Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly
ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde
galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm
işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu
önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda
ýygnalyp alynmagynyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary
netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda anyk
tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri
hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň gallaçy
babadaýhanlary tarapyndan 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu
ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy
hem-de netijeli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we
hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky
dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler
görülýär. Orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär.
Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak,
bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek babatda-da zerur çäreler
görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçy babadaýhanlaryny
şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen gutlady we
meýdanlarda galan bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky
möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, sebitde şu
ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap
almak, galla hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Bugdaý
öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme
ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz
ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we häkime bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýylda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edýär.
Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler
bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen
birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär.
Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki çäreler
ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatda galla oragynyň depginini güýçlendirmek,
gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek babatda
häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny,
galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň
bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen
hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler
görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny,
galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg
işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy
wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem
tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak
işleri dowam edýär. Galla oragynda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli
işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş
kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý
öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak
üçin degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg
işleri dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri,
Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam
edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary
görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny
belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly
geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp
barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak
üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba
hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip,
ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli
oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.