Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny
we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge, önümçilik desgalarynyň senagat
howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda
buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmäge,
telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini
goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe ugurlara degişli kanun
taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň
welaýatlarynda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň,
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat,
etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine şu
ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary merkezi saýlaw toparynyň, ýurdumyzyň
syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde
bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini, saýlaw kanunçylygyny düşündirmek
işine işjeň gatnaşyp, onuň geçirilmegine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam
berdiler.
Çad
Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň,
daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 8-si geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary we
hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw
maslahatlarynyň 26-syna gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady
bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini
ilerletmek, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga
bagyşlanan maslahat geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň we Pakistan Yslam
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň
Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda
döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly
duşuşyklar geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça netijeli
işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi
dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň birinji çärýeginiň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda
2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4
göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda
dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri
boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy
böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat
döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet
kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary
öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly
desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam
etdirmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
106,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine
ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, suwuklandyrylan
gazy öndürmegiň meýilnamasy 126,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň
meýilnamasy bolsa 107,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň
eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň önümçilik
kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy, gözleg-barlag guýularyny burawlamak
işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 103,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
106,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,8 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 103 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 111,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,6 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 168,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekişini geçirmek boýunça
möwsümleýin işler dowam edýär. Welaýatlarda ýazky ekiş möwsüminde, oba hojalyk
ekinleriniň ideg işlerinde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary ýokary
öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň,
gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty
ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ekinleri
ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini
artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň
wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda işjeň alyp
barmagy dowam etdirmegi, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça
möwsümleýin işleri netijeli geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça
128,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 104,7 göterim ýerine ýetirildi.
Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy
111,4 göterim boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7
göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasyna 116,4 göterim amal edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk we senagat toplumy
boýunça öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, energetika pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň awtomobil ýollaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
108,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 101,5
göterim, nah matalaryňkyda 102,9 göterim, gön önümleriniňkide 105,9 göterim
ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň
meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan hasabat döwründe 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 7 müň 132
şertnama hasaba alyndy.
2026-njy
ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 115,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 2 sergi, 5
maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk,
azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,6 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda
azyk önümleriniň, beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde
saklamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we
möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda
2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar
geçirildi. Teatrlarda “Teatr sungatynda zenanlaryň çeper keşbi” atly sahna
oýunlarynyň, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň
görkezilişi, baýramçylyk konsertleri guraldy.
Milli
bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli
baýramçylyk dabaralary geçirildi. Esasy baýramçylyk dabarasy Ak bugdaý
etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” boldy. Mart aýynda Daşoguz welaýatynda dessançy
bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz
Türkmenistanym” atly festiwal guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde
geçirilen baýramçylyk dabarasynda medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň
aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri
dikeltmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe kämil şahsyýetleri kemala getirmek, bilim işiniň
mazmunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Zehinli ýaşlary ýüze
çykarmaga gönükdirilen ders bäsleşikleri bilen birlikde, döwrüň talabyna
laýyklykda robototehnika, ylmy-döredijilik taslamalary boýunça bäsleşikler
guraldy. Materiallaryň garşylygy, nazary mehanika dersleri boýunça V Açyk
halkara internet olimpiadalary, VI Açyk halkara matematika olimpiadasy
guramaçylykly geçirildi. Okuwçylardyr talyplar halkara ders, internet
bäsleşiklerinde medallaryň 410-syny gazandylar.
Hasabat
döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy-barlag işleriniň amaly
netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň
pudaklaryna ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Şu ýylyň
birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni
almagyň, bejermegiň öňdebaryjy tejribelere, innowasion tehnologiýalara
esaslanýan usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag
çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejeriş çäreleri amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk
diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”
tassyklanyp, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary
kesgitlenildi.
Hasabat
döwründe bedenterbiýäni, sporty, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça
işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri
görkezip, jemi 123 medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli
çäreler guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, orta hem-de ýokary okuw
mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň, mekdep
okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri, olimpiadalary
geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi,
ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek,
Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler we halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini
hem-de tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi
tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Ýokary derejedäki
saparlardyr duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny
eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, mart aýynda bolsa Hytaý Halk Respublikasyna
saparlarynyň guralandygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik
gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde
2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji
ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň, 17 — 19-njy
martda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň
Baş sekretarynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary
işler ministrliginiň üsti bilen jemi 158 wekiliýet döwletimize sapar bilen
geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 265 wekiliýet gitdi. Geçen üç aýda
sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 122-si geçirildi. Şeýle-de
hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen
bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 520-si guraldy. Döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň
30-sy bilen ýetirildi.
Daşary
işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň,
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň
Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň
derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş
sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
Şu
ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň,
Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe
Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň daşary
syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik
gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp
ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýakyn
Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam edýär. Şunuň
bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik
wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir
wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç
hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan öz işine başladylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary
syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, halkara
guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda
gatnaşyklary ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy ýaly,
ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş
depgini 114,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa
ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň
ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol
ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,9
göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 125
göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini
117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji
108,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114 göterime barabar
boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup
durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin
degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerinden doly güýjünde peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen üç aýda alnyp
barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik
pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly
saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat
desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär» diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul
edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz sözüni dowam edip, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden
bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş
ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp,
döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä
saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly
Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs
ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.