Şu gün mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk
dabaralary Watanymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz bu möhüm
senäni döretmek, gurmak, öňegidişlik we gülläp ösüş ýolunda gazanan ägirt uly
üstünlikleri, uly baýramçylyk ruhy bilen garşylaýar.
Eziz Watanymyzyň
Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 35
ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban
halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi
netijesinde, syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly
ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy
bolan, çalt depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda möhüm
jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň
ýokary derejede geçirilmegi we onda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul
edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza bolan buýsanjy, söýgini
artdyryp, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrdy.
Döwlet berkararlygynyň
geçen 35 ýylynda ýetilen sepgitler behişdi bedewleriň batly gadamlaryna
deňelýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän şu
ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» diýlip atlandyrylmagy möhüm waka boldy. Bu günki gün milli buýsanjymyz
we gymmatlygymyz bolan türkmen bedewleriniň at-owazasy dünýäde dabaralanýar.
Asylly däbe görä,
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli esasy
dabaralar Döwlet münberiniň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly harby ýörişiň
dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň,
mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran
türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
Baýramçylyk görnüşinde
bezelen Döwlet münberi köp sanly myhmanlary garşylady. Şolaryň hatarynda
Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we
welaýatlaryň häkimleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli ýurdumyza gelen daşary
ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar.
Döwlet münberiniň
öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň harby
gullukçylary nyzama düzüldi.
Dаbаrаly hаrby ýörişiň
sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň
gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty
kabul edýär.
Sagat 10:00. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilýän dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär.
Bellenen ýerde
Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň
şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişe taýýardygy barada hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty kabul edip, ýörite awtoulagda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna
bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlarynyň öňünden
geçýär. Şahsy düzüm hormatly Prezidentimizi «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýen
sözler bilen dabaraly garşylaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň
awtoulagy dabara meýdançasynyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow dabaraly harby ýörişe
gatnaşyjylara ýüzlenýär:
— Salam, hormatly
esgerler we serkerdeler!
— Salam, Belent
Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler jogap
berýärler.
Soňra hormatly
Prezidentimiz dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylary mübärekledi:
— Hormatly Watan
goragçylary, sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy
mynasybetli gutlaýaryn!
Şol pursat dabaraly harby
ýörişe gatnaşyjylaryň ählisi bir wagtda «Ura!» diýip seslenýär.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Döwlet münberiniň syn ediş ýerine barýar.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby
özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri
yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar,
ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze tehnikalara ussatlyk
bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini
görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp
jogap berýärler.
Soňra Türkmenistanyň
Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende
galdyrylýar.
Meýdançada nyzama düzülen
serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly
Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň
harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen
şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine
wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.
Däp boýunça baýramçylyk
ýörişini baýdakçylar topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun
görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden batly gadamlar bilen
geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly
gadam urup geçýärler.
Ýurdumyzyň ýaş harby
gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe belentden
tutulýan, häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän
gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň
nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly baýrama beslenýän
altyn güýzüniň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag
şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw
ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynda beren gymmatly
maslahatlary, öwüt-ündewleri ähli ýaş nesil üçin Watany söýmegiň terbiýe
mekdebidir.
Zenan harby gullukçylar
şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Dabaraly harby
ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.
Olary göreniňde, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly
ellerde saklanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Olaryň yzysüre
ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri
işler edaralarynyň serkerdeler düzümi geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk
ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.
Meýdançadan Döwlet serhet
gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň dostluk we
doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny, rowaçlygyny we
abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deýin
goraýarlar. Döwlet gümrük we migrasiýa gulluklarynyň serkerdeler batalýonlary
meýdançadan batly gadamlar bilen geçýärler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda
ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki
zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan
serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we
Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge
gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan
nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Raýat goranyşy we halas ediş
harby talyplar batalýony dabaraly ýörişi dowam edýär.
