Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly çalt
we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul
etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly
güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar
öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmegini, welaýatyň
gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän
işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde bugdaý oragyna girişilip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar,
awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi,
ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap
almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi
we galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gowaça
meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehniki kadalary berk berjaý etmek arkaly
geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu
ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga
wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý öndürijiler
bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň
ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür
üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen galla hasylyny
öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi
hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
babatda degişli tabşyryklar berildi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba
hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen
tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça
ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen
hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi hem dowam
edýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap
almagyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň
biridigini belledi hem-de häkime welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek
üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde
tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi
çekip, sebitde bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde galla
oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz
ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý
daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär.
Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen
bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde
gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen
möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada-da hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça meýdanlaryndaky
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde oba hojalyk
tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip,
orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly
galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, döwlete tabşyrylan
hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin
zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň şaly
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri,
Lebap welaýatynda şaly ekişi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi
dowam edýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda
ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna
ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň
önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli
peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi
we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam
edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny
guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap
almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.