toparlaryndan çäk bilen aýrylan, degişli häkimlikleriň we geňeşleriň garamagynda durýan ýerler degişlidir.

2. Şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ýerleriniň çägi, olaryň daşky araçäkleri bolup, olaryň ýerlerini beýleki toparlaryň ýerlerinden bölýärler.

3. Şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň çäklerini bellemek, tassyklanan şäher gurluşyk we ýer gurluşyk resminamalary esasynda geçirilýär.

4. Şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň çägini tassyklamak  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

73-nji madda. Şäherleriň we şäherçeleriň ýerleriniň düzümi

 

Şäherleriň we şäherçeleriň ýerleriniň düzümine:

- şäher we şäherçe gurluşygynyň;

- umumy peýdalanylýan;

- oba hojalygynda peýdalanylýan;

- tokaý agaçlarynyň tutýan;

- şäherleriň we şäherçeleriň çäginde ýerleşýän senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika kärhanalarynyň, goranmak we başga maksatly ýerleri girýär.

 

74-nji madda. Şäher we şäherçe gurluşygynyň ýerleri

 

1. Şäher we şäherçe gurluşygynyň ýerlerine ýaşaýyş jaý, jemagat-durmuş, medeni-aň bilim, senagat, söwda, dolandyryş we beýleki desgalar üçin gurlan we olaryň gurluşygy üçin berlen ähli ýerler degişlidir.

2. Şäher we şäherçe gurluşygynyň ýerleri Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýaşaýyş jaý, medeni-durmuş, senagat we gurluşygyň beýleki görnüşleri üçin peýdalanmaga berilýär.

3. Şäher we şäherçe gurluşygynyň gurluşyk üçin wagtlaýyn peýdalanylmaýan ýerleri söwda nokatlaryny, dükançalary, mahabatlaýyş we beýleki desgalary ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna etraplaryň we şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgütleri esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan kärendä berlip bilner.

4. Gurluşyk üçin ýer bölekleri berlen Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplary, şol ýerlerde diňe ýer bölegini bermek baradaky resminamalarda maksady we häsiýeti görkezilen desgalary gurmaga borçludyrlar.

 

75-nji madda. Şäherleriň we şäherçeleriň umumy peýdalanylýan ýerleri

 

1. Şäherleriň we şäherçeleriň umumy peýdalanylýan ýerlerine şular degişlidir:

- meýdançalar, şaýollar, köçeler, geçelgeler, ýollar, pyýada ýollar, ýolýaka gülhanalar, suwaryş ulgamlary, kenarýaka ýerler we ş.m.;

- ilatyň medeni isleglerini we dynç alşyny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylýan ýerler (seýilgähler, tokaýlyklar,  çaklaňja seýil baglary we ş.m.);

- jemagat-durmuş maksatly ýerler (gonamçylyklar, şeýle hem zyýanly galyndylaryň zyýansyzlandyrylýan ýerleri we ş.m.).

2. Umumy peýdalanylýan ýerler şäher häkimliginiň ýa-da geňeşiň degişli önümçilik bölümlerine berkidilýär we olaryň hasabynda durýar.

3. Şäherlerde we şäherçelerde suw howdanlarynyň kenarýaka we kenar guşaklyklary ilkinji nobatda ilatyň dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin peýdalanylýar.

4. Umumy peýdalanylýan ýerlerde desgalary gurmaklyga diňe olaryň  maksatly niýetlenilişine laýyklykda ýol berilýär.

 

76-njy madda. Şäherleriň we şäherçeleriň oba hojalygynda peýdalanylýan we gaýry ýerleri

 

1. Şäherleriň we şäherçeleriň oba hojalygynda peýdalanylýan ýerlerine sürülýän ýerler, baglar, üzümlikler, tutlar, ir-iýmişli ösümlikler, nahalhanalar, agaçly meýdanlar, öri meýdanlary we ot ýatyrylýan ýerler degişlidir.

Oba hojalygynda peýdalanylýan ýerler daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalygyny alyp barmak üçin peýdalanmaga berlip bilner.

2. Şäherleriň we şäherçeleriň gaýry ýerlerine gumlar, şorluklar, jarlar we gaýry amatsyz ýerler degişlidir.

