Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp
barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen
ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň
12-si kabul edildi.
«Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny
bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek,
buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky
gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara
degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň
hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary
derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan
wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany,
Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we
welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Mejlisde daşary ýurtlaryň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň
7-si kabul edildi.
Şeýle hem dünýä
döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň
we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini
ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 25-si geçirildi. Mejlisiň
deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw
maslahatlarynyň 82-sine gatnaşdylar. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 16-sy
amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini
döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady
görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini
senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4
göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1
göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1
göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe
býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda
zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz
wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy
barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmek, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak,
ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
wajypdygyny nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7
göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy
105,5 göterim ýerine ýetirildi.
Benzin öndürmegiň
meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5
göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek
boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Tebigy we ugurdaş gazy
çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny
özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny
yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda
şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň
welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba
hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 111,9 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 108,6 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
103,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 111,8 göterime,
«Türkmenpagta» döwlet konserni boýunça 104,5 göterime, «Türkmengallaönümleri»
döwlet birleşigi boýunça 124,7 göterime, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi
boýunça 100,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 116,2 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,9 göterime hem-de
«Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 141,3 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda oba
hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta
ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny hem-de pagta
arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär.
Bugdaý ekişini bellenen
möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda sürüm we tekizlemek işleri
dowam edýär. Şeýle hem ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri hem-de
ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegi, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki
talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilişine berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik
ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy
103,9 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 127 göterim,
Energetika ministrligi boýunça 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil
ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,3
göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 135
göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 127,5 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli
kärhanalaryň netijeli işlemegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak
üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we
saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen
möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik
ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,8 göterime barabar
boldy.
Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 105,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. «Türkmenhaly» döwlet
birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,3
göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 169 birža söwdasy geçirilip, olarda 17 müň 898 şertnama hasaba
alyndy.
2026-njy ýylyň ýanwar –
iýul aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş
depgini 119,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 14 sergi we 8 maslahat
geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda
nokatlaryny azyk we beýleki harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegi gözegçilikde
saklamagyň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy
ulgamyň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň işini hem yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar –
iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi.
Taryhy-medeni
ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleri, arheologlar bilen duşuşyklar, meýdan
şertlerindäki maslahatlar guraldy. Teatrlarda, döwlet sirklerinde,
paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde, kitaphanalarda,
muzeýlerde we taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar
hödürlenildi.
Türkmen hünärmenleri
daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara çärelere
gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň
çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli
geçirildi. Medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol
çekildi.
Azerbaýjan
Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara
festiwalyna ýurdumyzyň ýaş şahyrlary, Koreýa Respublikasynyň dostluk gününiň
çäklerinde geçirilen çärelere sungat ussatlarymyz, Pekin şäherinde geçirilen
Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde guralan çärelere
«Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we halkara
baýraklara mynasyp boldular.
Şeýle hem wise-premýer
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini
döwrüň talabyna görä guramagy dowam etmegiň, halkara medeni hyzmatdaşlygy
ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça degişli işleri alyp
barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk
çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam
etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçy
we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri
gazandylar.
Tomusky dynç alyş
möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky hem-de Awazadaky çagalar dynç alyş we
sagaldyş merkezlerinde çagalaryň ýokary derejede dynç alşy üpjün edildi. Ýokary
hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary arkaly talyplary kabul
etmek işine guramaçylykly girişildi.
Hasabat döwründe ylym
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem işler guramaçylykly alnyp baryldy. Halkara
ylmy-amaly maslahatlar guramaçylykly geçirildi. Ylymlar akademiýasynyň Halkara
ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi.
2026-njy ýylyň ýanwar –
iýul aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly
lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen
üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary
ulanyldy, ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen
şypahana hyzmatlary ýerine ýetirildi.
Şeýle hem bedenterbiýäni,
sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Türgenlerimiz ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş
we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim bermegiň hilini
has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, saglygy
goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Birleşen
Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habaryň
gelip gowşandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, şu
ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy
plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl –
Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly
Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk
gelýändigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we
hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa
eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Pursatdan peýdalanyp,
wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly
Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy döwlet Baştutanymyzyň parasatly
baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan bu nobatdaky uly daşary syýasy üstünligi
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.
