Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz
aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün
tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň
işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler
girizildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň
başyndan bäri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barlan işler,
şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli
geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, şol sanda harby hünärmenleriň bilimini we tejribesini
ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini
gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi
we şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow
şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ministrliklerde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň talabalaýyk
berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, şeýle hem prokuratura edaralarynda
sanly ulgamy ornaşdyrmak we degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunlaryň hem-de hukuk namalarynyň
ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we Baş
prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Prokurorlary
wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.
Soňra içeri işler
ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler,
şol sanda düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý
edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem ministrligiň edaralaryna sanly
tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler
barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri
ýurdumyz boýunça sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň
rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada-da aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün
etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri
yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de sentýabr aýynda «Ýol
hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk çäräni
guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew hasabat döwründe bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda
kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, kazyýet
ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmak, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barlan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet hem-de jemgyýetçilik
bähbitlerini goramak, kanunylygy we hukuk tertibini, raýatlaryň hukuklaryny
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam
etmegiň, kazylaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini
belledi hem-de bu babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri D.Meredow şu ýylyň başyndan bäri döwletimiziň milli bähbitlerini
goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, şeýle hem düzümiň işine döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň asudalygyny üpjün etmäge
gönükdirilen işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini
belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ministre birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ata Watanymyzyň mukaddes
serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini
we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem düzümiň işine sanly
ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup
durýandygyny belledi hem-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda gullugyň
ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri
M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp
barlan işler, şol sanda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli
kanunçylygy kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de
düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy-hukuk
namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagyň, kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat
işlerini geçirip, raýatlara berilýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli
ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda birnäçe görkezmeleri
berdi.
Soňra Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, hususan-da, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň
netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň
berjaý edilişine gözegçilik etmek işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol
sanda düzümiň işini kämilleşdirmek, şeýle hem gullugyň işine sanly ulgamy we
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Gullugyň ýolbaşçysy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça
müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten
etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda-da
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa
gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary
welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk
ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna
ýurdumyzda migrasiýa hyzmatlaryny sanly ulgam esasynda döwrebaplaşdyrmak,
düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini üns merkezinde
saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl
ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny, bu şanly baýramyň uly dabaralar
bilen bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de bu baýrama gowy taýýarlyk görmegiň
möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle-de
Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini
aýtdy hem-de alnyp barylýan bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini
belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara berk jan saglygyny we halkymyzyň
parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.