 

77-nji madda. Şäherlerde we şäherçelerde tokaý agaçlarynyň tutýan ýerleri

 

Şäherlerde we şäherçelerde tokaý agaçlarynyň tutýan ýerlerine ilatyň dynç alşyny guramak, şäheriň we şäherçäniň  mikroklimatyny, atmosfera howasyny we ekologik ýagdaýyny hem-de arassaçylyk-tämizlik şertlerini gowulandyrmak, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak, ýerleri ýel we suw eroziýasyndan goramak üçin niýetlenilen ýerler degişlidir.

Olaryň düzümindäki tokaý agaçlary oturdylmadyk ýer bölekleri sport meýdançalaryny guramak we ilatyň dynç alyş zolagy üçin peýdalanylýar.

 

78-nji madda. Şäherlerde we şäherçelerde senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak  we gaýry pudaklaryň ýerleri

 

1. Şäherlerde we şäherçelerde senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerlerine, degişli işi amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga berlen ýerler degişlidir.

2. Peýdalanmaga berilýän ýer böleginde ýerleşdirmäge degişli desgalaryň sanawy ýer bölegini bölüp bermek üçin berlen haýyşnamalaryň başlangyç maglumatlarynda kesgitlenýär.

3. Peýdalanylýan döwürde goşmaça desgalary ýerleşdirmäge, etraplaryň (şäherleriň) ýer meseleleri baradaky toparlaryň teklipleri esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan rugsat berilýär.

 

79-njy madda. Şäherlerde we şäherçelerde ýer böleklerini bermek

 

Şäherlerde we şäherçelerde Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermek, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini kärendesine bermek şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda geçirilýär.

 

80-nji madda. Şäherleriň we şäherçeleriň ýerlerini peýdalanmak

 

1. Şäherleriň we şäherçeleriň ýerleri şol ilatly ýerleriň baş meýilnamalaryna we olaryň ýerlerini zolaklaşdyrmak taslamalaryna laýyklykda peýdalanylýar.

2. Şäherleriň we şäherçeleriň baş meýilnamalarynda şol ilatly ýerleriň ýerlerini ýaşaýyş jaý, senagat we beýleki gurluşyk, ilatyň dynç alyş ýerlerini ýerleşdirmek we abadanlaşdyrmak üçin peýdalanmagyň esasy ugurlary, şeýle hem olaryň ýerlerini zolaklaşdyrmak taslamalarynda bolsa, gurluşyga degişli bolmadyk ýa-da wagtlaýyn gurulmaýan ýerleri peýdalanmagyň esasy ugurlary we nobatlaýyn ulanylmagy kesgitlenilýär.

3. Şäherleriň we şäherçeleriň baş meýilnamalary we olaryň ýerlerini zolaklaşdyrmak taslamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde tassyklanylýar.

 

81-nji madda. Obalaryň ýerleri

 

1. Obalaryň ýerlerine, çäklerinde ýerleşen ýer gurluşygy tertibinde bellenen, daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň, şeýle hem şäherleriň we şäherçeleriň toparlaryna degişli bolmadyk ilatly ýerleriň ýerleri degişlidir.

2. Obalaryň ýerlerini peýdalanmak şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

82-nji madda. Obalaryň ýerlerinden ýer böleklerini bermek

 

1. Obalaryň çäginde ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermekligi resmileşdirmek şu bitewi Kanuna laýyklykda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Medeni-durmuş hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberleri bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk kadalaryna we taslama-meýillendiriş resminama laýyklykda kesgitlenilýär.

 

83-nji madda. Obalaryň ýerlerinden peýdalanmak

 

Obalaryň ýerleriniň meýilnamalaryna we olary gurmagyň taslamalaryna laýyklykda aşakdakylary ýerleşdirmek üçin peýdalanylýar:

- ýaşaýyş, medeni-durmuş, önümçilik we beýleki desgalary gurmak;

- şahsy kömekçi hojalygyny ýöretmek-mellek ýerler;

- kärende şertlerinde söwda nokatlaryny, dükançalary, mahabatlandyryş we beýleki desgalary wagtlaýyn ýerleşdirmek.

 

XIII bap. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika,

goranmak we gaýry pudaklaryň  ýerleri

 

84-nji madda. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerleri

 

1. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerlerine degişli işi amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga we kärendä berlen ýerler degişlidir.