«Biz geljekde hem Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan
işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar
– möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Wise-premýer, daşary
işler ministri sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip
yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek,
şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden
açyp görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe
teklipleri hödürledi.
Hususan-da, 2028-nji
ýylda Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa
toplumlaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli
hereketler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu
meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine
ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy
edaralarynyň wekillerinden ybarat Pudagara iş toparyny döretmek maksadalaýyk
hasaplanylýar.
Milli hereketler
meýilnamasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek syýasy-diplomatik,
ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini, olaryň möhletlerini, ýerine
ýetiriji edaralaryny hem-de garaşylýan netijelerini kesgitlemek göz öňünde
tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, «Halkara
hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany
taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň
agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak teklip edilýär.
Şeýle hem 2026
– 2028-nji ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda
ýurdumyzda halkara hukugynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara
maslahatlary hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle
çäreler 2028-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän esasy halkara foruma mazmun
we bilermenler nukdaýnazaryndan taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.
Ilatyň, aýratyn-da ýaş
nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta
hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugynyň esaslary, Birleşen Milletler
Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny
berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk
leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak
teklip edilýär.
Şeýle hem milli we
halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet
we maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini
döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw
maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça
ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli
geçirilmegini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Şunuň bilen birlikde, halkara
hukugynyň ähmiýeti barada
tele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri we dokumental filmleri taýýarlamak,
metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap etmek, şeýle hem Halkara hukuk
ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini
döretmek maksadalaýyk bolar.
Şunuň bilen bir hatarda,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip
edilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň
arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik
meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat
halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek mümkinçiligine
seretmek bolar.
2028-nji ýylda Aşgabat
şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça
ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara
hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady
hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine
seretmek teklip edilýär.
Şunuň bilen
birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň
halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şeýle hem
2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara
hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny geçirmek, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we
beýleki iri halkara merkezlerinde ýokary derejeli çäreleri guramak
mümkinçiligini öwrenmek maksadalaýyk bolar.
Beýan edilen teklipleriň
durmuşa geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara hukugynyň umumy ykrar
edilen kadalaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen
başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň
Tertipnamasynyň halkara gatnaşyklardaky esasy ornunyň berkidilmegine, dünýäde
parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm goşant
goşjakdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz
kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer,
daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ministrlik
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan
hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly,
ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we
duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu
ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk
Respublikasyna, Awstriýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasyna, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna saparlary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz şu
ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan
Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna hem-de Gyrgyz Respublikasyna saparlary
amala aşyrdy.
Türkmenistanyň 2026-njy
ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň
mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin
Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat döwründe Daşary
işler ministrliginiň üsti bilen jemi 428 wekiliýet döwletimize sapar bilen
geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 761 wekiliýet saparlary amala aşyrdy.
Şu ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 287-si geçirildi.
Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara
guramalar bilen bilelikde 1376 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara
resminamalaryň 137-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki
döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek
boýunça işler hem amala aşyrylýar.
Şeýle hem hasabat
döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, onuň
orunbasarlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, BMG-niň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş
bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro
synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji
sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.
Daşary ýurt döwletleriniň
ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup
durýar.
2026-njy ýylyň ýanwar –
iýul aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa
Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap
Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýa Respublikasynyň hem-de Alžir Halk
Demokratik Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen ilçileri we BMG-niň Türkmenistanda
täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.
Şol bir wagtda,
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky,
Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri hem-de BMG-niň we Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilleri ynanç
hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem
abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet
berýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu gatnaşyklary
ösdürmek
hem-de giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem halkara
derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli guramaçylyk
işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş
depgini 114 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol,
howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir
ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107
göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8
göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini
118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji
102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime barabar
boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň
möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini
ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýedi
aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini,
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp
barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny
aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz jemi
içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Şeýle hem «Ýurdumyzda iri
senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini
aýratyn bellemek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary
durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz 1-nji
awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň
şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip,
dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady döwründe
ýolbaşçylaryň ählisine gowy dynç almagy arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.