Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla oragyna guramaçylykly girişilip, ýetişdirilen hasyly
ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek,
ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini,
welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we
bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba
milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň öz wagtynda,
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri
alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak
we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda
gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelere laýyklykda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki ekinleriň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyna guramaçylykly girişilmeginiň,
gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin zerur çäreler
görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilip, ösüş suwuny
tutmaga taýýarlyk görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamak boýunça
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edip,
bu jogapkärli möwsümi gysga möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin ähli
zerur çäreleri görmegiň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu
ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da,
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli
tabşyryklar berildi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.
Möwsümde oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz
işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerine girişildi.
Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edip, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň
hasyly ýygnalyp alyndy. Şeýle hem welaýatda şaly ekişine girişmek üçin zerur
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky
dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda
degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu
ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
galla oragyna girişilip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin
zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar,
galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň,
gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak
boýunça işler dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek,
ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin
zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň
ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly
ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda onuň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň
hem-de gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýokary hilli
geçirilmeginiň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi hem-de
wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de
bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.