Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe
öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we
suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna
döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen
gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze
bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi.
Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen
duşuşyk geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň
düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren
çärelerine gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän
kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk
gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri
ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank
ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli
işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan” döwlet
täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki
binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy we
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap
maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki
binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün
etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebiti
gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony
daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak,
önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty
döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz
işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we
paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl binalar
we desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýylynda-da ýurdumyzda köp sanly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp
ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly
binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de olaryň sanawyny makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň fewral aýynda
paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek
boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan
kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we
tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki
serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler
we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika,
logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we bu ugurda
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda
geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň
dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý
tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň,
sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň,
okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde “Dessançy
bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly
konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk
sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda
beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan
aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny
gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda
geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly
ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp
barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde
professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis
we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň,
okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk
ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik
şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar
bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny
pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron
žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary
taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň
mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly
ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy
esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek
boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Halkara guramalar, şol
sanda Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň çäklerinde dünýä ösüşiniň
gün tertibinde durýan sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça möhüm
başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň
ýokary derejeli plenar mejlisinde ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly
ösüş, ulag, energetika, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer we halkara
hukuk ýaly ugurlarda ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk
teklipleri öňe sürdi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Milletler Bileleşiginiň
münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky
başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu teklibi amala aşyrmagyň çäklerinde
ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Onda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara hukugyň ýylyny
yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça
müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň
sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we
Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär.
Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda
halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin we halkara çäreleri, hususan-da,
ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri, beýleki çäreleri
guramak göz öňünde tutulýar.
Hukuk bilimini
ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta hem-de
ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek,
olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de
zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy barlaglary
höweslendirmek we täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek maksady
bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek
teklip edilýär. Giň jemgyýetçiligi Halkara hukugyň ýyly barada milli hem-de
halkara derejede habarly etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak, Halkara
hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak
göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip
yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. “Munuň özi
parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm
ädim bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurda
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny
sanlylaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda,
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny
taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we
kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini
yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk
tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan
degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.