Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki
bilen, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny
goramak, migrasiýa babatdaky meseleleri kämilleşdirmek, balyk tutmak we suwuň
biologik serişdelerini gorap saklamak, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan
mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak
bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda
döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde
geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşandyklary, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan
Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrandyklary barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp
taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda belläp, bu ugurda alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank
toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy
ýaly, meýilnamalarda Türkmenistanda makroykdysady durnuklylygy, ýurdumyzyň we
sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, maýa goýum
syýasatyny kämilleşdirmek, amatly maýa goýum, işewürlik gurşawyny döretmek,
sanly ulgamy we döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam
etdirmek, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik kuwwatlyklarynyň
ulanylyşyny seljermek, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini
gazanmak, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady, býujet-salgyt, pul-karz syýasatlary
esasynda işleriň amala aşyrylmagyny guramak, zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş
üpjünçiligini, durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, bank we
ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli
statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary
bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, daşary ykdysady işi kämilleşdirmek, döwlet
emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak,
ykdysadyýeti pul serişdeleri bilen kadaly üpjün etmek we zerurlyga laýyklykda
karz bermek, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, kanunçylyk
binýadyny, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça
çäreler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer ykdysadyýet,
maliýe we bank toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine
ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň
maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň
üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we
ykdysadyýet, maliýe, bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň
taslamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet
konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini çuňňur özleşdirmek, tebigy we ugurdaş
gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen
tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek,
nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek,
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we tebigy gaza baý
bolan gurluşlary, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek we ýüze çykarmak,
sanly ulgamy ösdürmek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary
önümçilige giňden ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutuldy. Şeýle hem
“Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmek işlerine girişmek,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi
bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny
üstünlikli ýerine ýetirmek meýilnamada iň möhüm wezipeleriň hatarynda
kesgitlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak
boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň
2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynyň 2026-njy
ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, meýilnamanyň taslamasynda oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli
durmuşa geçirmek bilen bagly işler, hususan-da, oba hojalygyny, weterinariýa
işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň
täze görnüşlerini döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap
saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek,
suw hojalygyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, pagta we ýüpek
senagatyny ösdürmek, senagat kärhanalaryny olary gaýtadan işlemekden alynýan
önümler bilen üpjün etmek, galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri
bilen üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak we oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehniki hyzmatlary ýerine
ýetirmek, azyk senagatyny ösdürmek, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny
döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň, guşlaryň baş sanyny
artdyrmak, maldarçylyk we guşçulyk önümlerini öndürmek, ilaty bu önümler bilen
üpjün etmek, atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş
sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bilen
baglanyşykly wezipeler göz öňünde tutuldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, önümçilikleriň
möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde
saklamagyň möhümdigini belledi hem-de oba hojalyk pudagy boýunça 2026-njy ýyl
üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan taýýarlanylan 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary
barada hasabat berdi.
Meýilnamalara
laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
binalarda we desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek,
gurluşyklary, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen
üpjün etmek, täze, döwrebap ugurdaş kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň
durkuny täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa
we gurluşyk senagaty pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak,
önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama
kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak,
täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde
medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň, inženerçilik
ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleri
talabalaýyk ýerine ýetirmegiň, gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini
yzygiderli artdyrmagyň, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
kämilleşdirmegiň, täze awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek işlerini
gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we
senagat toplumynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy boýunça 2026-njy
ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, meýilnamalarda içerki bazarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny,
bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny
döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti we elektron
söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, dokma
senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli
ulanmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak, hilini
ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasy bolan milli halyçylyk
sungatyny ösdürmek hem-de geljek nesillere ýetirmek, Döwlet haryt-çig mal
biržasynda elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak,
Söwda-senagat edarasynyň sergileri we maslahatlary guramak boýunça işini
häzirki zaman tehnologiýalary esasynda kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek
boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen, importyň ornuny tutýan we eksporta
gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmak, daşary ýurtlar bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, milli harytlarymyzyň dünýä bazarlaryndaky
ornuny giňeltmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmegi, içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň
bolçulygyny döretmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly
we netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz söwda toplumy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamalaryny makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeniýet ulgamyna degişli
ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş
meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Iş
meýilnamalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy, 2026-njy
ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik
bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy, şol sanda
syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, maddy we maddy däl medeni mirasymyzy
öwrenmek, giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş
işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek, edara-kärhanalaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň
işini kämilleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary
önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleriň
sahnalaşdyrylmagyny, halkymyza ýokary derejeli medeni hyzmatlaryň guralmagyny
gazanmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet
maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan
wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň
abraýly sanawlaryna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek, Oguz han adyndaky
“Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda
gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden
şöhlelendirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna
laýyk guramagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri
dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň
2026-njy ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat
berdi.
Meýilnamalarda
ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw
kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk”
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň
öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty,
Olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion
senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar, ylym ulgamlaryna
çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri
alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten
belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy
wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim
ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermegiň, saglygy
goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek we sporty ösdürmek işlerini gözegçilikde
saklamagyň zerurdygyny belledi hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport
ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň
taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, meýilnama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasyna” hem-de hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 6-njy
dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň
gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren
tabşyryklaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Oňa laýyklykda, syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki çäreleri amala aşyrmak arkaly
Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin zerur işleri
alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky çäreleriň çäklerinde
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
sessiýalarynda, şol sanda onuň 80-nji sessiýasynda öňe süren halkara
başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçirmek we utgaşdyrmak
wezipesi öňde goýulýar.
Şeýle
hem meýilnamada ýurdumyzyň halkara maliýe-ykdysady düzümler bilen alyp barýan
işlerini pugtalandyrmak, gatnaşyklary ilerletmek boýunça çäreler
meýilleşdirilýär. Onda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş
guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmeleri boýunça halkara agentlik ýaly ykdysady guramalar bilen gatnaşyklary
ösdürmek boýunça çäreler hem bar. Mundan başga-da, Birleşen Milletler
Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti
boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen
bilelikde amala aşyryljak çäreler barada nygtalýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary
syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä
döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny ösdürmegi
mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Daşary işler
ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady hem-de
wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän toplumynyň degişli
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň
meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
meýilnamalarda ýurdumyzda ulanmaga berlen ulag infrastrukturasyny sebitiň
üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny
artdyrmak, toplumyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmek, maýa
goýumlar üçin amatly şertleri döretmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri
tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem 2026-njy ýylda döwrebap
demir ýol menzillerini, deňiz gämilerini, önümçilik we durmuş ähmiýetli
desgalary gurmak, teplowozlardyr wagonlary abatlamak ýaly maýa goýum
taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, wise-premýere ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini döwrüň
talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz halkara ulag geçelgeleriniň işini ösdürmegiň, üstaşyr
gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek we olaryň sanyny artdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, aragatnaşyk ulgamynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň 2026-njy ýyl
üçin iş meýilnamalaryny makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.