Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň
dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge
degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler
barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp
barylýan işler barada aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy
barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby
doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we
bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda
Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylykda
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, şol sanda
kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu düzümiň edaralaryna hukuk
işiniň döwrebap usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda kanunylygy pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni
almak boýunça işleri has netijeli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu
babatda Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokurorlary wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýol
hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, hukuk
bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün
etmegiň, ýol hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk
berjaý edilmegine gözegçilik etmegiň, tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen
baglylykda, daşky gurşawy ýangyn howpundan goramak boýunça degişli taýýarlyk
işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dört aýynda kazyýet işini has-da
kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem düzümi
ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we döwlet Baştutanymyzyň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy has-da berkitmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, kazylaryň hünär bilimini yzygiderli
ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli
howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol
sanda ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň
howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak, ministrligiň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam
etdirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy I.Ilamanow döwletimiziň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny
üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup
durýandygyny aýtdy hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak, serhetçileriň
hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow
hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk
getirmek, raýatlara degişli hukuk kömegini bermek, ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan
işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň Konstitusiýamyza,
hereket edýän kanunlara doly laýyk gelmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi
hem-de raýatlara kanunçylygy düşündirmek, hukuk kömegini bermek boýunça işleri
dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň
çäklerinde gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamy we işiň
döwrebap usullaryny ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine
gözegçilik etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de döwrebap
tehnikalary, iş usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda gullugyň ýolbaşçysyna
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.