Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda
iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda
alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler
görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp
barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly
binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz
işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim sebitde
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, topraga aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň
oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we
häkime möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň talaplarynyň berk
berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda
galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli
işleri alyp barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz
kabul edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme
taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar.
Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň çägindäki bilim,
medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş
ulgamlaryny bökdençsiz işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň babadaýhanlaryny gazanan zähmet
üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we daýhan yhlasy
bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaýa
ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek
babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly
Prezidentimize welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary
ýetirdi hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatyň şalyçy babadaýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen
gutlap, olara işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk
tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş
harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Sebitde bugdaý
ekişi doly geçirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş
maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek
ugrunda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň
berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak
boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta
arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. 2026-njy ýylyň pagta
hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işlerine girişildi.
Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki
edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda
ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler
görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda
alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagat üçin gymmatly çig mal
bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg
işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak
boýunça degişli işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki
tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm
işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny
tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Sebitde
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda degişli işler
ýerine ýetirilýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik
binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini
agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmek
barada tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak,
ony talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar, Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek
üçin zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy
taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk
berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi
we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam
edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we
welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur
işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly
taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki
möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap welaýatynda şaly hasylynyň, Mary
welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Sebitlerde
pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda
ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde
saklamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iýmiň
taýýarlanylmagyny üpjün etmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça
alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz gyş
möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky binalarda ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi,
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny
berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
welaýatlarda dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen
möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.