Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz
mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we
eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini
geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli
geçirip durýarys” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky
toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş
kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini
geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, asylly däbimize eýermek bilen, iş kesilen 1054 raýatyň
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol
çekýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk
goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň
ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala
agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden
hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk
etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik,
ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky
mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli
däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen
geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka
boldy.
Maslahatda milli
demokratiýamyz giňden dabaralandyrylyp, halkymyz hem-de Watanymyz üçin bähbitli
möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we taryhy ähmiýetli çözgütler,
kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
çuňňur many-mazmuna, egsilmez pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlary Diýarymyzy
mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen strategik häsiýetli
binýatlyk taglymat bolup, maslahata gatnaşyjylar hem-de ähli halkymyz
tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň
Halk Maslahatynyň mejlisinde ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap
saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny
has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň
döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň
kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ahalteke bedewlerini gorap saklamakda
hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli parlamentiň
ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk
baýramy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada beren
tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň dabaraly
ýagdaýda gowşurylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan
wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy we bu ugurda alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Bu şanly sene döredijiligiň,
rowaçlygyň we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň taryhynda
täze sahypany açyp, bagtyýar halkymyzy täze belentliklere hem-de ösüşlere
ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde şanly sene mynasybetli sergiler
ýaýbaňlandyrylýar, kitaphanalarda we beýleki medeniýet ojaklarynda dürli
çäreler geçirilip, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde filmleriň
görkezilişleri guralýar. Teatrlarda mähriban halkymyzyň beýik gahrymançylygyna,
bagtyýarlygyna hem-de watansöýüjiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkezilýär.
Şanly senä bagyşlanan
gepleşikler hem-de wideoşekiller taýýarlanyp, milli we daşary ýurtlaryň
hyzmatdaş teleýaýlymlarynda görkezilýär. Bu şanly senäni, Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şol sanda halkara
derejede gazanylan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden
beýan etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şanly sene mynasybetli
ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerine ýokary derejede
taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy
mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
“Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Kararyň taslamasy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik
ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň
hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, olaryň
jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmekden
ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza we halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt
raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek,
olaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri,
hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi
bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, şeýle
hyzmatdaşlygyň çäklerinde raýatsyzlygyň öňüni almak we ony azaltmak, adamlaryň
hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň
toplan tejribesini halkara derejede paýlaşmak boýunça degişli çäreler amala
aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly,
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden
ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň
hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak babatda uly işler durmuşa
geçirildi. Hususan-da, bu işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli 5 müň 294
daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda ýaşamak üçin
ygtyýarnama berildi.
Hormatly Prezidentimiziň
ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan
Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy
ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Hususan-da, Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda
ýaşaýan, ýurdumyzyň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni girizilmezinden
ozal Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny
düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy ýüztutmalary
hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi
boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama
berilmegine hödürlenilýän adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16
milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek
adamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen,
bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek
hakynda” Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň syýasy
ähmiýeti barada aýtdy. Ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly
Prezidentimizi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli mejlise
gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, her ýyl
ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu mejlisler döwlet
durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, öňde durýan wezipeleri
kesgitlemek we ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny anyklamak babatda
möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda
geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň şu ýylyň
iň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri bolandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň
we Gahryman Arkadagymyzyň mejlisdäki taryhy çykyşlarynda Türkmenistanyň gazanan
uly üstünliklerine we ýeten belent sepgitlerine aýratyn üns çekildi, ýurdumyzyň
ösüşiniň esasy netijeleriniň beýan edilmegi bilen bir hatarda, geljek döwürde
öňde durýan möhüm wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Şeýle hem çykyşlarda
döwletimiziň syýasy-hukuk esaslaryny ulgamlaýyn pugtalandyrmak, ykdysady
kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, türkmen jemgyýetinde asudalygy, jebisligi we
agzybirligi berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler giňden beýan edildi.
Mejlisiň dowamynda bu
möhüm wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütler hem kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp döwlet
resminamalaryna gol çekdi. Olaryň her biri ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň
aýratyn möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Şol resminamalaryň biri hem
“Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli
strategiýasydyr”. Bu strategiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan giň
möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň
görkezýär.
