Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet,
Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”,
“Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna,
şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet
sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir
hatarda, Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara
Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara
dostluk toparynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak
ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini
ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler
yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek
babatda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak,
durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ilaty durmuş taýdan goramak
ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat hem-de
Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysadyýetiň dürli
pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin has
oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli
işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan
beýläk-de gowulandyrmaga, ildeşlerimiziň zähmete bolan höwesini has-da
artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň
nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen
döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry hökmünde
jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany 4
gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga
niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12
gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Wise-premýer pursatdan peýdalanyp, döredip berýän şeýle
ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza toplumyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin has
oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanylan teklipleri
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we Diýarymyzyň
welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler
ýerine ýetirilýär. Möwsümde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek,
bugdaý ekiljek ýerlerde suw tutmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny
tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak
ugrunda-da işler dowam edýär. Tabşyrylan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda,
pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek işleri alnyp barylýar.
Welaýatlarda ýeralmanyň
we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen
ilatymyzy üpjün etmek üçin häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük
ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, hasyly ýygnap almak babatda degişli işler
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekişini
talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen
pagta hasylyny ýygnap almagy guramaçylykly alyp barmagy hem tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
garamagyndaky zawodlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda bu kärhanalary, hususan-da, «Tejenkarbamid» zawodyny
önümçilik taslama kuwwatynda we yzygiderli işletmek maksady bilen zerur işler
geçirilýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri
kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtlara eksport edilýän
möçberiniň artdyrylmagyna hem ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik
kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň möhümdigini aýtdy hem-de
«Tejenkarbamid» zawodyny netijeli işletmek maksady bilen taýýarlanylan
resminama gol çekdi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly,
toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba
hojalyk pudaklarynda, maliýe we bank, gümrük, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda
ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry,
işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ýaly meseleler barada pikir alşylar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş
döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary
alyp barýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk
görmegiň wajypdygyny aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça
taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen
halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan
gelýän gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde
alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle
hem “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,
Muzeýleriň derejeleriniň sanawynyň hem-de Muzeýlere derejeleri bermegiň
tertibiniň taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen
halkynyň baý mirasyny, şan-şöhratly taryhyny giňden wagyz etmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri
kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk”
Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky
“Arçman” şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumyny, Aşgabat şäherinde gurlan
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini,
Stomatologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle
hem hünär baýramyna gabatlap, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergini hem-de ylmy
maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň işini
kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy
hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk
görmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere
ýurdumyzda täze saglygy goraýyş edaralaryny açyp ulanmaga bermek mynasybetli
dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň
Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa —
Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň bir ugry
döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda Koreýa
Respublikasyny we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyny görkezmek
bolar.
Mälim bolşy ýaly, şu
ýylyň 14 — 16-njy sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Koreýa döwlet
saparyny amala aşyrdy we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji
sammitiniň işine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda amala
aşyran işleriniň netijesinde hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda
hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň sapary
syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan çärelere baý
boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet
Baştutanlarynyň ýokary derejedäki gepleşikleri, hormatly Prezidentimiziň
dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen
duşuşyklary geçirildi. Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde döwlet
Baştutanymyzyň syýasy ylmy tejribesini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň
arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandyny ykrar etmegiň
nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize bu uniwersitetiň syýasy ylymlaryň
hormatly doktory derejesi berildi.
Hormatly Prezidentimiziň
we Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý
işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan 100-den gowrak,
koreý tarapyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan
bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluga we umumy ösüşe goşan goşandy
üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy
tarapyndan Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy. Maslahatyň işiniň
netijeleri boýunça döwlet we hususy taraplara degişli birnäçe ikitaraplaýyn
resminama gol çekildi.
Medeni-ynsanperwer ugur
boýunça Gwangju we Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky
Medeniýet günleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň
döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol çekildi. Saparyň
dowamynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň
Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri
bilen jemi ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 31-si geçirildi.
