Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň,
Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz
berdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy
ýetip gelýän Täze ýyl bilen deputatlaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda 2026-njy ýylyň ýurdumyza uly üstünlikleri we
rowaçlyklary getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Soňra
Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň geljek ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete
eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň
degişlidigi baradaky pähimlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe
barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini
dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik
birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň
esasynda, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljek ýylyň nyşany
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap
atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul
edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň
şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap,
2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşylanyldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, onuň döwletliligini we hukuk esaslaryny
berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ulgamlaýyn esasda pugtalandyrmaga,
halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga
gönükdirilendigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
Türkmenistanyň daşary syýasatyny has-da işjeňleşdirmek, döwletimiziň halkara
giňişlikdäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, uly
işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylda amala aşyrylan giň gerimli işler hem
munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň
dowamynda alyp baran asylly işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de türkmeniň milli
düşünjesine mahsus dowamat-dowam ýörelgesiniň iş ýüzünde amal edilýändigini
görkezýär.
Wise-premýer,
daşary işler ministri geljek ýylda hem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy hem-de 2026-njy
ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman
Arkadagymyzy mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi
ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşary syýasy ugur boýunça
dürli derejede möhüm çäreler geçirildi. Olar halkara parahatçylygy, howpsuzlygy
we durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmäge
gönükdirilendir.
R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şu ýylda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul
edilendigini aýdyp, ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde
ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen
Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)»
atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi. Ol döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem
wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Hökümet
agzalaryny, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryny,
Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant
goşýan daşary ýurt raýatlaryny “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna”
atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglandygyny aýdyp, bildirilen
uly hormat hem-de ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny
beýan etdi.
Çykyşynyň
ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini ýetip
gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk,
abadançylyk, bagtyýarlyk, mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji — Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen
başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp sanly halkara çäreleriň geçirilip,
möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini belledi. “Ýakynda bolsa
ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda
Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag
boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly
energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi”
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara
türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigini
nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy
ýaly, 2025-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň taryhynda hemişelik galar. Geçip barýan Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeler durmuşa geçirildi. Halkymyzyň
abadan we bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy halkara derejede giňden bellenildi. Geçip
barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi,
şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi. Bu mejlislerde we
maslahatlarda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli möhüm
soraglara seredildi.
“Ýurdumyzyň
ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli
pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlar kabul edildi.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň,
iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän
günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk
günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň,
bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň
bolçulygyny üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç
almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde, obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň
kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde
tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs
ýürekden gutlady we geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.