Içeri işler
ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň
talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw
mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki
döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Motoatyjylar batalýonynyň
esgerleri-de söweşjeň taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek
bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly
goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen baýramçylyk meýdançasynda Harby-howa
güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda
asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar we artilleriýa
batalýonlary geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly harby tehnikalaryny
dolandyrmaga ussatlarça erk edip, berkarar Watanymyzyň goragynyň mizemez
galkany bolup durýarlar.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk
baýramyna bagyşlanyp guralýan dabaraly harby ýörişde aragatnaşykçy harby
gullukçylar ilkinji gezek buýsançly gadamlar bilen geçýärler. Deňiz-pyýada we
Dag atyjylar batalýonlary hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar
harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar
toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem Diýarymyzda giňden bellenilen
Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp harby we hukuk goraýjy edaralara degişli
birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Şeýle işler harby gullukçylaryň
ýaşaýyş-durmuş zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berip,
olary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.
Meýdança Goranmak
ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň,
Döwlet serhet gullugynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen
edermen» diýlip at berlen ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar.
Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we
beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan
ybaratdyr.
Ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli 35
atlydan ybarat atçylyk toparynyň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine
öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly
ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadymy döwürlerde
bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler, türkmen alabaýlary ýaly, Watan
goragçylarynyň ygtybarly kömekçileridir. Harby we hukuk goraýjy edaralar
tarapyndan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk üçin atlary
taýýarlamak, sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns
berilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby
tehnikalarynyň gözden geçirilişi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň goranyş
ukybynyň ýokary derejesini we taýýarlygyny görkezýär. Döwlet münberiniň
meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda
Hazar deňzinde geçirilýän harby deňiz flotunyň baýramçylyk ýüzüşini synladylar.
Harby-deňiz güýçlerine
gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet
söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň
üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge
ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi
dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Soňra gezek Milli
goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan
dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar. Dabaraly harby
ýörişiň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň
ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda Watan goragçylary öz
wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.
Dabaraly harby ýörişi
«Land Rover» kysymly harby maksatly şahsy düzüm üçin niýetlenen awtoulaglary,
şeýle hem bu harby awtoulagyň binýadyndaky «Rohde Şwars» kysymly aragatnaşyk
toplumy, «Al SHIBL2», «Al ASIFA2», «NIMR» kysymly häzirki zamanyň döwrebap
sowutlanan awtoulaglary dowam edýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby
ýörişden «KIA KLTV-181» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar we Ýaragly
Güýçlerimize täze kabul edilen «DJI MATRIX 30T» kysymly uçarmansyz uçýan
enjamlar geçirilýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriniň «BTR-80A»
kysymly bronetank tehnikalary, şeýle hem «INKAS TITAN» we «KIRPI» kysymly
sowutlanan harby awtoulaglar ýöriş meýdançasyndan geçýärler. Bu awtoulaglar
pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýär.
Ikinji mehanizirlenen
kerweniň öňüni «TAÝFUN» kysymly, köp maksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär.
Kuwwatly bronetank tehnikalary bolan «T-72M» we «T-90S» kysymly söweşjeň
tanklar ýörite awtoulaglarda ýörişi dowam edýärler. Döwlet münberiniň
meýdançasyndan häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň tehnikalary bolan «BMP-2D»,
«BMP-3» kysymly pyýada goşunyň sowutlanan tehnikalary, «KOBRA» kysymly
sowutlanan tehnikalar, şeýle hem guryýer goşunynyň «ZSU-23-4 ŞILKA» asmana
atyjy toplumy we «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary
«MAN» kysymly agyr ýük çekiji awtoulaglaryň üstünde geçýärler. «BM 21A BELGRAD»
kysymly reaktiw ulgamy hem-de «SMERÇ» kysymly reaktiw ulgamy ýörişiň hatarlary bilen
barýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň
netijesinde, Inžener goşunlarynyň düzümi hem täze tehnikalaryň hasabyna
kämilleşdirilýär. «SHAHMAN» awtoulagyň binýadyndaky «HZ-100» derýa halkaly
panton köprüsi we «HZ-100» kenarýaka halkaly panton köprüsi hem şolaryň
hataryndadyr.
