Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa
geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli
kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 22-nji
noýabrynda geçirilen on birinji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň baş maliýe resminamasyna we dürli ugurlara
degişli kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň
Başlygy hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet
býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin hoşallyk
bildirdi.
Häzirki
wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň
dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler dowam
etdirilýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.
Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ösüş maksatnamasynyň
Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan guralan maslahatlara, Türkiýe
Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň
23-nji güýzki mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji
çäresine gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Karz edaralary we bank işi
hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de
“Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy
hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, halkara standartlar
esasynda, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit
barlaglaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara auditor kompaniýalarynyň sanawyna
girýän we tejribeli daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlap almak maksady
bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky,
“Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”,
“Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan
audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň
özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň
ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek, onuň
hyzmatlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary
tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça
halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň nebitli
känlerinde hem-de meýdançalardaky guýularda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin
degişli işler geçirilýär. “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda
geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy we ol umumy nebit
geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul
edilip başlandy. Munuň özi bu käniň geljeginiň uludygyny we nebitiň çykarylýan
möçberini artdyrmakda örän ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere uglewodorod serişdelerine baý
bolan nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak
babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, önüm
öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler
dowam edýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, ýerleri ýazky
ekiş möwsümine taýýarlamagyň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri
dowam edýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak babatda zerur
çäreler görülýär. Suw hojalygy pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini
gowulandyrmak üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri
netijeli alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek
boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara görä ideg etmek, pagta meýdanlarynda
galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk
görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de
baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzda
taýýarlyk işleri, hususan-da, şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda,
şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň
geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutulýar. Şeýle
hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany, onuň
daş-töweregini bezemek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň
medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda,
Aşgabatda bezeg işlerini geçirmegiň, Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri
ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we bu ugurda taýýarlanylan
teklibi goldap, wise-premýere zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara
Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap
ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda
merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak,
göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy
bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly
kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we
dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň
zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň
Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara
Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini,
aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda bolsa
«Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we
sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky
«Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, Bitaraplyk binasynda
şanly sene mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Dekabr
aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli
baýramçylyk çäresiniň, estrada, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen
«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş
merkezinde, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada,
welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk
meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dekabr
aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň
açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, Nebitgaz senagaty we
geologiýa işgärleriniň gününe, şeýle-de beýleki wajyp çärelere gowy taýýarlyk görmek
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň bilim ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bilim bermegiň hilini, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny
kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde
mugallymlar we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin hünär derejesini
ýokarlandyryş okuwlary milli hem-de halkara tejribeler esasynda alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlar, nesil terbiýesi
baradaky taglymatlaryna, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek, okuw
maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary döwrebaplaşdyrmak, okuw işine
häzirki zaman tehnologiýalaryny, emeli aňy ornaşdyrmak arkaly bilimiň hilini
ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim babatda halkara şertnamalara
laýyklykda, bilim işgärleriniň ýokary taýýarlygyny üpjün etmek üçin halkara
hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn
işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere bilim
işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini mundan beýläk-de netijeli
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugur boýunça işleýän
edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw
bermeginde Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen
gatnaşyklar ikitaraplaýyn resminamalar esasynda ulgamlaýyn alnyp barlyp, dürli
ugurlar boýunça taslamalar amala aşyrylýar.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen
Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar
üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi. Şunuň bilen bir
hatarda, bilelikdäki işleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek
maksady bilen, şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň
Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Ösüş maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji
geňeşleriniň nobatdaky mejlislerinde BMG-niň bu agentlikleriniň Türkmenistan
boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamalary tassyklanyldy. Bu orta
möhletleýin resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek,
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, 2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek
üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen döwletimiziň degişli
ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda
dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip
taýýarlanyldy. Bu resminamalar we olar babatdaky degişli teklipler hormatly
Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Çaganyň
hukuklary hakynda Konwensiýadan gelip çykýan milli borçnamalary,
“Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji
ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” ýerine ýetirmek, hususan-da,
çagalar babatda milli kanunçylyk binýadyny, adam hukuklaryny goramak boýunça
milli edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi,
Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy
ýyl üçin, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş
meýilnamalary taýýarlanyldy. Şeýle-de çagalaryň we maşgalalaryň durmuş
goraglylygyny berkitmek, mekdep ýaşyna çenli çagalaryň taýýarlygyny
ýokarlandyrmak, inklýuziw bilim syýasatyny, “Ýaşyl” mekdep maksatnamasyny
ornaşdyrmak, bilim edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna ýardam
bermek, çaganyň köptaraplaýyn ösüşine goşant goşmak maksady bilen,
Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri
bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamalary taýýarlanyldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyn ýyllar üçin iş
meýilnamalary hödürlenildi. Bu resminamalar çagalar bilen bagly ýokary hilli
statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek, hasabatlylygy kämilleşdirmek,
köpölçegli klasterleýin syn bilen bagly hünär ýokarlandyryş çärelerini
geçirmek, maglumatlardan milli derejede netijeli peýdalanmak, çagalar barada
edilýän işleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat beriş çäreleri
arkaly giňden beýan etmek üçin taýýarlanyldy. Şolaryň arasynda beýleki ugurdaş
döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ÝUNISEF-niň wekilhanasy bilen 2026-njy ýyl üçin
iş meýilnamalary hem bar.
Türkmenistanda
gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine
ýardam bermek, bu ugurda toplumlaýyn işi kämilleşdirmek maksady bilen, Mejlis,
Ýokary kazyýet, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky
döwlet komiteti bilen Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy
ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm
ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu abraýly guramanyň
ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam
etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýük we
ýolagçy teplowozlaryny düýpli abatlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň
çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet
berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawynyň, üstaşyr ulag
mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny
artdyrmak üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini
aýtdy we pudagyň üstaşyr ulag mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça
taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.