Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç
aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge
degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz
öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan
bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan
goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň
hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby
gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga
nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň
goranmak ukybyny döwrüň talabyna görä has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly
Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan
boşatmak boýunça işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler,
şol sanda milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak,
prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler,
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy
hemişe üns merkezinde saklamagyň, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, raýatlaryň
hukuklarynyň üpjün edilişine prokuror gözegçiligini netijeli alyp barmagyň
möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda
ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün
etmek, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň,
ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, kanun
bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol
hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine
berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de ministre birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2026-njy ýylyň üç aýynda ýolbaşçylyk edýän
düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak,
raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda kazyýet edaralary tarapyndan alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegi hemişe
üns merkezinde saklamak, kazylaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli
howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan
işler, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli
howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň
ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýylyň
başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup
durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak, serhet
goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow
şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýurdumyzyň
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
hem-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat
berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, milli hukuk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda
kämilleşdirmek, hukuk kömegini bermek we kanunçylygy düşündirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri, şol
sanda gullugyň düzümlerine işiň döwrebap usullaryny, täze tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gümrük amallarynyň halkara kadalara hem-de milli kanunçylyga
laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň
möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk
edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine
ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda migrasiýa işini
kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de migrasiýa kanunçylygynyň berjaý
edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna
laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk
bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.