2. Görkezilen maksatlar üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberleri tassyklanylan kadalara we taslama-tehniki resminama laýyklykda kesgitlenilýär, ýer böleklerini bölüp bermek olaryň özleşdirilişine görä amala aşyrylýar.

3. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerlerinden peýdalanmak olaryň maksatly niýetlenilişine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

85-nji madda. Edaralara, kärhanalara we guramalara senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika goranmak we gaýry pudaklaryň hajatlary üçin ýerleri bermek

 

1. Kärhanalara, edaralara we guramalara peýdalanmaga senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň hajatlary üçin ýerleri bermekligi resmileşdirmek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Döwletiň howpsyzlygyny üpjün etmek, goranmak we döwlet serhedini goramak hajatlary üçin berlen ýerler ýörite maksada eýedir.

3. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň peýdalanmaýan ýerleri Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk we beýleki maksatlar üçin şu bitewi Kanunda kesgitlenilen tertipde we şertlerde wagtlaýyn peýdalanmaga ýa-da kärendä berlip bilner.

4. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna ýerasty baýlyklary işläp çykarmak üçin ýer bölegi dag-magdan bölüp bermek resmileşdirilenden soň, gelejekde işlenilen meýdany peýdalanmaga ýaramly durkuna getirmek  we tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek şerti bilen berilýär.  

 

XIV bap. Tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş

we taryhy - medeni maksatly ýerler

 

86-njy madda. Tebigaty goraýyş maksatly ýerler

 

1. Tebigaty goraýyş maksatly ýerlere, Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna degişli iş üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän döwlet goraghanalarynyň, milli we dendrologik seýilgähleriň, botanika baglarynyň, zakaznikleriň (awçylyk zakazniklerinden başga), tebigy ýadygärlikleriň ýerleri degişlidir.

2. Tebigaty goraýyş maksatly ýerler döwletiň aýratyn eýeçiliginde durýar we aýratyn gorag düzgünlidir.

Görkezilen ýerlerde olaryň maksatly niýetlenilişine garşy gelýän işler gadagandyr.

3. Tebigaty goraýyş maksatly ýerleriň düzgünini üpjün etmek üçin gorag zolaklary bellenilip bilner, olarda bolsa gorag düzgüniniň berjaý edilmegine ýaramaz täsirini ýetirýän işler gadagan edilýär.

4. Tebigaty goraýyş maksatly ýerlerden peýdalanmak we olaryň gorag zolaklaryny bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

87-nji madda. Sagaldyş maksatly ýerler

 

1. Sagaldyş maksatly ýerlere, keselleriň öňüni alyş we olaryň bejeriş çärelerini guramak üçin amatly, tebigy bejeriş häsiýetleri we aýratyn howa şertleri bolan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ýer bölekleri degişlidir:

Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplaryna - peýdalanmaga ýa-da kärendesine;

daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplara- kärendesine.

2. Ilatyň kesellemiginiň öňüni almak we bejermek hem-de dynç almagy üçin, şeýle hem tebigy bejeriş häsiýetlerini goramagyň zerur şertlerini üpjün etmek maksady bilen sagaldyş maksatly ýerlerde sanitariýa gorag zolaklary bellenilýär. Şol zolaklaryň çäklerinde Türkmenistanyň şahsy adamlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna olaryň maksatly niýetlenilişine garşy gelýän iş üçin ýer böleklerini bermek gadagan edilýär.

3. Sagaldyş maksatly ýerleri peýdalanmak we sanitariýa gorag zolaklaryny bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda).

 

88-nji madda. Dynç alyş maksatly ýerler

 

1. Dynç alyş maksatly ýerlere ilatyň köpçülikleýin dynç almagyny, syýahatçylygy we sporty guramak üçin berlen ýerler degişlidir;

Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplaryna - peýdalanmaga ýa-da kärendesine;

daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplara – kärendesine.

2. Dynç alyş maksatly ýerlerden peýdalanmak  Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda).

 

89-njy madda. Taryhy-medeni maksatly ýerler

 

1. Taryhy-medeni maksatly ýerlere, taryhy-medeni goraghanalaryň, memorial seýilgähleriň, guburlaryň, arheologik ýadygärlikleriň, taryhy we medeni ýadygärlikleriň Türkmenistanyň degişli edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga berlen ýerler degişlidir.

