Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden
etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli
günäsiniň geçilýändigini belledi.
Soňra
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky
toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş
kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu
toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň
Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz
öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza
ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw
etdi.
Soňra
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy
ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde
goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we
azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da
birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir
goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen
hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem
7-8-nji martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna
eýe bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara
gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň
gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet
çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de
Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hasabat
döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary
komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň
ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we
Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň
arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa
Patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň
we Ýewropa Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda
geçirilen duşuşykda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi
boýunça özara tejribe alşyldy.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny
ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan “Aw awlamak we aw baýlyklaryny
goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw
awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet
şahsy ätiýaçlandyryşyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere
ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler
geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw,
özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli
özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda
taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de
wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek,
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen
taýýarlanan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam
etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplar esasynda
geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak,
ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň
möhümdigini aýtdy we Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen,
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi
hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýolgurluşyk
pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen
Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýol-ulag düzüminiň işini
döwrebaplaşdyrmak, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan awtomobil
ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak, halkara üstaşyr ýükleri
daşamagyň hilini döwrüň talabyna laýyk getirmek, bu ugurda hereket edýän
kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak,
döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleriň
durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýol-ulag ulgamynyň işini
has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad
şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine
Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda
geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň
gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň
mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere
yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine
gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara
Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň
“Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda
taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu ýerde
ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak,
halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary
bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet we sungat
ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda Milli bahar baýramy —
Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi
we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we
olimpiadalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynda sanly ulgam arkaly “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany” atly
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda
makroykdysadyýet dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň, sanly
ulgam arkaly “Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri” atly III
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça V Halkara internet
olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Ýaşlaryň ylmy gözlegleri”, “Daşary ýurt
dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze
garaýyşlar” atly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde
häzirki zaman ylmy barlaglary: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetinde IV informatika dersinden Halkara açyk internet olimpiadasynyň,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde
utgaşykly görnüşde “Häzirki zaman oftalmologiýasynyň wajyp meseleleri” atly
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam
arkaly “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly II halkara
ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly
maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary,
professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim
ojaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli
ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň
berkidilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde
halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklipleri
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistan bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ulgamyna girýän edaralar, şol
sanda Halkara Deňiz Guramasy (HDG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň
daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji
ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu düzümiň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk
soňky ýyllarda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz guramanyň 14 konwensiýasyna goşuldy
we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygymyzy, amaly taýdan ýerine
ýetirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň ulag
diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Halkara
Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen
taýýarlanylan teklipleri beýan etdi.
Halkara
Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak işini yzygiderli ilerletmek maksady
bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň
wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň gämi
ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da
pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bu guramanyň Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek
hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji
wezipeleriniň biri bolar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda HDG-niň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza
saparlaryny guramak, onuň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly
maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şular bilen birlikde, ýurdumyzyň agzalan
düzüm bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli
halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer,
daşary işler ministrine tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli
ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler
durmuşa geçirilýär. Şunda pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işini
kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi döwlet hyzmatlarynyň gysga
wagtda ýerine ýetirilmeginde, maglumatlaryň elýeterliligini, kiberhowpsuzlygy
üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwlet edaralarynyň
işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi
hem-de wise-premýere pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hukuk
binýadyny berkitmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.