Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine
garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy,
asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen
baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny
berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň
gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
goranyş häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby
ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi
ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet
Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala
aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak
maksady bilen görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine
ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça
geçirilýän işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda
birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş
prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak we bu
wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi M.Sapargulyýewi belläp, ony Aşgabat
şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak hakynda degişli
resminama gol çekdi.
Soňra
içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar —
iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik
tertibini saklamak, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag
hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda, edaralarda we guramalarda ýangyn
howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň
geçirilişine uly üns berilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün
etmek, hukuk hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça içeri işler
edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň
zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde howanyň gyzmagy
bilen baglylykda, ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda
alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhüm ähmiýetini
nygtap, ministre bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini
işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli
maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň netijeli
işlemekleri we göwnejaý ýaşamaklary üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de
Ýokary kazyýetiň başlygyna raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini hemişe
gözegçilikde saklamagy, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişiniň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli
howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda amala
aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde
durnuklylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler,
ýolbaşçylyk edýän ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli
howpsuzlygymyzy ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli
kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we ministre birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny
döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby
gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleri
döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň serhediniň goňşy ýurtlar
bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny nygtap, gullugyň
ýolbaşçysyna Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri
taýýarlamak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk
edýän düzümlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan milli
kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we ministre bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işleriň
netijeleri, gullugyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrebap iş
usullaryny, iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça görülýän çäreler,
harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, gümrük
işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli
tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen
çäreler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we
gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini,
gullugyň işini kämilleşdirmek, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala
aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary
derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan
goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we
bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk,
halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.