Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, döwletimiziň
ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun
taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Mejlisiň deputatlary daşary ýurtlaryň parlamentleriniň
hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gyzyklanma
döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýetleri
bilen duşuşyklaryň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň
we kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň wekilleri döwlet edaralary
tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde geçirilen duşuşyklara
we okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, Täjigistan Respublikasynyň
Duşenbe şäherinde hem-de Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde
iş saparlarynda boldular.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün
etmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler
Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli
sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde
we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän, şu ministrligiň garamagyndaky
zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini
döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlara degişli
hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge
we beýleki maksatlara gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy
we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy
ösdürmek bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda amala aşyrylýan sebitleýin
taslamanyň çäklerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynda,
hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalarynyň
degişli awtomatik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler
alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň
bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň,
öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna
laýyk getirmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň
esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmäge
gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda
we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça
işler dowam edýär. Däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşaýan awtoulaglaryň
doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly kabul
etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda
ideg işleri, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi dowam edýär. Mary
welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek,
geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş geçirilen ýerlerde
gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda
mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini
ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk goruny
döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň
suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak,
suw serişdelerini tygşytly hem-de netijeli peýdalanmak, suwaryş,
şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz
wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly
geçirmegi, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere
berk gözegçilik etmegi, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegi dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän
toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
häzirki wagtda bu kärhanalaryň bökdençsiz we ygtybarly işledilmegini
gazanmak üçin zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän
zawodlary netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini
mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini
aýtdy hem-de wise-premýere hereket edýän himiýa kärhanalarynyň
maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny doly ulanmak
boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkiýe Respublikasynda
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergide
ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň
eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa
goýum taslamalary tanyşdyrylar. Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa
goýum ugurly pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi söwda-ykdysady,
maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge
mümkinçilik döreder. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň
Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma
gatnaşmagy boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary
ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wise-premýere
Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini
geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmak
maksady bilen, Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady
foruma ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly resminama
gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli
şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini
geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreleri, şol
sanda Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet
hepdeliginiň açylyş dabarasyny, konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary,
maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet
agşamlaryny, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişini, Magtymguly
adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Şasenem-Garyp”
operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
hepdelige gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynda beýik şahyryň ýadygärligine gül goýmak
dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň
we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet hepdeligini
ýokary derejede geçirmegiň, onuň geçýän döwründe Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çärelere hem aýratyn ähmiýet bermegiň
möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere Medeniýet hepdeligini
guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 15 — 19-njy
iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek küşt boýunça halkara ýaryşa
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sport
arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu ýaryşa dünýäniň
köp sanly döwletlerinden, şeýle-de Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly
türgenler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny
has-da ýokary derejelere galdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek ugrunda
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki halkara
sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki
Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça
türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi we
ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, dürli döwletler we halkara guramalar bilen bu ugurda gatnaşyklary
yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara we
sebit derejesindäki forumlarda öňe sürýän möhüm başlangyçlary we
teklipleri ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda halkara işlerini yzygiderli
pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda,
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanan birnäçe
maglumatlar we teklipler beýan edildi.
Ählumumy
ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda howa, tebigaty goramak meseleleriniň
ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda
bu meselelere aýratyn üns berildi. Şonda döwlet Baştutanymyz
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin bitewi ekologiýa strategiýasyny taýýarlamaga
girişmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň
dekabrynda Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi
baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji
maslahatynda (COP28) döwletimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça
garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi. Forumyň barşynda
Türkmenistan halkara resminamalaryň birnäçesine goşuldy. Häzirki
wagtda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan
ýokarda agzalan resminamalardan gelip çykýan borçnamalary ýerine
ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde,
2024-nji ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň
üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň
29-njy maslahatynda (COP29) hem 9 resminamanyň kabul edilendigi bellenildi.
Ýurdumyzyň bu maslahatyň resminamalaryna goşulmagynyň mümkinçiliklerine
seretmek maksady bilen, olary öwrenmek boýunça şu ýylyň 21-nji iýunynda
paýtagtymyzda daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara
toparyň mejlisini geçirmek teklip edilýär. Şeýle-de häzirki wagtda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda
Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak boýunça
işler alnyp barylýar.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyz çölleşmäge garşy göreş babatda örän işjeň hereketleri
amala aşyrýar. Bu ugurda 2024-nji ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde
BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy
taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen “Bitewi suw”
sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygyny bellemek gerek.
Bu forumyň ýörelgelerine esaslanyp, Baş Assambleýanyň öňümizdäki
sessiýasyna hödürleniljek Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryna
Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin çölleşmäge garşy göreşmek
boýunça sebit merkezini döretmek baradaky meseläni goşmak teklip
edilýär. Sebit hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, bu ugurda Hazar
hem-de Aral deňizlerini, umuman, Merkezi Aziýada ekologiýa meseleleri
bilen bagly alnyp barylýan işleri bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda,
Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlygy baradaky meselä üns çekildi.
Şundan ugur almak bilen, Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň
duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmek
boýunça işleri işjeňleşdirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde,
Hazar ekologik başlangyjynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanylandygy
we onuň ähli kenarýaka döwletleriň garamagyna iberilendigi aýdyldy.
Türkmenistan
sebitde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral boýunça Milli maksatnamany
kabul eden ýeke-täk döwletdir. Şol resminamanyň amala aşyrylmagy,
şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasynyň
taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
üçin şu ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabat şäherinde daşky gurşawy goramak
meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip
edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly
halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edendigi bellenildi.
Ýurdumyzyň bu guramada başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda Türkmenistanyň
AHHG-nyň hukuk we guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça tagalla
etjekdigi barada nygtalýar. Bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär.
Şundan ugur alnyp, birnäçe teklipler beýan edildi. Milli derejedäki
ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň Halkara suw akarlarynyň
gämi gatnawsyz görnüşlerini peýdalanmagyň hukugy hakynda Konwensiýa
goşulmagy baradaky meselä seretmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.
Bu resminama degişli ulgamda hukuk düzgünlerini kesgitleýär. Bu
meseläni şu ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky
döwlet komitetinde geçiriljek pudagara mejlisiň gün tertibine
goşmak teklip edilýär.
Milli
derejede halkara ekologiýa işlerini dowam etdirmek hem-de ýaşlar
baradaky döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady
bilen, ýurdumyzyň ýaşlaryny halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyna
işjeň çekmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň çäklerinde abraýly halkara
guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli edaralary bilen bilelikde
Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlarynyň
2025-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, bu resminamany tassyklamak üçin Hökümet derejesine
çykarmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy
gazanmak boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý
etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini
geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan
bu bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly”
oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron
okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça
geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşikde hödürleniljek taslamalar
milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly çözgütleri we
täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde maksatnamalaýyn
işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, her ýyl geçirilýän innowasion
taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän
we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden
gatnaşmagynyň bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Sanly
çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek
baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi
we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam
arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.