Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli
meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,
hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň
gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine
sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary
harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler
barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly
harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň
çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna
laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary
taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine
raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki
wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow
şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk
namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen
toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny
ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde
prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda
prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri
M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan
jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak,
Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen
işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň
howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri
barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý
edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni
almak, ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyna garşy göreş çäreleriniň berjaý
edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda gözegçilik
edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda sanly ulgamy, öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň
bilen birlikde, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen
işler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri
N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler,
degişli düzümlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion
gurluşyny, milli howpsuzlygyny hem-de bähbitlerini ygtybarly goramak, milli
howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dokuz aýynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini
goramak boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň netijeli
gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy.
Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar
toplumynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda Watan goragçylary üçin
yzygiderli alada edilýändiginiň, harby özgertmeleriň üstünlikli amala
aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün
etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna
birnäçe tabşyryklary berdi.
Adalat ministri M.Taganow
hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň hünär derejesiniň
ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde
teklipleri taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, kadalaşdyryjy
hukuk namalaryny taýýarlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini
nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp
barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak
maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp
barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen
talaplara laýyk gelmegine gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny
belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň
netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak, bu düzümi
ösdürmegiň maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen
çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gullugyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, işgärleriň hünär
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý
edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna
birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz
mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze etraplarynda harby we hukuk goraýjy
edaralaryň degişli düzümlerini döretmek hakynda resminama gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna
ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň talaplaryna
laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we
bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini
belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz
mejlise gatnaşyjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli
dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmegi
bilen tüýs ýürekden gutlady. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýolbaşçylary Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy ugrunda harby kasama wepaly
gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.