Türkmenistanyň
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp
barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da
kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen
wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada
hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga
berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, şol sanda Lebap welaýatynda
gurlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar
hem-de desgalar toplumy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ýaragly Güýçleriň harby
bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna ak pata berendigi
üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene-de bir gezek
hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri üçin harby
hünärmenleri taýýarlamak, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi
hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Baş
prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi
amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak,
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy
hakynda hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, hasabatda Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň ulanmaga berlendigi
aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini
pugtalandyrmagyň, kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de Baş
prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň
ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda hukuk
bozulmalarynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň
kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda
Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý
toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat
Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli 2 sany döwrebap ýaşaýyş
jaýynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli
täze ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak,
asudalygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanunylygy has-da berkitmek
boýunça alnyp barylýan işleri, ýol hereketiniň kadalarynyň, ýangyn
howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine
ünsi çekdi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň
çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, hususan-da, milli kazyýet
ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramak,
raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kazylaryň
bilim derejesini kämilleşdirmek boýunça okuwlary yzygiderli geçirmek babatda
anyk görkezmeleri berdi.
Milli
howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, N.Atagaraýewi, başga
işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy we bu
wezipä D.Meredowy belledi. D.Meredow harby kasama ygrarlylygyň nyşany hökmünde
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly
Prezidentimize wepalylyk barada dabaraly kasam etdi.
Döwlet
Baştutanymyz ministrligiň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde
üstünlikleri arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi
hem-de bu düzümiň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça degişli işleri
alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýylyň başyndan
bäri alnyp barlan işler, hususan-da, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň
ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda gullugyň düzüminde täze serhet galasynyň
açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk
serhedidigini belledi hem-de onuň çäklerini pugta goramak maksady bilen alnyp
barylýan işleri talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat
ministri M.Taganow hasabat döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da
pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini
geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk
namalarynyň taslamalarynyň, milli kanunçylygymyzyň halkara hukugyň kadalaryna
doly laýyk getirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre bu
ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şu ýylyň
ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň gullugyň
işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat
gümrükhanasynyň işgärleri üçin niýetlenen 4 gatly, 24 öýli gulluk ýaşaýyş
jaýynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük edaralarynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gümrük barlag
nokatlaryndan geçirilýän harytlaryň gözden geçirilişini ýokary hilli guramak
babatda gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň
başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň
bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa
gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň täze edara
binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de gullugyň
ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini, migrasiýa
babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatda yzygiderli çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy we bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.