Şol ýerlerde olaryň bellenilen maksatly niýetlenilişine garşy gelýän iş gadagan edilýär.

2. Taryhy-medeni maksatly ýerlerden peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

XV bap. Döwlet ýer gurluşygy

 

90-njy madda. Döwlet ýer gurluşygy

 

Döwlet ýer gurluşygy - munuň özi ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga, ýerlerden rejeli peýdalanmaga, olaryň goralmagyna, ýerden peýdalanmagy tertipleşdirmäge, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, amatly ekologik ýagdaýy döretmäge we daşky tebigy gurşawy gowulandyrmaga gönükdirilen, Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça döwlet çäreleriniň jemidir.

 

91-nji madda. Döwlet ýer gurluşygynyň mazmuny

 

1. Döwlet ýer gurluşygy çaklamalaýyn we taslamadan öňki, hojalygara we içerki hojalyk ýer gurluşygyna bölünýär.

2. Çaklamalaýyn we taslamadan öňki ýer gurluşygyny işläp düzmäge we amala aşyrmaga şu aşakdakylary işläp düzmek we amala aşyrmak  girýär:

- ýer serişdelerinden peýdalanmagyň we goramagyň döwlet hem-de sebitleýin maksatnamalary;

- Türkmenistanyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň ýer serişdelerinden peýdalanmagyň we olary goramagyň, eroziýa garşy çäreleriň, gorag agaçlaryny döretmegiň, öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we gowulandyrmagyň ülňüleri;

- welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň ýer gurluşyk ülňüleri;

- etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň ýerlerini zolaklaşdyrmagyň  ülňüleri;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen aýratyn düzgünli ýerleriň meýdanlaryny ýerleşdirmegiň we çäklerini bellemegiň taslamalary.

3. Hojalygara ýer gurluşygyna şu aşakdakylar girýär:

- etraplaryň we welaýatlaryň araçäklerini, obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, we Aşgabat şäheriniň çäklerini bellemek;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň täze ýer bölekleriniň taslamalaryny düzmek we bar bolanlaryny  tertipleşdirmek;

- oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin täze döredilýän, üýtgedilip

guralýan daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk  edara görnüşindäki taraplaryna ýerleri bermegiň taslamalaryny düzmek;

- oba hojalyk däl hajatlar üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna  ýerleri bermegiň taslamalaryny düzmek.

Hojalygara ýer gurluşygy etraplaryň we birnäçe hojalyklaryň çäklerinde şu bitewi Kanun bilen kesgitlenilen tertipde geçirilýär.

Hojalygara ýer gurluşygynyň taslamalary tassyklanylandan soň,  ýer bölekleriniň çäkleri  bellenilen nusgadaky  belgiler bilen bellenilip ýere geçirilýär.

4. Içerki hojalyk ýer gurluşygy oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň, beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň we daýhan hojalyklarynyň ýerleriniň, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň ýerleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşyklaryny girizmek bilen guralmagyny öz içine alýar.

Içerki hojalyk ýer gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylyşyna, ýer gurluşygynyň düzüm bölegi bolan awtorlyk gözegçiligi geçirilýär.

5. Ýer gurluşygy tertibinde ýerlerden peýdalanmak we olary goramak bilen baglanyşykly beýleki taslamalar hem işlenilip bilner.

6. Ýer gurluşyk işleriniň düzüminde topograf-geodezik, kartografik, toprak, geobotaniki, eroziýa garşy we beýleki barlaglary we gözlegleri, şeýle hem ýerleriň tükellemesi, hasaby we ykdysady bahalaryny bellemek boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

92-nji madda. Döwlet ýer gurluşygyny ýöretmegiň tertibi

 

Döwlet ýer gurluşygy şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

- ýer gurluşyk işini gozgamak;

- taýýarlyk we gözleg işleri;

- taslamany düzmek;

- taslama seretmek we tassyklamak;

- taslamany ýere geçirmek;

- ýer gurluşyk resminamalaryny resmileşdirmek we bermek;

- taslamalaryň amala aşyrylyşyna awtorlyk gözegçiligini etmek.

