Eziz watandaşlar!
2025-nji
ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az
salymdan täze — 2026-njy ýyly garşylarys.
2026-njy
ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz
arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar.
Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.
2025-nji
ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere
beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.
Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Berkarar
döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, täze etraplar
döredildi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary,
saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary,
başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi
täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldy.
Ýangyç-energetika
toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi
duralgasy işe girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat
welaýatyna barýan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
Ahal
welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy,
paýtagtymyzda çüýşe önümlerini öndürýän kärhana, Balkan welaýatynyň Esenguly
etrabynda agyz suw arassalaýjy desga, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän
awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki
himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň, Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berildi.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygyna hem
girişildi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler
merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.
Şu
ýyl ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka
etrabynda Bagtly zamana atly täze, döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesi
dabaraly ýagdaýda açyldy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam
etdirildi. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň
gurluşygy hem dowam edýär. Bularyň ählisi «Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Oba
hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Edermen
daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli
bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine
ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň
baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini
ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.
Ýurdumyzyň
nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda toplumlarynda hem köp işler amala
aşyrylýar. Bu toplumlar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp
goşant goşýarlar.
Eziz watandaşlar!
Halkymyzyň
saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň
möhüm ugry bolup durýar. Tamamlanyp barýan ýylda Aşgabat şäherinde köpugurly
hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň, şeýle
hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp
barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.
Ylym
we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw binalar toplumy,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy we başga-da
köp sanly bilim maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi.
Ýaş nesillerimizi sport
bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da
belende götermek ugrunda hem uly işleri alyp barýarys. Şu ýyl «Galkynyş» milli
at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo halkara festiwalynda baş baýraga
mynasyp boldy. «Arkadag» futbol topary
hem halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da
artdyrdy. Türgenlerimiz dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip,
baýrakly orunlara mynasyp boldular. Biz geljekde hem ýurdumyzda sporty ösdürmek
boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Biz
milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça
hem giň gerimli işleri alyp barýarys. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi.
Şeýle hem türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Geçip barýan ýylda halkara
derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Geljek
ýyl Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda ýokary derejede geçireris.
Eziz watandaşlar!
Şu
ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan
kabul edildi. Munuň özi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini
ýene-de bir gezek görkezdi.
Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli halkara derejede köp sanly çäreler geçirildi. «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bu
ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Awaza syýasy
Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň
başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
«Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 —
2035-nji ýyllar)» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly
energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
«Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň
orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek»
atly halkara maslahat hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara maslahatyň jemi
boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
geçirilen halkara forum şanly ýylyň iň esasy wakasyna öwrüldi. Ýokary derejede
geçirilen halkara forum boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu forum
parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi.
Hormatly adamlar!
Ata
Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, biz ýetip gelen 2026-njy
ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýip at berdik. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy
bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet
çekeris.
Eziz watandaşlar!
Ýene
az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşy alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk
jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Täze
ýyl abadançylygyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Maşgala ojaklaryňyza
agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun!
Täze
ýyl rowaçlyk, bagt getirsin!
Täze
ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!
Täze
— 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!