Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine
garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň
işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda
kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny
ýokarlandyrmak, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak babatda ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby
gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri, ugurdaş ýokary okuw
mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan
çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň
goranmak ukybyny has-da berkitmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini
maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli harby
gullukçylary taýýarlamak, olaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýdyp, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda birnäçe
tabşyryklary berdi.
Baş
prokuror B.Muhamedow geçen on bir aýda kanunlaryň ýerine ýetirilişine, adamyň
we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek
boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de bu
düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura işgärleriniň hünär derejesini
yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda görlen toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunlaryň hem-de beýleki hukuk
namalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini
belledi we Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary
wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň on bir
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň we ýol-ulag hadysalarynyň
öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli
gözegçilik etmek boýunça görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn we ýol
hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik tertip-düzgünini pugta berjaý etmegiň, ýol
hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden
giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe
görkezmeleri berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on bir
aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, kazyýet işini netijeli guramak üçin
öňdebaryjy usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kazyýet
ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini hem-de
raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny
wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek
hakynda Permana gol çekdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda
ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan
işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministrligiň öňünde durýan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada
aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlyk
edaralarynyň işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça zerur işleri dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we degişli
görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew geçen on bir aýda Watanymyzyň serhetleriniň
ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň
hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýokary hünärli serhetçileri
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap,
bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Adalat
ministri M.Taganow raýatlara we edara görnüşli taraplara hukuk hyzmatlaryny
amala aşyrýan düzümleriň işini talabalaýyk üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän
düzüminiň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny has-da
kämilleşdirmek, hukuk üpjünçiligini pugtalandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk
namalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetini belläp,
ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, şol sanda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyza getirilýän
harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine gözegçiligi has-da
kämilleşdirmegi, gullugyň işine täze tehnologiýalardyr usullary ornaşdyrmak
arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de gullugyň
ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda amala
aşyrylan işleriň netijeleri, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle-de gullugyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin
döredilýän şertler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa
kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri
mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna
ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy,
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara
çäreleriň geçirilýän günlerinde howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini
ýokary derejede üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna
laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we
bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň
ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.