Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp
barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar — awgust
aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek
boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem degişli ministrliklerden, pudaklaýyn
dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, şu geçen döwürde
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 15-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda
“Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”,
“Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”,
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý
medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda halkara konwensiýa degişli
Teswirnama goşulmak boýunça” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen
birlikde, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat
iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik,
awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen
baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we
goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine
taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Halk
Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde degişli
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň
halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.
Daşary
ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçileriniň 7-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 47-si geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň deputatlary we
hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan
maslahatlaryň 70-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 24-si guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy
guramaçylykly geçirildi we onuň jemleri boýunça Parlament ýüzlenmesi kabul
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk
görmegiň, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär,
ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Görlen toplumlaýyn çäreleriň
netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy,
şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda
4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar —
awgust aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik
görkezijileri gazanyldy.
Hasabat
döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt
dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim
ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet
haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
10,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady
görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň, býujet we
salgyt ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin
ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalaryny ýerine
ýetirişini yzygiderli seljermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek
boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmakda
gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, “Türkmennebit”
döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy.
Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek,
benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy
çykarmak babatda oňyn netijeler gazanylýar. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy
öndürmek, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady
görkezijiler barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da
kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere nebitgaz senagatyna degişli
kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi
dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu
ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň
welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,4 göterime barabar boldy. Bu görkeziji
Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,4 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 100,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 133,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 119,5 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 107,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 102,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 245,3 göterim ýerine ýetirildi.
Oba
hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta
hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, hasyly kabul etmek boýunça degişli taýýarlyk
işleri alnyp baryldy. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalar, pagta kabul ediş
harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak tehnikalar taýýar edildi. Şeýle hem
geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ekiş möwsümine taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Wise-premýer welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin
bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda,
ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli
hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe
maslahatlaryny geçirmegiň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine
başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş
etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän
düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga,
azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri
geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy
daýhanlarymyz üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip
gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda
3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan
bugdaý ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý
edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,1 göterim, Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi boýunça 107,8 göterim, Energetika ministrligi boýunça
110,2 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu
görkeziji 103,1 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň
meýilnamasy 117,6 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalary
taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, täze
önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga
beriljek binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen
möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň
ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 117,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100 göterime
barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini
104,2 göterim üpjün edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah
ýüplügiň önümçiligi 116,6 göterime, nah matalaryňky 122,7 göterime, gön
önümleriniňki 116 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça
önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,2 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 194 birža söwdasy geçirilip, olarda 18
müň 884 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň sekiz aýynda Söwda-senagat edarasy
boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň azyk
we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmagyň, söwda
toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak
boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere eksport edilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça
maksatnamalaýyn işleri geçirmegi dowam etdirmegi hem tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda
göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni
çärelerdir dabaralar geçirildi. Şu ýylyň 20-nji awgustynda Döwlet medeniýet
merkeziniň Mukamlar köşgünde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleri jemlendi. “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň milli günleri, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleri
ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň ýaşlar kamera orkestri Awstriýanyň Wena
şäherinde geçirilen XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, ýokary
baýraklara mynasyp boldular. Sungat ussatlarymyz halkara çäreleriň başga-da birnäçesine
gatnaşdylar. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni
mirasymyzy giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Wise-premýer hasabatyny
dowam edip, şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
mynasybetli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri,
sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly
dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda “Nowruz
ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan
edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Aşgabat” aýdym-saz
merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň
geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy
mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk
konsertiniň, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag
şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş
dabaralarynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli
dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy
mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň
öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini
belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän
medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi
hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen
özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden
ulanyldy. Okuwçylar, talyplar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly
üstünlikleri gazandylar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň göwnejaý dynç
alşy üpjün edildi, halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar, olimpiadalar,
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda bilim işgärleriniň
maslahaty geçirildi.
Ylym
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler hem meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.
Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy temalaryň ýerine
ýetirilişi utgaşdyryldy. Ylmyň ugurlary boýunça dalaşgärler aspirantura,
doktorantura kabul edildi. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar
goraldy. Şeýle hem öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly
lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. “Saglyk”
Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler, şol sanda Aşgabat
we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasy
hereketde” atly amaly maslahatlar geçirilip, zähmetde aýratyn tapawutlanan
saglygy goraýyş işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň
adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Hasabat
döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça
işler hem dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça
8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly
geçirildi. Bu döwürde ýurdumyzyň türgenleri 640 sany medal gazandylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli
çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň
wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep
okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan döwrebap kompýuterleri sowgat
bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň
netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny
yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly
gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi.
Daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki
saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, ýylyň
başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa
Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary,
şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz
Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna saparlary
guraldy.
Awgust
aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady
bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň,
Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident
Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanda saparda boldular. Şu ýylyň 22-nji awgustynda
geçirilen ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn
duşuşygyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýurdumyza
sapar bilen geldiler. Şeýle hem hasabat döwründe Gruziýanyň, Azerbaýjanyň,
Nepalyň, Mali Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň,
Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Türkmenistana
saparlary boldy. Şunuň bilen birlikde, Eýranyň birinji wise-prezidenti,
Gambiýanyň we Malawiniň wise-prezidentleri ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Abraýly
sebitara, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň
daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
sekretarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň,
Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara
awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlarynyň, beýleki halkara
guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýurdumyza saparlarynyň bolandygy
bellenildi.
Şu
ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana,
ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň
güwäsidir. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 386-sy geçirildi.
Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri
bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 813-si guraldy. Ýylyň başyndan
bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň
117-si bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar
yzygiderli guralýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda
ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary
işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň
wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen
duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ilçihanalar
arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hasabat
döwründe bu ugurdaky işler hem yzygiderli dowam etdirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli
berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýer, daşary işler ministrine
abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji
sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň
80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe
sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl
üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy.
Bu
möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy
parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň
wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň
dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe
sürdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly”, 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”
diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamalary görkezmek bolar. Türkmenistan
tarapyndan Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda Parahatçylyk we howpsuzlyk
üçin bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite
gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, BMG-niň Parahatçylyk üçin araçylyk
palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek “Bitaraplyk
— parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizilip, onuň
çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini
goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy”, şeýle
hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy
hökmünde “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek
teklip edilýär.
Dünýä
halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan
ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda “Merkezi Aziýa —
parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy, şol sanda
parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça
bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde ählumumy
we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek
ýörelgeleriniň esasyny düzýän “Halkara ynanyşmak kodeksini” işläp taýýarlamaga
çagyryş beýan ediler.
Türkmenistan
durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlarynda-da netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary
esasynda ýurdumyz dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi
hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň
ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça
onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer. Bu başlangyç ulag
ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze geçelgeleri döretmäge we ähli
ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ulgamyna
elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Dünýä bazarlaryny energiýa
serişdeleri bilen üpjün etmek, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we
sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagyny gazanmak maksady
bilen, Türkmenistan “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly
energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu
başlangyç ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine,
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulmagyna ýardam
eder. Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek,
maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga we ösüşe hyzmat
etmegini gazanmak üçin Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly
integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.
Ýurdumyzyň
Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen
hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologik howpsuzlygy üpjün etmek,
howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak
bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä
bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň esasynda ýurdumyz Merkezi
Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder.
Bu merkez topragyň we ekoulgamyň goragyny güýçlendirmek hem-de ýurtlaryň
bilelikdäki tejribesini toplamak üçin köptaraplaýyn meýdança bolup hyzmat eder.
Şeýle hem Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin
konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu
konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin
ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer.
Merkezi
Aziýanyň daşky gurşaw meselelerine strategik çemeleşmegiň möhüm ädimi hökmünde
Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar
boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy
dowam eder. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde BMG-niň
Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek we onuň wezipelerini
durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli, meýilnamalaýyn işleri alyp barmak göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň dünýä derejesindäki
ähmiýetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Hazar ekologik
başlangyjynyň” çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek
teklip edilýär.
Ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda
beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamdaky başlangyçlaryndan ugur alyp,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar,
parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz
öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we
parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar
dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda
Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany
döretmek başlangyjy öňe sürler. Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek,
BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak
baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin “Köp dilli diplomatiýanyň
halkara gününi” yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda
“Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy”
atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen
hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri
yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly”
diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz
geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň
çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl
agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk
işleri dowam etdiriler.
Türkmenistanyň
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny
Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, olary bu guramanyň agza
ýurtlarynyň arasynda beýan etmek we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli
we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek
göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu babatda şu ýylyň 30-njy
awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda
işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda
brifingi geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy
bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi
we hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi. Hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň
meýilnamasy 101,5 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý
edildi.
Şu
ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi
boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 111,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet
gullugynyň ösüş depgini 114,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy
boýunça bu görkeziji 107,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120
göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan
wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwrüň talaplaryna görä
yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini
artdyrmagy, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek
boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu
ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Bilimler we
talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň
Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda
orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar.
“Ýaş nesilleri mynasyp
terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim
syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem
yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň
durmuşynda möhüm waka boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň
açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar
ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem
döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen
tüýs ýürekden gutlap, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdiler.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.