Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki
döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek
maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy
ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine
ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet
ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi,
şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň
senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän
Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek
boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň
bilen birlikde, BMG-niň Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy
bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri
boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça
Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň
guramagynda geçirilen duşuşyga gatnaşyldy.
Mejlisiň
wekilleri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça
Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara
dialoga, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik
institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty
Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda
boldular.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli
sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilata edilýän döwlet hyzmatlarynyň
hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Döwlet
Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze
edara binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek hem-de gaz akdyryş
ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, bu ugurda ýöriteleşdirilen
düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olara halkara tejribäni
ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy
sarp edijilere ygtybarly ibermek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny
aýtdy hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen
bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip
ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen bir
hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki
möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär.
Şeýle
hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden
bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergini, halkara ylmy
maslahaty, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň V mejlisini, şeýle
hem “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny
guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmek işlerini dowam etmegiň, bugdaý ekişini guramaçylykly alyp
barmagyň, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigini
belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk
ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we
dolandyrylmagyny kämilleşdirmek, düýpli maýa goýumlaryň netijeliligini
gazanmak, gurluşyk pudagynda kabul edilen maksatnamalary bellenen möhletlerde
netijeli durmuşa geçirmek, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegini yzygiderli
amala aşyrmak, paýly gurluşygyň meselelerini has-da düzgünleşdirmek hem-de
gurulýan desgalaryň we binalaryň öz wagtynda, ýokary hilli ulanmaga
tabşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk
babatynda hereket edýän degişli kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk
ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala
aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde
köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda
Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň
gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler
bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, Eýran Yslam
Respublikasynyň hem ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan
welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan
welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge ýokary derejede
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda
geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat
toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň,
döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem
täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň
bilen bir hatarda, noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly
adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy
mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenýän
baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede
geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan
ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul
edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek
maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem
halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän
bu olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň
talyplary, professor-mugallymlary bilen birlikde dünýäniň iri ýokary okuw
mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy
göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hususan-da,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde
biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew
adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion
tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara
ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde
“Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV
açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň
özeni” atly halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we
ösüşiň geljekki ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe
dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany, Türkmen döwlet maliýe institutynda
maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk halkara
olimpiadany, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny,
Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş
fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini, Türkmen oba hojalyk
institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny”
atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň
röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki
hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly
halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň
zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm
ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly
halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk
görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt
bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy.
Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk
ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine
alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady
resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.
Netijeli
syýasy gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm
orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň
noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran
resmi we iş saparlary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň
noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar.
Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa
Respublikasyna sapary amala aşyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we
gepleşikler şu ýylyň maý aýynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji
sammitiniň çäklerinde hem dowam etdi.
Iki
ýurduň arasynda parlamentleriň, hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň
ugry boýunça-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara guramalaryň
çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Italiýa Respublikasy
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul
edilen kararnamalaryň ählisini goldady hem-de olaryň 10-syna döredijileriň biri
bolup çykyş etdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp,
Italiýanyň başyny başlan durnukly ösüş babatda halkara taslamalaryny we
meýilnamalaryny goldaýar.
Ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk energetika, ulag, hususy telekeçilik ulgamlarynda
we beýleki ugurlarda okgunly ösdürilýär. Ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar
netijeli häsiýete eýedir, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreler
yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň baý
taryhy-medeni mirasa eýedigi bellenildi. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak
wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde
bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça
Türkmen-italýan iş topary hereket edýär. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr
aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň
arheologiýa sergisini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bilim
ugry boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Türkmen
ýaşlarynyň wekilleri Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriniň 6-synda italýan dili
öwredilýär. 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw
mekdepleri Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS (ERASMUS) maksatnamalarynyň çäklerinde
hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan diline
terjime edilip, çapdan çykarylandygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara
gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime
öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler
alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn
duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan
işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek
“Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna
gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy
ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa
Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň
arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Italiýa Respublikasyna
boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew deňiz-derýa ulaglary
pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) degişli halkara
konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek we bu ugurda
deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz söwda
flotunyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara
Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň
hem şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp
geçýändigini aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi.
Munuň özi berkarar
döwletimiziň, mähriban halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä
göterýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we pursatdan peýdalanyp, Ministrler
Kabinetiniň agzalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.