Köptaraplaýyn
hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy we onuň
barşynda 2007-nji ýylda döredilen bu mehanizmiň işini ulgamlaýyn esasda
ösdürmek babatda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Sammitiň çäklerinde
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammiti geçirildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda agzalan formatda senagat, emeli-aň,
ylym, tehnologiýa, tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda
hereketler boýunça ministrler derejesindäki duşuşyklar guraldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasyna amala aşyran
döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji
sammitiniň türkmen-koreý gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe
bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer,
daşary işler ministrine Koreýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer, daşary
işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň intellektual eýeçilik
babatda halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça
geçirilýän işler barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň
ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň milli hukuk binýadyny halkara
standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, awtorlyk hukuklarynyň netijeli
goralmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridir. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň
intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasy» esasy resminama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy halkara
tejribäni öwrenmek we ony ýurdumyzda ulanmak, milli hünärmenleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy,
hususan-da, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy hem-de Ýewraziýa Patent
Guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin birnäçe teklipler
beýan edildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewraziýa
Patent Guramasy bilen bilelikde şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde
«Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw — sebitleýin we global
mümkinçilikler» atly okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onuň dowamynda
intellektual eýeçiligi goramak, oýlap tapyşlary bellige almagyň, olary
önümçilige ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Bu çärä degişli
döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň,
hususy pudagyň wekilleriniň, Ýewraziýa Patent Guramasynyň hünärmenleriniň
gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
21 — 23-nji oktýabrda
Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Ýewraziýa Patent
Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine, onuň bilen ugurdaş
geçiriljek intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata Türkmenistanyň
wekiliýetiniň gatnaşmagy teklip edilýär. Bu çäreleriň çäklerinde Ýewraziýa
patent ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de degişli edaralaryň arasynda
hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistan 1995-nji
ýyldan bäri Ýewraziýa Patent Guramasynyň agzasy bolup, bu guramanyň Dolandyryjy
geňeşine 2025-nji ýylda başlyklyk etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji
ýanwaryndan güýje giren Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa maksatnamasy
boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky
teklip beýan edildi. Ýurdumyzyň bu maksatnama goşulmagy milli patent edarasynyň
daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny giňeltmäge,
gaýtalanýan ekspertiza amallaryny azaltmaga, patent arzalaryna has netijeli
seredilmegine ýardam berer.
Bütindünýä Intellektual
Eýeçilik Guramasynyň çäklerinde 1994-nji ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary
boýunça kanunlar hakynda Şertnama we 2006-njy ýylda kabul edilen Haryt
nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna hem Türkmenistanyň
goşulmagy teklip edilýär. Bu Şertnamalaryň maksady haryt nyşanlaryny milli we
sebit derejesinde döwlet belligine almak bilen bagly amallary
düzgünleşdirmekden, bu ugurda gelip gowuşýan ýüzlenmeler boýunça amala
aşyrylýan hukuk taýdan ähmiýetli hereketleri ýönekeýleşdirmekden, olary häzirki
döwrüň talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr.
Bütindünýä Intellektual
Eýeçilik Guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Innowasion mümkinçilikler
boýunça ugrukdyryjy» atly täze guraldan peýdalanmak boýunça degişli işleri
geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň
şu ýylyň 16 — 20-nji noýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek Bütindünýä
Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça
komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşmagy, onuň çäklerinde bu guramanyň degişli
düzümleriniň wekilleri bilen agzalan guralyň mümkinçilikleri, ondan
peýdalanmagyň aýratynlyklary we ony ýurdumyzda ulanmagyň ýollary boýunça
gepleşikleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara konwensiýalara we
ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň intellektual
eýeçilik babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça
taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça “Demirýollary”
açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunda
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet
berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygyny yzygiderli ösdürmäge ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz pudagyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanan
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlise gatnaşyjylar
Koreýa döwlet saparynyň we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji
sammitiniň üstünlikli geçmegi, Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň
hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda
assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz
gutlaglar üçin mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.