 

93-nji madda. Döwlet ýer gurluşygyny guramak

 

1. Döwlet ýer gurluşygy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

2. Döwlet ýer gurluşygy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

XVI bap. Döwlet ýer kadastry

 

94-nji madda. Döwlet ýer kadastry düşünjesi we onuň niýetlenilişi

 

1. Döwlet ýer kadastry ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de ykdysady taýdan baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýeri we ölçegleri barada, şeýle hem olaryň ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar hem-de ýer kärendeçileri boýunça bölünişi barada resmileşdirilen maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumat ulgamydyr.

2. Döwlet ýer kadastry şulary öz içine alýar:

1) ýer böleklerine bolan hukuklaryň döwlet belligine alnandygy barada maglumatlar toplumyny;

2) ýer bölekleriniň mukdar hem-de hil häsiýetnamalaryny;

3) topraklaryň bonitirowkasy barada maglumatlary;

4) ýerlere ykdysady baha bermegi;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen, ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary.

3. Döwlet ýer kadastry ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna we goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, ýerleriň hasyllylygynyň saklanylmagyna we ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek, ýerler üçin esaslandyrylan tölegi bellemek we ony almak maksady bilen döwlet häkimiýet edaralaryny we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, beýleki ýuridik, şeýle hem fiziki şahslary ýerler hakynda maglumat taýdan üpjün etmek üçin niýetlenen.

4. Döwlet ýer kadastry Türkmenistanyň Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyna girýän beýleki döwlet kadastrlarynyň esasyny düzýär.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 179-njy madda).

 

95-nji madda. Döwlet ýer kadastryny alyp barmak

 

1. Döwlet ýer kadastry babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary Döwlet ýer kadastry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

2. Döwlet ýer kadastryny alyp barmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň Tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 179-njy madda).

 

96-99-njy maddalary güýjüni ýitiren - 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 179-njy madda.

 

ХVII bap. Ýerleri goramak

 

100-nji madda. Ýerleri goramagyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Ýerleri goramak-hukuk, guramaçylyk, ykdysadyýet, tilsimat we beýleki çäreleriň ulgamyny, olaryň maksatlaýyn, rejeli peýdalanylmagyny, oba hojalyk dolanyşygynda peýdalanylýan we aýratyn goralýan ýerleriň çäginden, ýerleriň esassyz alynmagyna ýol berilmezligi, zyýanly zeper ýetirijileriň täsirinden goramaklygy, şeýle hem topragyň mesligini ýokarlandyrmak we giňeltmek, tokaý gaznasynyň ýerleriniň öndürijiligini ösdürmekligi öz içine alýar.

2. Ýerleri goramak, ýer serişdelerine toplumlaýyn çemeleşmek esasynda, olaryň zolaklandyrylyş we sebitara aýratynlyklaryny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

3. Ýerlerden rejeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreler, tebigaty goraýyş, serişde tygşytlaýyş häsiýete eýedir we topragy abat saklamagy, daşky tebigy gurşawa, ösümlik we haýwanat dünýäsine, ýerasty baýlyklaryň we beýlekileriň düzümine ýaramaz täsiri çäklendirmegi göz öňünde tutýar.

 

101-nji madda. Ýerleri goramagyň mazmuny we tertibi

 

Ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri özleriniň hojalyk işinde aşakdakylary üpjün etmelidirler:

-ýerleri rejeli gurnamaklygy;

-topragyň mesligini, şeýle hem ýerleriň beýleki häsiýetlerini ýokarlandyrmagy we dikeltmegi;

-ýerleri ýel we suw eroziýasyndan, çölleşmekden, silden, suwa basdyrmakdan, batga öwürmekden, ikilenji şorlaşmagyndan, guratmakdan, basgylanmakdan, önümçilik we sarp edilen galyndylar, himiki we radioaktiw maddalar bilen hapalanmakdan, şeýle hem beýleki ýaramaz täsirlerden goramagy;

-suwarymly ýerleriň haşal otlar, gyrymsy agaçlar we tokaýjyklar bilen hapalanmagyndan, şeýle hem ýerleriň beýleki medeni-tehniki ýagdaýyny pese düşürýän täsirlerden goramagy;

-eger topragyň mesligini başga usullar bilen dikeltmek mümkin bolmasa, sandan çykan ýerleri gorap saklamagy;

-ýeriň durkuny bozmak bilen baglanyşykly iş geçirilende topragyň mes gatlagyny aýryp, saklap we durky bozulan ýerleriň durkuny täzelemekde peýdalanmagy.

