Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda
alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da
kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi.
Ol, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen
sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi
hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle
hem Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur çäreler
görüldi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça
geçirilýän işler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli
geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyza laýyklykda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine
häzirki wagtda dowam edýän, raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan
boşatmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow
şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri hem-de
prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň berjaý edilmegine prokuror
gözegçiligini amala aşyrmak işlerini dowam etmegiň, şeýle hem döwlet we
jemgyýetçilik bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny hemişe üns
merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi we bu babatda Baş prokurora birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Soňra içeri işler
ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan
jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk
bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem sentýabr
aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen
geçirilen biraýlygyň jemleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, hukuk
bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
möhümdigini belledi hem-de ministre ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn
howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini
kämilleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň
işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny
goramak, şeýle hem kazyýet ulgamyny ösdürmek, işgärleriň hünär bilimini
artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny
belledi we şunuň bilen baglylykda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri D.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini
goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen
maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan
işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu
babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes
serhetlerini goramak, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň gulluk
şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görlen
çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň
dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna serhet
goşunlaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda mukaddes serhetlerimiziň
goraglylygyny yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra adalat ministri
M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi
ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
maksady bilen alnyp barlan işler, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak we ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny halkara
kadalara laýyklykda kämilleşdirmek işini dowam etmegiň möhümdigini belledi
hem-de ýurdumyzda kabul edilýän hukuk namalarynyň kanunçylyga laýyk gelmegine
yzygiderli gözegçilik etmegi ministre tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp
barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler we degişli ösüş maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük
düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy
tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gullugyň
ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň
netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak hem-de düzümi
ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala
aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem gullugyň
ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik
däplerinden ugur alyp, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek baradaky resminama gol çekendigi üçin
ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak we raýatlara ýokary
hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
zerurdygyny belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri
berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna
ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan
goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we
bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.