Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul
ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla
oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça
ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara
bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde
ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini
ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary
berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady
bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny
taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekişi dowam edip, möwsümi
bellenen möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş
geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulyp, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Pile
möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg
etmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň
talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň toplumlaýyn çemeleşmäni
talap edýändigini belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekin
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş
kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine taýýar etmek babatda zerur
çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm
wezipelere ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak,
bugdaýa ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak
babatda tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar.
Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak babatda
zerur işler geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli
möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Sebitde pile
öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan
esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, tehniki we
beýleki serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ekinlerden bol hasyl almagyň
önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmagyň esasy şerti bolup durýandygyny
aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň
çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan
kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýar etmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi
dowam edip, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek
işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.
Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda pileçi
kärendeçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny
belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly
girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap
almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary,
beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär.
Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny
tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri
geçirilýär. Welaýatlarda pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçuklaryna ideg
etmek işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna
ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak
boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de
bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň,
bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny
nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.