Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara
resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun
taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň,
jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak
maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine
ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň
bilen bir hatarda, Mejlisde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi,
şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň
degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna we
duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala
aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet
daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek
maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini
ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini
döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik
berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň
maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowa söz berildi. Onuň
hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň hem-de
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, nebitgaz pudagyny yzygiderli
ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň
gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmennebit”
döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd”
kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar
deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek
boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka
mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Arkadagly Gahryman
Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi
we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Wise-premýer
hasabatyny dowam edip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala
aşyrylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň
ýerasty gorlaryna baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de
gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur
işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň
tejribesinden we tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda
öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda
bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap
almak, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň
gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara
bejergi, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de oňa ösüş suwuny
tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz
hem-de Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň
ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini
artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem
ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň,
welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul
etmek işlerini üns merkezinde saklamagyň, döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin
önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň, şeýle hem gowaça
ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etmegiň
möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa”
döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän himiýa önümleriniň
görnüşlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet konserni tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden
peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzuň
dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan
döwrebap önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we
netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de döwrebap önümçilikleri ýola
goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy,
hususan-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň
garamagynda hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el
halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly
ähmiýet berilýändigini belledi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç»
ýüň egriji kärhanasynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip
atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli
çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem geljek aýda
amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek
maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň, «Taryhy
ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki
ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriniň,
arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Iýul
aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň
Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça
jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly
döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly
dabaraly çäreleriň geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň
iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda saglygy
goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkyň saglygyny goramak we sagdyn
jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň
öňüni almak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady
bilen, “Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn
ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli
maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli
çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Milli maksatnamanyň
esasy maksady we wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni
almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda enäniň we
çaganyň sagdyn bolmagyny gazanmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny
has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly
Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri hem Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we
özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda
Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.
Türkmenistan bilen
Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan
gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet,
ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar.
Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen
124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary özünde jemleýär. Iki
ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary
hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-synyň amala aşyrylandygy
bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň
arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmenistan hem Azerbaýjan
halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurt
birek-biregiň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň
çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Iki
döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu
babatda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe», «Türkmenistan — Azerbaýjan —
Özbegistan» formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny mysal görkezmek bolar.
Söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk babatda aýdylanda, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda
dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyna möhüm orun
degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk,
oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.
Türkmenistanyň we
Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki
ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we
beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň
Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu
saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzyň
ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi hem-de iki döwletiň
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan
Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda
wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýollarynyň
ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak, nebit önümlerini daşamakda ösýän
islegleri kanagatlandyrmak we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek
maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek, ulag düzüm
üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi
hem-de demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak we ýük
dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.