Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ak ekin
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça
ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, bu işlerde oba hojalyk
tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady
bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek
işleri alnyp barylýar. Şeýle-de howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň
çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynyň
döremegine garşy arassaçylyk we sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Mundan
başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde
geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we
bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler
görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýüpek
gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň
tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň öri meýdanlarynda,
daglyk, tokaý, düzlük ýerlerde ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak üçin
degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary görkezijileri
gazanmak üçin önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ylmy taýdan esaslandyrylan
kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli,
bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek
babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri
meýdanlarda, sähra ýerlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm
işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim döwlet maksatnamalaryna laýyklykda
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky
gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini, bugdaýa, beýleki azyklyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp
barylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe
anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp
ulanmaga berendigi üçin hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň
ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine
alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini
arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça
ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile
öndürmek möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna
ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň
öri we ekerançylyk meýdanlarynda, tokaý zolaklarynda ýangyn döremeginiň öňüni
almak maksady bilen, bu ugurda degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
agrotehniki çäreleri öz wagtynda we kadalara laýyklykda geçirmegiň,
serişdelerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatyň
Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň
düýbüni tutup berendigi hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berendigi üçin Mary
welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip,
döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli
tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra häkim welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw
tutmak işleri geçirilýär. Sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde
oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Pile öndürmek
möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň
gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda, awtomobil, demir ýollaryň
gyralarynda ýangyna garşy zolaklary döretmek üçin sürüm we arassaçylyk işleri
geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk
derejesinde ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň
möhüm şerti bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişine gatnaşýan ähli
düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyny, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg
işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de ony
bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly
oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Diýarymyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri dowam edýär.
Ýurdumyzda ýüpekçilik
pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda
pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, paýlanyp berlenlerine
talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem howanyň
gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, gorag zolaklaryny
döretmek üçin arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk
pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmek üçin
ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige öňdebaryjy
tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli
ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan
işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde
geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna
laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi we bu ugurdaky işleri
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.