Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň
kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini
goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek,
buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky
gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara
degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Çad
Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür
Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri
bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara
guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary
bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 51-sine gatnaşdylar. Halkara
tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 13-si amala aşyryldy.
Türkmenistanyň
parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň
üsti bilen dünýä ýaýmak üçin türkmen wekiliýeti Zenanlaryň ikinji Aziýa
forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak
maksadynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisine we bu Assambleýanyň
geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň
Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparlaryň çäklerinde birnäçe
duşuşyklar geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime,
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4
göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda
dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň
meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat
döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet
kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary
öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine
ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe
we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede
saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
107,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň
meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim,
çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy
öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy
çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,6 göterim boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan
möçberini artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak
boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp,
bökdençsiz işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini
has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk
işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer
hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk toplumynyň
işgärleriniň adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs
ýürekden gutlady hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize berk
jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç
bolmagyny arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer hasabatyny dowam edip, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş
depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,7 göterime deň
bolandygyny aýtdy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime,
Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,6 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 103,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
102,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 120,1 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 120 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça
107,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 145,2
göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiziň ak pata bermegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere
edýän hemaýat-goldawy esasynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda
ýygnap almak maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna
guramaçylykly girişildi. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy
iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda
gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem
ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça
degişli işler dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçilik kuwwatyny
doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy
wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegi, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi, galla
oragy döwründe bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik
etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 130,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,3
göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 126,7 göterim,
Energetika ministrligi boýunça 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil
ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,6
göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji
152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň
meýilnamasyna 130,1 göterim amal edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň
doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzyň sarp edijilerini, ilaty
elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň, ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň
wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde
tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7
göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň
önümçiliginde 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat
döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 120 birža söwdasy geçirilip,
olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň bäş aýynda
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1
göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 11 sergi, 5 maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 107,3 göterime deň boldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we
beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň, topluma
degişli kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri
dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere
dokma önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaralar guraldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli
medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, “Çalsana, bagşy!”
bäsleşiginiň Arkadag we Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça
jemleýji tapgyrlary, Gurban baýramy mynasybetli medeni çäreler geçirildi.
TÜRKSOÝ-yň opera günleri ýokary derejede guraldy. Türkmen hünärmenleri daşary
ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, halkara medeni çärelere, şol
sanda festiwallara, okuw maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere
gatnaşdylar.
Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň
döredijilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen
geçirilen Aziýanyň açyk çempionatyna we onuň çäklerinde guralan “Ahalteke
bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşdylar. “Galkynyş”
milli at üstündäki oýunlar topary Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport
medeniýeti festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem şu ýylyň
ýanwar — maý aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky
«Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kitaphanalar,
muzeýler, teatrlar tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilen çärelere
gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýaşlaryň arasynda taryhy
ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirip durmagy
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy.
Okuwçylar we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871
medal gazandylar. Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi,
çagalaryň tomus möwsüminde dynç alşy bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp
baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen
özgertmeler dowam etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige
jemi 116 adam kabul edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi
31-si goraldy.
2026-njy
ýylyň bäş aýynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly
lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli
operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk
diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”,
“Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça
2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” tassyklanyldy. Hasabat döwründe
bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler
dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip,
jemi 301 medal gazandylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime,
täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň bäş aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek,
Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn,
köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe
degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny
eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy
fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk
Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary
guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Sebitleýin
ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy
döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin
Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom
energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi
boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen
duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada
özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary
ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk
etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki
duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda
paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň
Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 293 wekiliýet döwletimize
sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 528 wekiliýet gitdi. Şu
ýylyň ýanwar — maý aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň
216-sy geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara
guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 909-sy guraldy.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara
resminamalaryň 60-sy bilen ýetirildi.
Daşary
işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu
babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň
Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň
daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary
bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň
Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy,
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş
sekretary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň
Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
2026-njy
ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň,
Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe
Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa
Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Kamboja
Patyşalygynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Daşary
döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar
ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň
bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik
wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň,
Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç
hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen
daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, abraýly halkara we sebit guramalary
bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş
depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa
ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103
göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça
ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary
ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime,
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime,
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime,
Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly
ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini
artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns
bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini,
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp
barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3
göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle
hem ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam
edýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna
laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam
etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.