Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň
ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Şeýle
hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we parahatçylygy
üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly
meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,
hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň
gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy, harby
gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada
aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli goşuny maksatnamalaýyn
esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde
saklamagyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine harby gullukçylaryň
maddy we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny takyk
berjaý edişlerine gözegçiligi üpjün etmek maksadynda görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň
ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň
namalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem
dowam etmäge, hukuk düzgün-tertibini berkitmäge, düzgün bozulmalaryň öňüni
almaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokurora
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler
ministri M.Hydyrow 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän
düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň,
ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini
kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda
jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ýokary kazyýetiň
başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe geçirilen işler, hormatly
Prezidentimiziň sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly kazyýet
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyga laýyklykda, raýatlaryň
hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagy hemişe üns
merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy
durnuklylygy saklamak, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy
ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, ministre ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri
mundan beýläk-de netijeli dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda eziz Watanymyzyň mukaddes
serhetlerini goramak, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin
amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň serhediniň
dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň goragyny
üpjün etmek, şeýle hem ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça
işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, gullugyň
ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri
M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk
edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, bu ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek
boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk
namalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleri mundan beýläk-de
dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar —
maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugy ösdürmegiň
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin zerur şertleri
döretmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda
harytlary talabalaýyk resmileşdirmek we olary ygtybarly gümrük barlagyndan
geçirmek, üstaşyr geçýän ulaglaryň hereketlerini gözegçilikde saklamak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda Döwlet gümrük
gullugynyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, sanly
ulgamyň we döwrebap usullaryň mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini sanly ulgam
arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan
Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby
howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak
ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli
durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.