Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli
birnäçe meselelere seredildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen
we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň
geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň
yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk
we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň
başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen
raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek
boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225
raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda
Permana gol çekýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan
boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly,
ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen
adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal
zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli
özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual
aktiwler hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda,
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş
ýörediş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda kodekslerine we beýleki hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna
üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bahreýn
Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mundan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky
býurosynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda saýlaw we sala salşyk
ulgamyny kämilleşdirmekde toplanan tejribeler barada özara pikir alşyldy. Şeýle
hem Mejlisiň wekili ÝHHG tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşmak üçin
Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy.
Hormatly
Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp
taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini, şoňa görä, bu ugurda alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda
Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger
toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda,
söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty pudaklarynda, ulag ulgamynda, oba
hojalyk, azyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, durmuş,
zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty, medeniýet, sport we
syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
hem-de onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Wengriýanyň Türkmenistanyň hyzmatdaş
döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň özara dostlukly gatnaşyklary
alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini
tassyklamak hakynda resminama gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da,
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi. Häzirki wagtda korporasiýa tarapyndan ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny anyklamak we ýüze
çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, gözleg-barlag
guýularyny burawlamakda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Bu
ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin düzümiň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn
üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryny ýüze çykarmak,
uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň
zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip,
ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler
görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Pagta ýygymy
möwsüminiň çäklerinde daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak we kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda
kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk
hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak
maksady bilen, ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretmek babatda zerur çäreler
görülýär. Şeýle-de wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we
ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly
peýdalanmak üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we
onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere
geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ösdürilip
ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almagy guramaçylykly alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk
baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň paýtagtyny mundan
beýläk-de gözelleşdirmek hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek
maksady bilen, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda we desgalarda, seýilgählerde
abatlaýyş hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Şanly sene mynasybetli
Aşgabat şäheriniň şaýollaryny, köçelerini dürli reňkli ýazgylar hem-de nyşanlar
bilen bezemek işleri ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz
Aşgabat şäherinde berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli
baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyryljakdygyny aýtdy hem-de
wise-premýere paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan
durmuş-ykdysady özgertmeler bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak we
daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda
öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde Türkmenistanda hem-de
daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik
duşuşyklary uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrmak, milli
ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny, ýokary tehnologiýalary çekmek baradaky
tabşyryklaryndan ugur alyp, Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli
ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylda geçirilmegi
teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň
sanawynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini halkara
derejede giňden tanyşdyrmak maksady bilen netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny,
ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik
duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň
halkara güni, Hatyra güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çärelerdir
dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz
etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly
oktýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny
nygtady we ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş
dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere
gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Saglygy goraýyş, bilim we
sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä
we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri,
lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň,
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň
gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde Türki dilli
ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog
lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi saglygy
goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de öňdebaryjy
tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny
ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny belledi hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy
maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanymyzy 21 — 24-nji
sentýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň
üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň
belent münberinden çykyş edip, sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça
netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny
beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün
etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we
halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça anyk teklipler öňe
sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti
meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek hem-de bu sammitiň netijesinde
Halkara ynanyşmak kodeksini işläp düzmek boýunça başlangyçlary beýan edendigi
bellenildi. Şeýle-de 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça
onýyllygyny” yglan etmek, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly
energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary teklip
edildi.
Hormatly
Prezidentimiziň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilik
tarapyndan giňden goldanylýandygyny nazara alyp we Durnukly ösüş maksatlarynyň
milli hem-de sebit derejesinde ýerine ýetirilişine goşant goşmak maksady bilen,
ýurdumyzda 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip
edildi. Munuň özi Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit
merkezini döretmäge hem-de Hazar ekologik başlangyjyny iş ýüzünde amala
aşyrmaga itergi berer. Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek
hakynda Kararnamany kabul etmek teklibi köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy
berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy
pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Halkara hukuk ugrundaky hyzmatdaşlyk barada
aýdylanda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara
kadalaryň, şol sanda BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen,
Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmegi teklip
edýär.
Saparyň
dowamynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretary, Eswatininiň Patyşasy,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň
Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň
Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary täze derejä
çykarmagyň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli
ýörite plenar mejlisiniň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalary Baş Assambleýanyň çäginde Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmegi tizleşdirmäge we bu prosesiň netijeliligine, hususy pudagyň durnukly we
hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan köp sanly çärelere, Zenanlaryň ýagdaýy
baradaky 4-nji bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň
ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň
Baş sekretarynyň orunbasarlary, Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri,
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň dünýä
ýurtlary, halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary
yzygiderli berkidýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
80-nji ýubileý sessiýasynda hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy,
howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen garaýyşlaryny we beýleki ugurlar boýunça
başlangyçlaryny beýan edendigini belläp, geljekde-de Birleşen Milletler
Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde
parahatçylygyň, dost-doganlygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýandygy
bellenildi. Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik
ýörelgelerine eýerip, häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatyna
we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur paýhasa ýugrulan
ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu babatda degişli işler yzygiderli amala
aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny
ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan
142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli
işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri
bolup durýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna
Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň
taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda
netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin
halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa
ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuw türgenleşiklerini geçirmäge
niýetlenen “Diamond” kysymly howa gämileriniň halkara derejeli
sertifikatlaşdyrylan ýerli uçarman tälimçilerini taýýarlamak hem-de mekdebiň
derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ýerli uçarmanlar bilen bir
hatarda, daşary ýurtlaryň uçarmanlaryny taýýarlamaga, mekdebiň okuw-türgenleşik
uçuşlaryna Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentliginiň oňyn
tejribesini we ülňülerini ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge uly
ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan
mekdebinde halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky teklibi makullap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini, Garaşsyzlygyň halkymyz
we döwletimiz üçin mukaddes baýramdygyny belledi we pursatdan peýdalanyp,
mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň
mejlisine gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.