Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde
“Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak,
Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine
hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak
boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine
ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna
hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär.
Mejlisiň deputatlarynyň
kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan
Respublikasynda iş saparynda bolandyklary, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm
birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran
maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň
kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň
sentýabrynda paýtagtymyzda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisini
guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň gün
tertibine laýyklykda, onuň kiçi düzümdäki bölüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň
arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol döwletleriň çäklerinde
halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek
strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň
meýilnamasyny, geňeşiň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly meseläni ara alyp
maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Giňişleýin düzümdäki bölümde Döwletara
standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023 — 2026-njy
ýyllardaky işi hem-de Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly
senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda
hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça
çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary bilen bagly meselelere garamak göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini
guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň desgalarynyň bökdençsiz
işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede
ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda konserniň Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalaryny elektrik
energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek hem-de önümçilik
desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak
üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär, hususan-da, sürüm, tekizlemek, geriş
we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý
ekijileri, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda 2027-nji ýylyň hasyly
üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde
we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli
hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe
maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý
ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden
haýyş etdi.
Häzirki wagtda
welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça degişli
taýýarlyk işleri geçirilýär. Hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta
kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki
oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Wise-premýer welaýatlarda
ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy
möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň,
tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe
maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda pagta
ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan
haýyş etdi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gallaçy we
pagtaçy daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta
ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk
işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda
bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak
pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «bismilla»
bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda elektrik
stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde, elektrik geçiriji
ulgamlarda, beketlerde degişli işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurt
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň
önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmaga, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen
bökdençsiz üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, energetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan Karara gol çekip, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy
mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu sergini ýokary
derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Sergide ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli ugurlarynda
durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmakda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler
öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek
sergide ýurdumyzda alnyp barylýan işleri, gazanylan üstünlikleri giňden beýan
etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň
ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergini guramaga gowy taýýarlyk görmegi we
ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly,
geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň,
maslahatlaryň hem-de wagyz-nesihat çärelerini, yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň, teatrlarda täze sahna
oýunlarynyň ilkinji görkezilişleriniň guralmagy, “Garaşsyzlygyň merjen
däneleri” bäsleşiginiň, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji
tapgyrlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp
bolanlara sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň,
medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Şeýle hem şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül
goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda
Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada
dabaraly ýörişiň, konsertiň, Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at
çapyşyklarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke
atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli
sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek
dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň
açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de
2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň
öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär
okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew
adyndaky 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi
aýdyldy.
Täze okuw ýylynyň ilkinji
okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” diýen şygar bilen geçiriler. Okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň
alyp barýan içeri we daşary syýasaty giňişleýin beýan edilip, Garaşsyz
Watanymyzyň 35 ýylda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller
üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbetler ediler. Diýarymyzyň
1-nji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly
ýagdaýda gowşurylar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap
welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny
geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bilimler baýramynda Ahal welaýatynda 960 orunlyk
orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk
çagalar bagyny, Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdebi dabaraly
ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary
derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz
wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän
mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Wise-premýer hasabatyny
dowam edip, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol
hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça bir aýlyk çäreleri geçirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň esasy maksady
paýtagtymyzda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmakdan, pyýada
ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini
ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda ýol hereketiniň
howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilýändigini, bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň
öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça nobatdaky çäräni
guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz
berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň awgust aýynda zähmet
rugsady döwründe dynç almaga, şeýle hem öňde boljak möhüm çäreleri geçirmäge
taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler
üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza mejlise
gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra wise-premýer,
daşary işler ministri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen
hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny
yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny işjeň ilerletmek,
ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine
mynasyp goşant goşmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň
esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan bilen BMG tarapyndan
bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi aýdyldy. Bu iri
halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi
bilen köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygynyň, Türkmenistanyň sebit we ählumumy meseleleriň
çözgütlerini işläp taýýarlamakda eýeleýän işjeň ornunyň nobatdaky aýdyň beýany
boldy.
Maslahatyň netijeleri
boýunça kabul edilen resminamalar, aýratyn-da, Awaza syýasy Jarnamasy hem-de
2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek onýyllykdaky durnukly ösüşini üpjün
etmek, olaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek, dünýä söwda ulgamyna
has işjeň goşulyşmagyny, sanly-tehnologik ösüşini höweslendirmek, howanyň
üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm halkara binýady emele
getirdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň netijelerini milli derejede
yzygiderli amala aşyrmak hem-de Türkmenistanyň maslahaty kabul eden döwlet
hökmünde onuň netijeleriniň halkara derejede ilerledilmegine goşandyny dowam
etdirmek maksady bilen, “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul
edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar
üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasy taýýarlanyldy.
“Ýol kartasynyň”
taslamasynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreler 6 sany
esasy ugry özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli we
ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz
bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri goldap, wise-premýer,
daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda degişli işler
geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berilýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy demir ýol
ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, ýolagçy we ýük
gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli demir ýol ulagy pudagyny ösdürmek, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny
ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda
ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini
aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň,
ýurdumyzda okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly
ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2-nji
sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet
köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli
umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi hem-de baýramçylyk mynasybetli
ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli
guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.
“Biz geljekde hem bilim
ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan
işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan
peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.