Meýdança üçünji kerweniň
tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan harby
awtoulag çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly
ýörişde «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly awtoulagda «Bayraktar TB2» kysymly
söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, şeýle hem Ýaragly Güýçlerimize täze kabul
edilen «MAN» kysymly awtoulaglarda «SKY SAKER FX-80», «SKY STRIKER»,
«ORBITER-2B» we «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar geçýärler.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň goranyş kuwwaty dünýäniň öňdebaryjy harby tehnikalarynyň hasabyna
yzygiderli artdyrylýar. Dabara meýdançasyndan Ýaragly Güýçlerimize täze kabul
edilen «MAN» kysymly awtoulagda «POINT BLANK» hem-de «ThunderB-VTOL» kysymly
uçarmansyz uçýan enjamlar harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan, ýurdumyzyň
Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulagda «KATANA PLUS»
kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti gaýygyň göçme dolandyryş nokady,
«KATANA» kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti katerler geçýärler.
Döwlet münberiniň öňünden
«ÝLS-18A» radiolokasiýa toplumy, «DWL-002» radioelektron ýagdaýa gözegçilik
toplumy, Döwlet migrasiýa gullugyna degişli ýörite awtoulag hem-de halas ediş
we himiýa goşunlarynyň topary enjamlary bilen geçýärler.
Soňra dabaraly harby
ýörişde «FM-90», «KS-1A» we «FD-2000» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa
toplumlary görkezilýär. Olaryň yzy bilen Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen
«KDP-2000» uniwersal ulag platformasynyň binýadynda «FK-2000» kysymly asmana
atyjy raketa-artilleriýa toplumlary dabaraly harby ýörişden geçýärler.
Dabaraly harby ýörişde
dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet
gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Meýdançadan Döwlet serhet
gullugynyň «KIA KLTV 141» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary hem-de
«MOTOWEZDEHOD» kysymly häzirki zaman kwadrasikller geçýär.
Münberiň öňünden üstünde
merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan
«Toyota Hilux» awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141», «KIA
KLTV», «COBRA», «PMW SURVIVOR II» kysymly, köp maksatly, sowutlanan söweşjeň
awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini
goramakda netijeli ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň
«KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary, «Mantra» kysymly awtoulagynda
120 mm kalibrli minomýotlary geçýär. Ýörişi «IVECO» awtoulaglary dowam edýär.
Olaryň binýadynda «ZU-23» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat»
raketa uçurma ulgamy, «Orbiter 2B» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar
ýerleşdirilendir. Soňra Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary «HONDA»
kysymly motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «35»
ýazgyny emele getirip geçýärler.
Dabaraly harby ýörişiň
bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk
ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly söweşjeň awtoulag çekýär.
Kerweni «STORM-RIDER», «LAZAR III» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň
awtoulaglar dowam edýär.
Altynjy mehanizirlenen
kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ýöriteleşdirilen
tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan
söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MAN» kysymly awtoulagda «СW-15D» kysymly
uçarmansyz uçýan enjamlar we «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglar geçýär. Soňra
meýdançada Içeri işler ministrliginiň «FORD ATLAS 150», «TOYOTA TUNDRA», «GMS
Sierra», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan söweşjeň
awtoulaglary peýda bolýar. Bu döwrebap awtoulaglar ýurdumyzyň asudalygynyň
hem-de abadançylygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde
aýratyn ähmiýete eýedir.
Dabaraly ýörişde içeri
işler edaralarynyň işgärleri «YAMAHA» kysymly ýöriteleşdirilen motoulaglarda
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini dabaralandyrýan «35» san belgisini
emele getirip, harby ýörişe özboluşly bezeg berýärler. «MERCEDES-BENZ» kysymly
ýöriteleşdirilen awtoulaglar we «TOYOTA FORTUNER» kysymly awtoulaglar Döwlet
münberiniň öňünden geçýärler.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby
ýöriş Watanymyzyň asuda howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi
«Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini
howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir.
Olaryň yzy bilen, «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman giňişliginde peýda
bolýar. Olary ýokary uçuş ussatlygyny göwnejaý ele alan türkmen uçarmanlary
dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň dikuçarlary Watanymyzyň
howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun
eýeleýärler.
Içeri işler
ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň
«Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam
edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen
tapawutlanýar. Soňra asmanda Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-139» kysymly
häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.
Baýramçylyk harby gözden
geçirilişine «С-27J SPARTAN» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary hem-de
«A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Olaryň yzy bilen
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25» kysymly
söweşjeň uçarlary geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary
ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler.
