Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Mejlisde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we
halkara tejribeler esasynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet
belligine alynmagy, ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan
goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň
hereket edýän käbir kodekslerine we kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri,
goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mejlisiň wekilleri
kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alyşmak maksady bilen, Hytaý
Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti
tarapyndan guralan okuw maslahatyna, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň geçiren maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-de, Awstriýa Respublikasynda
iş saparlarynda boldular. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň
Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen
bilelikde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini hem-de
býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalary
üstünlikli durmuşa geçirilip, Türkmenistany senagat-innowasion taýdan ösdürmäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär, makroykdysady durnuklylyk üpjün
edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli
ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri
innowasion esasda ýola goýmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip,
döwrebap önümçilik, durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga
berilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň býujet-salgyt
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti ösdürmek we býujet-salgyt ulgamyny
kämilleşdirmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de
wise-premýere ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli
pugtalandyrmak, onuň garamagyndaky önümçilikleri zerur serişdeler bilen
bökdençsiz üpjün etmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen
üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek we onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen
taýýarlanylan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Şeýle hem ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan
ammarlara we elewatorlara daşamak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda geljek ýylyň
bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady
bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, bugdaý ekişi
möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, däne ekijileri
hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler
amala aşyrylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Hususan-da,
gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly
ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant
şugundyryny ekmek, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle
hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak
maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny
arassalamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam
etdirmegiň, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly kabul ediş
bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar
esasynda ideg etmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da, Balkanabat ýod zawodynyň önümçiligini
artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli
peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze himiýa kärhanalary
gurlup ulanmaga berilýär. Täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler
durmuşa geçirilýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm
ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, himiýa senagatyny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilikleri
ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de Balkanabat ýod
zawodynda täze, döwrebap önümçiligi ýola goýmak babatda taýýarlanylan teklibi
goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geňeşiň Duşenbe
şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler
alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen
Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy
göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny
yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini guramak boýunça degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni
ýadygärlikleri dikeltmek, olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli
maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi
tarapyndan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş
işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki
zaman tehnologiýalary arkaly daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde Diýarymyzyň
taryhy ýadygärlikleriniň sanly binýadyny düzmek boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygy aýdyldy.
Ýaşlaryň arasynda taryhy
ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça işleriň çäklerinde Balkan welaýatynda
geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda arheologlar tarapyndan ýüze
çykarylan orta asyr metjidiniň binagärlik bezeglerini öwrenmäge bagyşlanan ýörite
okuw maslahaty geçirildi. Şeýle hem «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni
goraghanasynda meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty guraldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda baý medeni mirasymyzy giňden öwrenmäge, gorap saklamaga,
dikeltmäge we wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, ýaşlaryň
arasynda medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alşy guramak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilen şypahanalarda tebigy
baýlyklarymyz bejeriş işinde giňden ulanylyp, öňdebaryjy tejribeler
ornaşdyrylýar hem-de şypahana hyzmatynyň hili we elýeterliligi
ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda
şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň
talaplaryna laýyklykda has-da berkidilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, etrap merkezlerinde,
şäherçelerde, oba ýerlerinde döwrebap, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary
gurulýar, ozaldan hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylyp, halkymyzyň hyzmatyna
berilýär. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen
şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanylýar,
ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana
hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Diýarymyzyň häzirki zaman şypahanalarynda halkymyzyň döwrebap
dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy we
wise-premýere raýatlarymyzyň saglygyny goramak hem-de berkitmek maksady bilen,
şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Sanly çözgüt — 2026” atly
innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu
bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we
innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan
ybaratdyr. Şu gezekki bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly
lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk
tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Onuň netijeleri
“Türkmentel — 2026” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde
jemlener. Bäsleşige gatnaşan taslamalary ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti
ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli
pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçiriler. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn
işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň bu ugurda geçirilýän innowasion
taslamalaryň bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.