Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň
jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň
Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu
döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul
edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen
dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek
hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we
kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün
etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek,
işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi,
daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara
degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Mejlisde daşary ýurtlaryň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň
7-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary
ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri
bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw
maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-si
amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we
ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini we
şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň
zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady
görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi
içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda
3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime,
söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4
göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm
9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri
gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,3
göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 100,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine
ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk
hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba
milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň
gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi
dowam etmegiň, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny seljerip, bu ugurda
alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly
saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine
ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy
106,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim,
dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 114,7 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy
112 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa
109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň,
toplumyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli önümleri
öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere
nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu
ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň
welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba
hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 113,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
103,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,3 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 125,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 100,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120,3 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime hem-de
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,3 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,2 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda
bugdaý ekişi, şeýle hem pagta ýygymy dowam edýär. Pagta hasylyny gysga wagtda
ýygnap almak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul edilen hasyly gaýtadan
işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk
işlerini, şol sanda pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça işleri berk
gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur
işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan
2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9 göterim berjaý edildi.
Öndürilen önümleriň we
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça
102,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,3
göterim, Energetika ministrligi boýunça 107 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil
ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,1
göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji
127,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasyna 130,9 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça
öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri alyp
barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmak,
energetika pudagyny yzygiderli ösdürmek, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de
durkuny täzelemek işlerini dowam etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň
ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 113,2 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgini üpjün edilip, nah ýüplügiň
önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryňky 100,9 göterime, tikin we trikotaž
önümleriniňki 102,6 göterime, gön önümleriniňki 100,5 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet
birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,6
göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 müň 460 şertnama hasaba
alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy
boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4
göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik
kärhanalaryny netijeli peýdalanmagyň, bazarlaryň hem-de söwda nokatlarynyň azyk
we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň
möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma
kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan
edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni
çäreler we dabaralar geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji
tapgyry, “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary”
atly aýdym-sazly dabara guraldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli türkmen
toýy bilen bagly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Medeniýet, sungat we
döredijilik işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylyp, Türkmenistanyň
Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky
bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Hasabat döwründe Koreýa
Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.
Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we
gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde “Ahalteke bedewi —
gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan
edýän halkara bäsleşik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, ýurdumyzyň
we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň konserti guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny
has-da belende götermek, milli atçylyk mirasymyzy giňden wagyz etmek barada
berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, “Sport” teleýaýlymynda “Bedew” atly täze
gepleşik taýýarlanyp başlandy. Şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş
serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işler
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini
kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur
işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar
— sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ylymly-bilimli
nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy
usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim
bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar.
Bilimler we talyp ýaşlar
güni mynasybetli ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly nyzamlar, ilkinji okuw sapaklary
geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji
synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň
gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar
Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar
toplumlarynyň, şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda täze bilim edaralarynyň
dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini has-da
artdyrdy.
Hasabat döwründe ylmy
barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, täze tehnologiýalaryň
önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň alymlaryna professor,
dosent, uly ylmy işgär alymlyk atlary dakyldy.
2026-njy ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly
lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy. Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy —
ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumy geçirildi.
Şeýle hem bedenterbiýäni,
sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda
ýokary netijeleri görkezip, jemi 554 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş
we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, bilim edaralarynda
ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny
aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy
goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar
— sentýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary
ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady
bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala
aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly,
ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we
duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu
ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa,
Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de
Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz şu
ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana hem-de
Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.
Dünýäniň abraýly halkara
guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy
strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom
energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi
boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen
duşuşyklary geçirildi.
Mundan başga-da, hasabat
döwründe BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Aziýada özara
hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň
başlygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary ýurdumyzda
saparda boldular.
Türkmenistanyň 2026-njy
ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň
mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Hasabat döwründe Daşary
işler ministrliginiň üsti bilen jemi 608 wekiliýet döwletimize sapar bilen
geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlarda 1011 wekiliýet saparda boldy. Şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 355-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary
ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1682 resmi gepleşikler we
duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň halkara
gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň
hatarynda durýar. Ýylyň başyndan bäri 187 halkara resminamalar baglaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary
syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem
amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler
ministriniň Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň,
Hytaýyň, Gazagystanyň, Seýşeller Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň,
Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministrleri we Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Şunuň bilen birlikde,
2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hindistanyň, Marokko Patyşalygynyň,
Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Zimbabweniň, Azerbaýjanyň, Ugandanyň,
Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja
Patyşalygynyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täze Zelandiýanyň, Indoneziýanyň,
Ýaponiýanyň we Bangladeşiň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Şeýle hem hasabat
döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş
bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny
ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary
bilen gepleşikleri geçirildi.
Daşary ýurt döwletleriniň
ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek we olary has-da
kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň
biri bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Çad Respublikasynyň,
Indoneziýanyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentinanyň, Müsür Arap
Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Türkiýäniň,
Fransiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň
we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny
gowşurandyklary bellenildi.
Şol bir wagtda,
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky,
Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri, şeýle hem BMG-niň we Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç
hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli
berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara
çärelere, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk
baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň
we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi
arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 108 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102
göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir
ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini
107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini
115,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş
depgini 121,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu
görkeziji 105 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime
barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde
goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini kämilleşdirmegiň,
ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri
geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere
demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň dokuz aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz jemi
içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda
özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze
şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de
beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda
atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
döwlet toparynyň döredilendigini aýtdy. Ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň
ýolbaşçylygynda bu guramaçylyk döwlet topary behişdi bedewlerimiziň
şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işleri alyp bardy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerini wasp etmek we olaryň
şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi dowam
etmek, bäsleşiklerde tapawutlanan raýatlary ýylyň ahyrynda sylaglamak boýunça
degişli işleri geçirmek barada guramaçylyk döwlet toparyna ýüzlendi.
Pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35
ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi üçin hemmelere
minnetdarlyk bildirdi.
Soňra wise-premýer,
daşary işler ministri şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda geçirilen halkara
çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçen aýda ýurdumyzda möhüm milli we
halkara ähmiýetli iri çäreler geçirildi. Olaryň arasynda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini, Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk baýramyny bellemek bolar.
Şeýle-de «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda atçylyk
we atly sport babatda ýurdumyzda we daşary döwletlerde milli hem-de halkara
derejelerde köp sanly çäreler guraldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň
döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy uly
ruhubelentlige beslendi. Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapyşygy
dabaranyň naýbaşy wakasy boldy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň ýokary derejede ussatlygyny görkezmegi aýratyn ähmiýete eýe
boldy.
Wise-premýer, daşary
işler ministri hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sentýabr
aýynda möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen
şertler we berlen goldawlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.