Şu gün görkezilen kämil
harby howa tehnikalarynyň hatarynda «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Bu
kysymdaky uçarda ilkinji synag uçuşyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz amala aşyrypdy. Munuň özi harby uçarmanlar üçin gaýduwsyzlygyň
nusgalyk mekdebidir. Söweşjeň uçarlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35
ýyllygy mynasybetli asuda asmanymyzda ajaýyp öwüşginleri emele getirýärler.
Dabaraly harby ýörişde
görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns
berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Soňra Döwlet münberiniň
öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat
garawuly polkunyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda geçirilýän dabaraly
harby ýörişde bu polkuň harby gullukçylary ýokary nyzam emelleri bilen ajaýyp
şekilleri döredip, dabara aýratyn öwüşgin çaýýarlar. Olar şu ýyl hem
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna baýramçylyk sowgady bilen
geldiler. Meýdançada türkmen halkynyň milli buýsanjyna — ahalteke atlaryna
söýgüsini şöhlelendirýän, Arkadag şäherine bezeg berýän «Taýçanak» binasynyň
şekili emele getirilýär. Olar şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nyşanyny — behişdi bedewiň keşbini
ussatlyk bilen şekillendirýärler. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş
sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby
orkestri peýda bolýar. Onuň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli
goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy
mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan bu orkestriň joşgunly çykyşy harby
ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym
dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.
Soňra Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabara dowam
etdi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara döwrebap
telekommunikasiýa we ýaýlyma beriş serişdeleri, aragatnaşyk ulgamlary arkaly
göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna
guralan baýramçylyk çäresine watandaşlarymyzyň hem-de dünýä döwletleriniň
ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegine mümkinçilik döretdi.
Bu ýerde milli lybasdaky
iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy. Ussat zergärleriň
zehininden dörän şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň
gözelligine gözellik goşýar. Watan atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew
Hankerwen we Şaperi diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gaplaňyň
ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy
mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany
hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň gülläp ösüşiň täze
belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik zehininiň,
milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň nyşanydyr. Ajaýyp ahalteke bedewi meýdançada
buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly
duýgulary döretdi.
Soňra baýramçylyk
meýdançasynda diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe
bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörişi başlandy. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen topara şu ýylyň başynda Monako
Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda sirk
sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa
Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň
rowaçlyklarynyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. «Galkynyş» milli at üstündäki
oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda, Türkiýede, Niderlandlar Patyşalygynda
ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä
çempionatynyň çäklerinde çykyş edip, at üstünde ussatlarça ýerine ýetiren
tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary ýene bir ýola haýran
galdyrdy. Ýeri gelende bellesek, Ýewropada ahalteke atlarynyň arasynda
geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
topary «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly baýrak bilen sylaglanyldy.
Soňra Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplary ahalteke bedewleri
bilen «35» ýazgyny emele getirip geçýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk
pudagy ylym, bilim, innowasiýa we milli däp-dessurlary özünde birleşdirip,
dünýä derejesinde täze ösüşlere beslenýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we
daşary döwletlerde birnäçe iri çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy we tagallalary bilen ýakynda
Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň
arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty dünýä
atşynaslygynyň hem-de atly sportunyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Onuň giň
gerimli çäreleri dünýäniň dürli yklymlaryndan köp sanly wekilleri we ahalteke
atlaryny bir ýere jemledi. Behişdi bedewleriň mekany bolan ata Watanymyzdan
naýbaşy bedewler çempionatyň abraýly baýraklarynyň birnäçesine eýe boldular. Bu
çäre ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer dialogy berkitmekde hem
ähmiýetli boldy.
Soňra Döwlet münberiniň
öňünde teatrlaşdyrylan sahnalar ýaýbaňlandyryldy. Olarda şöhratly türkmen
şahsyýetleriniň, şol sanda nesilbaşymyz Oguz hanyň we beýleki meşhur
şahsyýetleriň keşpleri janlandyryldy. Bu görnüşler ýurdumyzyň meşhur estrada
aýdymçylarynyň Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzat ähmiýetli beýik işlerini wasp
edýän aýdymlary bilen utgaşyp, bu günki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Baýramçylyk ýörişini
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri dowam edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag
platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna,
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň
kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň
Halk Maslahatyna, Mejlisine we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun
degişlidir.
