Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň
maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan
goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri
taýýarlamak, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan
boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini
ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministrine bu babatda alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk
gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga,
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat
berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylyk
namalarynyň ýerine ýetirilişi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar —
oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler
ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda
jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni
almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen
geçirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün
etmek üçin hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny
üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji
ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna
laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň
sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda
ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň
bilimini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli
bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de
ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine
ýetirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli bähbitlerimizi
ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler,
Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp
ulanmaga berlen döwrebap toplumlar, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň
hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň
hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny
üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak
boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu
ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Adalat
ministri M.Taganow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri,
hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy,
raýatlaryň hukuk düşünjesini ýokarlandyrmak, ilata hukuk taýdan hyzmat etmek
maksady bilen guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hukuk ulgamynda
öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny halkara kadalara
laýyklykda kämilleşdirmegiň, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmagyň,
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň
möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini
kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň
täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan
işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň,
hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk
gelýändigine gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň, gullugyň işine ösen
dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda birnäçe
görkezmeleri berdi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony ösdürmegiň maksatnamasyny
üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem
migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly harby gullukçylaryň
hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda guralýan çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa
kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini
belledi we gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede
üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda
ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns
berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we
bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar
durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.