Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul
edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden
ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň
taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna
döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler
geçirilýär.
Mejlisde Keniýa
Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisinden ynanç haty kabul edilip, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem halkara
guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar
yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň agzalary Birleşen
Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň we Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde
guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda döwlet
ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu
ulgamy has-da ösdürmek hem-de hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy babatda
kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek boýunça işler yzygiderli alnyp
barylýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň käbir
kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet
ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn
edaralary bilen bilelikde döwlet ätiýaçlandyryşy bilen bagly degişli
Düzgünleriň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň
garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu
ugurda geçirilýän netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp edijilere
hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär. Şunda daşary
ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet
berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
türkmen-german işewürligini ösdürmek babatda döredip berýän şertleriniň aýdyň
netijesidir.
Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň
çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz
nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady
bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin
işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek işleri dowam edýär. Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta ýygymy
möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary we
pagta arassalaýjy kärhanalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny hem-de dürli
tehnikalary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Geljek ýylda bugdaýyň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Ekin meýdanlarynda sürüm we tekizlemek
işleri, ekiş möwsümi üçin gerek bolan bugdaý tohumlaryny hem-de ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri
dowam edýär.
Şeýle hem welaýatlaryň
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady
bilen suw howdanlaryna suw toplamak hem-de suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etmegiň, ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan
ammarlara we elewatorlara daşamak işlerini berk gözegçilikde saklamagyň
möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar
esasynda ideg etmek işlerini netijeli dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet
konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda konserniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak
hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Munuň özi bu öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we önümçilik kuwwatyny
ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda işleriň has-da netijeli bolmagy üçin
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, bökdençsiz işletmek boýunça netijeli işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zawodlaryny taslama
kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli
dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da,
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki
serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet
berilýär.
Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny
ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet
berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň berýän goldaw-hemaýatlary
netijesinde, bu gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak,
önümçiligi bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Şeýle hem wise-premýer bu
işleriň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy hem-de
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini
kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek boýunça taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de wise-premýere bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen
däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaş
nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de sungat ussatlarymyzyň ýoluny
mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen
baglylykda, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungat älemine söýgini döretmekde,
olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşigiň tapgyrlarynda
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary
ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si,
çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna
gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimizde ýaşlarymyzyň döwrebap bilim
almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini
aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň
jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz
berildi.
Wise-premýer, daşary
işler ministri, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Gruziýa amala aşyran döwlet
saparynyň üstünlikli geçmegi bilen mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden
gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň geçiren ýokary derejedäki gepleşikleriniň
dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek
meseleleriniň giň toplumyna seredilendigini, hormatly Prezidentimiziň saparynyň
çäklerinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.
Şunuň bilen bir hatarda,
Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň
arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrandygy
barada aýdyldy.
Soňra wise-premýer,
daşary işler ministri ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan
halkara hyzmatdaşlygy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny daşary
ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda ösdürmek
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri degişli ugurlar boýunça döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.
Hususan-da,
Türkmenistanyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara
başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Pudagara iş toparyny
döretmek teklip edilýär. Bu Pudagara iş topar degişli daşary ýurt döwletleriň,
halkara guramalaryň hem-de halkara maliýe institutlaryň wekilleri bilen
yzygiderli gepleşikleri geçirer. Şeýle hem Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary
boýunça Sebit merkezini, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini we
beýleki halkara ekologik başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan
işleri utgaşdyrar.
Şeýle hem Türkmenistanyň
howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden
wagyz etmek hem-de olara berilýän halkara goldawlary güýçlendirmek maksady
bilen, ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy maslahatlara, forumlara hem-de
sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde ugurdaş çäreleri geçirmek, şeýle
hem Türkmenistanyň Milli pawilýonlaryny ýa-da tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek
teklip edilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň mundan
beýläk-de kämilleşmegine, täze hyzmatdaşlary çekmäge hem-de halkara maliýe we
tehniki goldawlary giňeltmäge ýardam berer.
Bulardan başga-da,
häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň
çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak, şeýle
hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa
geçirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi hökmünde
Aşgabat Howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde,
Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça hem-de Çölleşmäge garşy göreşmek
boýunça Sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler
meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnama agzalan merkezleriň
dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar. Bu
merkezleriň geljekde sebit derejesinde öňdebaryjy hyzmatdaşlyk hem-de
innowasiýa meýdançalaryna öwrülmegini üpjün etmek maksady bilen, Birleşen
Milletler Guramasynyň degişli düzümleri hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar
bilen utgaşykly işleri dowam etmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Ýokarda agzalan halkara
başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň
degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF)
we Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), şeýle hem halkara maliýe institutlary
bolan Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
giňeltmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy
göreşmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebit we halkara
derejesinde netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek
maksady bilen taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gämi
gurluşygyny ösdürmek hem-de milli flotumyzyň parkyny kämilleşdirmek we
giňeltmek maksady bilen, täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça degişli
çäreler görülýär. Munuň özi Hazar deňzinde döwletimiziň gämi gurluşyk
mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
has-da berkitmäge hem-de daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz flotunyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere «Balkan» gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik kuwwatyny
artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.