Garaşsyzlyk baýramynyň
öňüsyrasynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we döwlet
Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzy
mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny
artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini dowam etmek maksady
bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda möhüm waka boldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlary
bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy,
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň
milli meýilnamasy» tassyklanyldy. Ählihalk forumy täze taryhy döwürde
halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň
nobatdaky aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen birlikde,
ýurdumyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet
üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylag-hormatdan
peýdalanýan ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
Soňra kanun esasynda
döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag
şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy
meýdança çykdy. Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň
gowy däpleri dizaýnyň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu täsin
şäher dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki tejribesiniň innowasion
hem-de öňdebaryjy gazananlaryny, adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertleri
özünde jemleýär. Şäheriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigi köp sanly
halkara güwänamalardyr baýraklar bilen tassyklanyldy. Döwrebap şäherde atçylyk
pudagynyň ylym, bilim, önümçilik we sport desgalary döredilip, olar iň häzirki
zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
hem-de çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalaryň abadan ýaşaýşynyň
bähbidine durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri dünýä nusgalykdyr. Häzirki wagtda
ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly
depginde alnyp barylýar.
Soňra Aşgabat şäher
häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag
platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
şähergurluşyk syýasatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi
netijesinde, ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde
dünýädäki at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri
öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli
maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda,
paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi
dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem
girizildi.
Soňra dabaraly ýöriş
ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň
geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy-binagärlik
ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap,
Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri
görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda milli
däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär. Döwlet maksatnamalarynyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda, sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady
infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň
halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba
milli maksatnamasynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany
2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli
sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler
halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň
aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimizi
hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan
ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana
uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.
Döwlet münberiniň
öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet
komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler
geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we
halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar.
Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň esasynda häzirki wagtda milli sport
ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar. Türkmenistanda sport bilen
meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň, beýleki
hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen
türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we
baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda yklym we dünýä möçberli iri
ýaryşlar, çempionatlar yzygiderli geçirilýär.
Soňra Döwlet münberiniň
öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu
ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler. Täze taryhy döwürde durmuşa
geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň derejesine
çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň,
döredijilik mümkinçilikleriniň möhüm binýadydygyny nygtamak gerek. Watanyň daýanjyna
deňelýän ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga, olaryň jemgyýetçilik, syýasy we
döwlet işine, halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge hem möhüm
ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet
syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda
Karara gol çekmegi bu ugurda anyk wezipeleri kesgitledi.
Her täze okuw ýylyny
täze, döwrebap bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralary bilen
utgaşdyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen
paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de
Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi.
Baýramçylyk ýörişini
saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Halkyň sagdyn, bagtyýar
durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar.
Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we
raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli
bolmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip
taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş
ulgamyny kämilleşdirmek we oňa degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak, ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna
gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda
bu ulgama degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze tehnologiýalar
bilen üpjün edilen döwrebap desgalar gurulýar. Arkadag şäherinde iri
lukmançylyk klasteriniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň derman we
lukmançylyk enjamlary senagatynyň önümçilik kuwwaty has-da artar. Şanly ýylda
hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň saglygyny berkitmäge
gönükdirilen möhüm strategiýalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda saglygy goraýyş
ulgamyna degişli ýene birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini
nygtady. Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar
toplumynyň meýilleşdirilýän açylyş dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly
35 ýyllyk toýunyň yzysüre belleniljek Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň gününe aýratyn öwüşgin çaýar.
Soňra baýramçylyk
meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil
ýollary ministrliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda geçýärler. Gurmak we
döretmek häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa
geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Muňa ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, şäherleriň we obalaryň keşbi tanalmaz
derejede özgerdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän awtomobil ýollarynyň gurluşyk
taslamalary Watanymyzyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde
ornuny barha berkidýär. Şolaryň hatarynda şu ýylyň aprel aýynda döwlet
Baştutanymyzyň gatnaşmagynda umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyry bolan Mary —
Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berlendigini bellemek möhümdir.
Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň platformasynda-da
ýetilen sepgitler görkezilýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda
senagaty ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan,
eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion tehnologiýalar
bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga, hereket edýän
önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy
senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde senagat
infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Watanymyzyň
şanly baýrama barýan günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 —
2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzy
toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça geljekde hem giň gerimli işleriň durmuşa
geçiriljekdiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Himiýa senagatynda täze
önümçilikleri döretmek babatda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki
wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral
dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyklary alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar
toplumynyň açylmagy şanly ýylda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işgärleri üçin
ajaýyp sowgat bolar.
Täze taryhy döwürde
elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, içerki sarp
edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, elektrik
energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik
berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça işler-de dowam
etdirilýär. Pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler meýdançadan geçen
Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda öz beýanyny tapdy.
Meýdança Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat
edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp barýan işi
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini dünýä
bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen
ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda
«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda uly isleg
bildirilýär.
Kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import
edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk
bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.
Soňra dokma we halyçylyk
pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi. Döwletimiz tarapyndan pudagyň
maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar bolan kärhanalar
döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önümleri öndürýän täze
kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we «Türkmenhaly» döwlet
birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp
edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär.
Soňra meýdançadan maliýe
we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi. Şu ýyl
berkarar döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy,
medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň
gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi. Watanymyzyň ykdysadyýeti
durnukly ösýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda
bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank
işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron
töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar.
Häzirki döwürde
ulag-kommunikasiýa toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, ýükleriň
daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler
alnyp barylýar. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil
ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary
döwlet gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen,
öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, kuwwatly
tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we
ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly
ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi
möhüm taryhy waka boldy. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli
edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.
Soňra Döwlet münberiniň
öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň
işgärleri we awtoulag platformalary geçýär. Türkmenistan energiýa
serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, ýangyç-energetika toplumyny
diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp alýan,
gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň dürli
görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa
serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany
kemala getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Dünýäde iri uglewodorod ýataklarynyň
biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu
gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna, ýagny ýylda harytlyk gazyň 10
milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga
berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
gurluşygy ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatynyň ösüş arkaly sebitde
abadançylygy we dost-doganlygy berkitmäge hem hyzmat edýändigini görkezýär.
Oba hojalyk we azyk
senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk äheňinde bezelen
awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny
pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän
möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn
alynýar. Döredilýän amatly şertlerden ruhlanyp zähmet çekýän merdana
daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk
önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýyl oba
hojalyk işgärleri Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla
hasylyny tabşyryp, bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet borçnamasyny üstünlikli
ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, suw hojalygy, maldarçylyk
we guşçulyk senagaty, atçylyk pudaklary hem okgunly ösdürilýär. Ýer-suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak,
täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa
geçirilýär.
Dabara medeniýet
ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny,
medeni mirasyny aýawly saklamakda, ony mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýä
ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Ruhy baýlyk bolan milli
medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny doly derejede
açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly
Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary bilen medeniýet, sungat,
döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakylyp, olar döwlet sylaglary bilen
sylaglanylýar.
Halkymyzyň milli
gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik
tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň hem-de senetçiliginiň
birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Diýarymyzyň bäş
welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk
artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp
jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny,
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp
etdiler.
Ýurdumyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş
tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet
sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň barşynda
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň degişli
Permanyny okady.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany
gowşurdy.
Döwlet sylaglaryna
mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy
üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň
parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes
çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk
berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.
Soňra bu ýere ýygnananlar
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şany senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyzyň
we Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdiler.
Bellenilişi ýaly,
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar
durmuşynyň üpjün edilmeginde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda
ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan ösüşler
munuň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz
gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli
dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegi, harby gullukçylaryň
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen
sylaglanylmagy, şeýle-de hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk
baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
edip, bu ýerden ugrady.
Paýtagtymyzda badalga
alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.
Watanymyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaralar gijagşama çenli dowam
etdi. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen baýramçylyk kabul
edişligine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň
ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Watanymyzyň
baş baýramynyň hormatyna dabaralar «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki
meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly
tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz
ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly senesiniň –
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasyny has-da artdyryp, Aşgabadyň gijeki
asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.