Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri,
hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp
barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň
çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler
bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary
hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk
saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda,
azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de bu ekinleriň
tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle
hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da,
bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerinde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş
çekmek, şeýle hem pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş
möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de
tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda
geçirilmeginiň zerur ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasylynyň
düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş hem-de
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly alnyp
barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk
gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
we gurallaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda
azyklyk ekinleriň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň ekiljek
meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilip, olaryň tohumyny ekişe
taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.
Mundan
başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň
berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga
ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan
başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak we ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada
öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin
meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, tekizleýiş, çil
çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri hem utgaşykly dowam etdirilýär. Pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde
ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler
görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlary hem-de
bu ekinleriň tohumy ekiş möwsümine doly taýýar edildi.
Mundan
başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan
esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli
alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş
çekmek işleri, şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny,
ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak, şeýle hem ekişde ulanyljak
tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap
almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan
başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek
işleriniň ýokary hilli hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta
hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş,
geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja we beýleki
azyklyk ekinleriň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak hem-de ilaty bu
önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
welaýatlarda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek hem-de
olaryň tohumyny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna
ünsi çekdi hem-de oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý
edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ýerine ýetirilýän ähli
oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine
taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin
işleriň möhüm ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça
ekiljek ýerlerinde tekizlemek, geriş, çil çekmek, Lebap welaýatynda ýuwuş
suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta
öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde
üpjün edilmegini, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we
gurallarynyň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý
meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
ýerleri we tohumlary talabalaýyk taýýarlap, ekişiň gysga wagtda, ýokary hilli
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini,
welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz
welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.