Mälim bolşy ýaly,
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň senagat
ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we
möhüm işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda
geçirilen ählihalk forumynda, ýagny Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda
Milli Liderimiz döwlet Baştutany hökmünde ýurdumyzy senagat taýdan ösen,
häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek
baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdi. Şol döwürden bäri bu ugurda giň möçberli
işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda nebitgaz, himiýa, maşyn gurluşygy, dokma we
beýleki pudaklarda döwrebap önümçilik kärhanalary guruldy, iri senagat toplumlary
döredildi. Doly önümçilik tapgyrlaryny öz içine alýan täze kuwwatlyklar ýola
goýuldy, gaýtadan işleýän senagatyň binýady berkidildi. Şunuň ýaly ägirt uly
başlangyçlaryň we gazanylan tejribäniň esasynda häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu asylly işlerini täze
şertlerde ýokary derejede dowam edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň senagat
taýdan ösüşiniň täze tapgyryna gönükdirilen 2030 — 2045-nji ýyllar üçin möhüm
wezipeler kesgitlenildi we degişli Milli strategiýa tassyklanyldy. Bu resminama
ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, senagaty döwrebap
ösdürmäge we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga ýardam
berjek uzak möhletleýin maksatlary özünde jemleýär.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň
dowamynda gol çekilen “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji
ýyla çenli Döwlet maksatnamasy” hem uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly,
Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň kemala
gelmegine we yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi aýratyn
bellenildi. Bu döwlet syýasaty häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlary netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Döwlet Baştutanymyz
ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny has-da berkitmäge,
olaryň öz döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge
aýratyn üns berýär. Şu maksada laýyklykda, hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji
sentýabrynda geçirilen nobatdaky gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlar syýasatynyň
geljekki ugurlary boýunça maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Ýaş nesle bildirilýän
döwlet aladasynyň aýdyň beýany hökmünde 2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen birlikde,
ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň halkara ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 —
2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklady. Ýaşlaryň ýurdumyzda amala
aşyrylýan giň möçberli özgertmelere we halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has
işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
nobatdaky mejlisinde hem aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan
bu mejlisde gol çekilen täze Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky
syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk
wezipeleri we täze başlangyçlary öz içine alýar.
Halk Maslahatynyň
mejlisinde gol çekilen resminamalaryň ýene biri “Türkmenistanda ahalteke bedew
atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr. Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan
ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak, atçylyk we atly sport
pudagyny ösdürmek, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmek Türkmenistanyň
döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu
asylly işleri täze derejede dowam edýär. Ahalteke bedewleriniň taryhyny
öwrenmek, olaryň genetiki seljerme işlerini geçirmek, baş sanyny artdyrmak we
şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döwlet derejesinde toplumlaýyn çäreler alnyp
barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän
2026-njy ýylda ahalteke bedewlerimizi we milli atçylyk sungatymyzy dünýäde
giňden tanatmak boýunça giň gerimli milli we halkara çäreler üstünlikli
geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda
ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul
edilmegi bilen, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny
we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de
geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk şertleri döredildi.
Halk Maslahatynyň
mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasyna
hem gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri
bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler
Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky köpýyllyk
tagallalaryň nobatdaky möhüm netijesi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2026-njy ýylyň
24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul
edilendigi aýratyn bellenildi. Bu möhüm resminama halkara hukugyň ýörelgelerini
berkitmäge, döwletleriň halkara hukuk kadalaryna ygrarly bolmagyny
ýokarlandyrmaga, şeýle hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy
has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Wise-premýer, daşary
işler ministri pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly
Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen
resminamalaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete
eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan
çäreleriň geçirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri
guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip
gelendigini aýtdy. “Geçen 35 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin
şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň binýadyny
has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp
barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Pursatdan
peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler
toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň başynda milli
parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny
okady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ýokary
ruhubelentliginde uly dabaralara beslenilip, guwandyryjy zähmet üstünlikleri
bilen garşylanylýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä
döwletleri we halklary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegini ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli
pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň
netijesinde, Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we
ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri
üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi, mukaddes
borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň, aýratyn-da,
ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen
we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir.
Türkmenistanyň döwlet
Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny
ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny,
kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde
durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara
abraýyny belende galdyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, harby gullukçylary
Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde goşan
uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde
tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden,
zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda hem-de
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň
Kararyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly
baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşurylýar.
Soňra dabaraly ýagdaýda
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja” atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet
agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk
jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň
bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa
geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly
baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata
Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny uly dabaralara besläp,
guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
şanly 35 ýylynyň içinde ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde beýik işler
amala aşyryldy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy
bilen, şeýle hem şanly baýramçylygymyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Diňe goranyş häsiýetine
eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasatyna doly laýyk gelýän ýurdumyzyň Harby doktrinasynda kesgitlenen
wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunyň
döwrebaplaşdyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn we ylym-bilim binýadynyň
pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler
Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň
goranyş kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň
berilmegini halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Dabaranyň ahyrynda döwlet
Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35
ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, eziz Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.