 

102-nji madda. Binalaryň, gurluşyklaryň we desgalaryň ýerleşdirilmegine, taslanylmagyna, gurulmagyna we ulanylmaga berilmegine bolan ekologik  talaplar

 

1. Täze gurulýan we durky täzelenýän binalar, gurluşyklar we desgalar ýerleşdirilende, taslanylanda, gurlanda we ulanylmaga berlende, şeýle hem ýeriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän täze tehnikalar we tilsimatlar ornaşdyrylanda, ýerleri goramak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr, şeýle hem  sanitariýa-gigiýena we beýleki ýörite talaplaryny (kadalar, düzgünler, ölçegler) berjaý etmek  üpjün edilmelidir.

2. Işe girizilýän desgalaryň ýa-da ornaşdyrylýan tilsimatyň ýerleriň ýagdaýyna ýaramaz täsirine baha bermek we ýerleri peýdalanmak we goramak boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň netijeliligine baha bermek ekologiýa netijenamasy esasynda geçirilýär.

3. Ýerleri goramak çäreleri üpjün edilmedik ýa-da bozulan we ekologiýa seljermesinden onuň netijenamasy bolmadyk desgalary, binalary we gurluşyklary ulanmaga bermek, şeýle hem täze tilsimatlary ornaşdyrmak gadagan edilýär.

4. Şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň eýeçiligindäki, peýdalanmagyndaky we kärendesindäki ýer böleklerinde ýerleriň ýagdaýyna täsir edýän desgalary, binalary we gurluşyklary ýerleşdirmek, şeýle hem täze tilsimatlary  ornaşdyrmak ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, tebigaty goraýyş we beýleki edaralar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde we şertlerde amala aşyrylýar.

 

103-nji madda. Ýerleri rejeli peýdalanmagy we goramagy ykdysady taýdan höweslendirmek

 

1. Ýerleri rejeli peýdalanmagy we goramagy ykdysady taýdan höweslendirmek, topragyň mesligini abat saklamakda we üznüksiz artdyrmakda, önümçilik we beýleki işiň ýaramaz täsirlerinden goramakda, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň, ýerleriň kärendeçileriniň gyzyklanmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär we şu aşakdakylardan durýar:

- oba hojalyk taýdan özleşdiriş döwründe ýa-da önümçilik işleriniň taslamasynda göz öňünde tutulan, olaryň ýagdaýyny gowulandyrylýan döwürde, ýer bölekleriniň peýdalanylyşy üçin töleglerden boşatmak;

- ýeňillikli karzlary bermek;

- kesekiniň günäsi bilen bolan bozulmalar sebäpli ýerleriň wagtlaýyn dolanyşykdan çykmagy netijesinde alynmadyk girdejileriň bölekleýin öwezini dolmak;

- ýerleriň hilini gowulandyrandygy, topragyň mesligini we ýerleriň önümliligini ýokarlandyrandygy, ekologik taýdan  arassa önüm öndürendigi üçin höweslendirmek;

- kesekiniň günäsi bilen bozulan ýerleri dikeltmek üçin maksatlaýyn serişdeleri bölüp bermek.

2. Ýerleriň rejeli peýdalanylyşyny we goralyşyny ykdysady taýdan höweslendirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

ХVIII bap. Ýerleriň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligi. Ýerleriň ýagdaýynda bolup  geçýän üýtgeşmelere syn etmek

 

104-nji madda. Ýerleriň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet   gözegçiliginiň esasy  wezipeleri

 

Ýerleriň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiliginiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardyr:

-döwlet häkimiýet edaralarynyň ählisi ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary  tarapyndan Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek;

-ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;

-ýerlerden peýdalanmak we olary goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak, şeýle bozulmalary ýüze çykarmak we olary aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmek;

-ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan tebigy gurşawy goramak babatda, şeýle hem topragyň mesliginiň pese düşmegi we hapalanmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, suw desgalarynyň we beýleki tebigy serişdeleriň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlik babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ölçegleriň we kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 80-nji madda).

 

105-nji madda. Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň esasy ugurlary

 

Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň esasy ugurlary:

-döwletiň aýratyn goragynda durýan, milletiň esasy baýlygy bolan ýerlerden rejeli peýdalanmagy we olaryň goralmagyny üpjün etmek;<