Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn
dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun
taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunuň
bilen baglylykda, häzirki wagtda iş toparlarynda Bitarap döwletimiziň
parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual
eýeçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek
hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen
baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň
geçirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna
döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Halk
Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri,
jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär. Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiren çärelerine
hem gatnaşdylar.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň zähmet
bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de bu Konsepsiýany
amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary
barada hasabat berdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň
maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden
garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen
üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan
ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň
gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi. Şunuň
bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen
bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň
görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet
Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň
esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmäge uly ähmiýet
berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zähmet
bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň zähmet
bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda”
Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak,
olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky
zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin
netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak
üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli
desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Diýarymyzda bugdaý ekişi
möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen
üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki
azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler
alnyp barylýar. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş
harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler
ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýetişdirilen pagta
hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly
geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň,
alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň
hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini
belläp, oňa ak pata bermegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we
onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini
talabalaýyk geçirmegi, bu işde ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba
hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba
hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip
gelendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly
geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta
ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny
“bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen
pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat
kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir
gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň
gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi
ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini
kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga,
öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge
ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli
ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat
kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat
önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şoňa
görä, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze
gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabrynda Türkiýe
Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara
sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba
hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän,
ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan
telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli
gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň
Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşmagy
boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, zehinli aýdymçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde
höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde
geçirilýän jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu telebäsleşigiň
jemleýji tapgyryny “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyny
ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, aýdymçy ýaşlarymyz
üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
wise-premýere “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny hem ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa zehinli çagalaryň
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny
guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungata söýgi döretmekde, olaryň
zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji
tapgyryna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli
aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik
toparlarynyň 13-si gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy,
sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň
merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan
dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we
Pekin şäherlerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Aziýa
— Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, sebit we halkara guramalar bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy we Şanhaý
Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary
işler ministri döwlet Baştutanymyzy şu ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry
aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen
gutlady.
Bellenilişi
ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we onuň
“ŞHG+” formatyndaky mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu
guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna,
halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygyny nygtady, şeýle hem täze
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri beýan
etdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup
durýandygyna ünsi çekip, bu babatda ulag-logistika, kommunikasiýa,
elektroenergetika, senagat we söwda ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň
hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy tarapyndan yglan edilen Ählumumy dolandyryş
başlangyjyny goldaýandygyny we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça
bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygyny beýan etdi. Şunda bu başlangyjyň
ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigi
bellenildi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar
hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Saparyň çäklerinde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garaldy we birnäçe ylalaşyklar
gazanyldy. Bellenilişi ýaly, gaz pudagy özara bähbitli türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň
barşynda şu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ünsi çekdi. Şunuň bilen
birlikde, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Hytaý
Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri
hakynda Baş ylalaşygy taýýarlandygyny habar berdi we geljekde bu hyzmatdaşlygyň
şol resminamanyň esasynda ösdüriljekdigini nygtady.
Saparyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi
komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk
Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan
bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý
hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň noýabrynda geçirmek
baradaky meselä seredildi. Saparyň öňüsyrasynda we onuň barşynda ikitaraplaýyn
resminamalaryň 5-sine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady
hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, şeýle hem intellektual eýeçilik, ýokary bilim,
muzeý işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk
boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.
Saparyň
çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň
wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Saparyň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we harby ýörişe
gatnaşdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky
gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini we ýakynda bu ýurda iş saparynyň
amala aşyrylandygyny belledi. “Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gol
çekilen resminamalar hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim
bolar. Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy mundan
beýläk-de dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny
sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary
önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly
utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, “Elektron resminama,
elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de “Elektron
hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri
has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we ony
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden
ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary
tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, bu
ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.