Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine
ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe
kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.
Daşary
döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň
bilen baglylykda, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi, Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri
bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Duşuşyklaryň çäklerinde
dostlukly hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň parahatçylyk,
ynanyşmak, ynsanperwer syýasatyny hem-de bu ugurda toplan tejribesini parlament
diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak maksady bilen, utgaşykly görnüşde
Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň
“Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm
guraly” atly ikinji duşuşygy geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga
girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank
toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan,
ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna
garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan
özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan
ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz
syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap
bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara
maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga
girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk
görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy —
2025” atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin
isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň
hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen
gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata
gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek
— innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy
gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine
itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça
mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň
nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika
toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara
forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta
hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hasyly
pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, ýygym möwsüminde ulanylýan
kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek babatda zerur çäreler
geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan
oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmäge aýratyn üns berilýär. Ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem wise-premýer oktýabr
aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek
dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek
boýunça işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we
talabalaýyk alyp barmagyň, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki
S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň
gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu
döwrebap toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutup berendigi üçin himiýa pudagynyň
ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan
etdi.
Soňra
wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagat
desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu
işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
Munuň özi kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmaga, öndürilýän önümleriň
möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalaryny doly
taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet
konserniniň önümçilik kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum
taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky
innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda
Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik
hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki
wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan
edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.
Wise-premýer
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady
bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag
Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň
ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň
gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala
aşyrylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady
bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň
günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek
“Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelige görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda
geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň
eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze
sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň
teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär
bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony
tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu
Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara
kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik
görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna
görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň
öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply
ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli
kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň
özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň
öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan
işlerini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji
ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw
bermeginde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty
üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden,
halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň
çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol”
duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a
golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi.
Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly
infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş
maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan
edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň
syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz
öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy
Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary
aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman
Arkadagymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara
bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň
goldaw tapýandygyny, BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň
görkezýändigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny
dowam edip, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat
beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň
Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş,
bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm
meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat
beriş geňeşiniň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda
geçirilen 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň
gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, “Türkmenistan
bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol
deslapdan makullanyldy. 2005-nji ýyldan şu güne çenli ýurdumyzda jemi dört sany
Çarçuwaly maksatnama amala aşyryldy. Nobatdaky maksatnama Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady,
ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Şeýle hem BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan
garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ýerine
ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň ýubileý sessiýada eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň
BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan giňden goldanylandygy hem-de
olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalary etmäge
taýýardygy nygtaldy.
Mejlisde
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň netijeleri we onuň dowamynda kabul edilen resminamalary,
hususan-da, Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça meseleleriň
giň toplumyna seredildi. Şeýle-de bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary,
olaryň çäklerinde ýaşlar syýasaty, metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly
tehnologiýalar, energetika ulgamlarynda maksatnamalaryň häzirki ýagdaýy hem-de
ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler
Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen
teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanda
Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol
kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň
gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak
teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň
gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça
bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça
kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp
düzmek teklip edilýär. BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy
meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp
maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara
utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr
aýynda geçirmek teklip edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyz bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik
maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam
etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde
gämileri abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmaga möhüm
ähmiýet berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze
önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap
enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary
ulgamynyň ösüşine, gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň kämilleşdirilmegine,
ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz we derýa ulaglary
pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen
Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy
jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly
ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu
Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi
biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza
syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.