Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri dowam etdirilýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek
üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim
welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş
möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda
häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda
alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak
tehnikalary, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Şeýle-de häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik
binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň
barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý
edilmeginiň durnukly ösýän oba hojalygynyň binýady bolup durýandygyny belledi
we häkime welaýatda oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda degişli
görkezmeleri berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur
çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde
welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýagdaýy hakynda hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda
toplumlaýyn çemeleşmäniň üpjün edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga ýardam
berýändigini belledi we häzirki wagtda welaýatda dowam edýän agrotehniki
çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada-da tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek,
ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur
alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň
çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm,
tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde we ideg işlerinde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak ugrunda degişli çäreler
görülýär. Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň
çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň
ekinlerden ýokary hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden hem
netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde
saklamak babatda degişli görkezmeler berildi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça
tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary
möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda
ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony
gaýtadan işlemek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda dowam edýän gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy we
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň talabalaýyk, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze
ýylda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.
Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekiş möwsüminde pagta
öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler
alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme
taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça hem zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we
wise-premýere pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý
meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde
sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň,
pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün
etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk
taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy
ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň
geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant
şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi,
welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işleýşini hem-de ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde saklamagy, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.