Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun
çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy
ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny
kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini
goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik
gatnaşyklary, wirtual aktiwler we gümrük meseleleri bilen baglanyşykly
Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.
Şol
bir wagtda abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri
bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda,
Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem
garalýan döwürde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň Doly
ygtyýarly wekilleri hem-de Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň
agzalary bilen duşuşyklar geçirildi.
Şeýle
hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk
Respublikasynyň Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda
birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda ýurtlarymyzyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy bu iş saparyny amala
aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda
döwrüň talap edýän kanun taslamalaryny göz öňünde tutmagyň we şoňa görä-de,
kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Senagat
howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we
amala aşyrmagyň talaplarynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, bu resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat
howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary”
baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat
desgalarynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän önümçilik
desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny
guramak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli resminama gol çekip, ony
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu ugurda zerur işleri alyp barmagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit, nebit önümleri we
gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek
boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda ýerine ýetirilen
işleriň netijesinde “Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda
nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende
ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz
pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri
boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara
bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de
ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly
ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleri
ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän
möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak
işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini
tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen zerur çäreler görülýär.
Şeýle
hem hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna
girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş
bilen ýüzlendi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini
netijeli alyp barmagyň, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki
kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini hem dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda oba
hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden
bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň
ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ahal, Lebap we Mary
welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa
11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap
bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk
işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Çagalary goramagyň halkara
güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça
paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu
şanly sene mynasybetli häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň şaýollarynda we
köçelerinde, seýilgählerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri bilen bir
hatarda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň
daş-töwereklerinde dürli bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli alnyp
barylýar. Şeýle hem şäher häkimligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döredijilik
bäsleşikleriniň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň hem-de
bedenterbiýe-sport çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi
meýilleşdirilýär.
Şonuň
ýaly-da wise-premýer paýtagtymyzda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň
täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
has-da pugtalandyrmak, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açmak, zehinli çagalary
ýüze çykarmak maksady bilen, umumy meýdany 4 gektar bolan, şol sanda esasy
binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary, tehniki
binalary hem-de desgalary öz içine alýan täze merkezi gurmak meýilleşdirilýär.
Şeýle
hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna
merkezde ýerleşjek çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin
obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy hem-de kitaphananyň döwrebap sanly
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu merkezi gurmak hakynda Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň
sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagy, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin
ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň,
mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga
berilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzda Çagalary goramagyň
halkara güni mynasybetli giň gerimli çäreleri ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy
Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de «Aşgabat
şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara
gol çekdi.
Öz
gezeginde Ministrler Kabinetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy we Gahryman Arkadagymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen
tüýs ýürekden gutladylar.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy
tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata ýokary hilli söwda
hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap
desgalary gurmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň
çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasynyň işlenilip
taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamyny
kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, söwda we hyzmat ediş maksatly
döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal
welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen
bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Awaza — dostluk
mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu halkara çäräni 2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary
döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy”
atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny,
şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.
Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary
bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam
berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de
hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň giňden
geçirilýändigini, olaryň ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýändigini belledi
hem-de şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza —
dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi
hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli
geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we
innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek
boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň
wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçiriljek bu
maslahatda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şunuň bilen birlikde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde
11-nji iýunda “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly utgaşykly
görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň
ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ylym
ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we şunuň bilen
baglylykda, Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak,
bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy
maslahatlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
“Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine
gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan
Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Respublikasy bilen hoşniýetli
gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen
diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Ýurtlarymyz
syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Mälim bolşy ýaly, Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8
Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir.
Söwda-ykdysady
ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete
eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol
sanda arheologiýa ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne
çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.
Ýokary
derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete
eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy we
2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlaryny, 2015-nji ýylda
bolsa iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. 2014-nji ýylda Italiýanyň
Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Iki
ýurduň Hökümetleriniň we parlamentleriniň derejesinde, şeýle hem daşary syýasat
edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. “Merkezi Aziýa —
Italiýa” formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 30-njy maýda Astanada
geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna
amala aşyryljak saparyň maksatnamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa
Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny
aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz iki ýurduň köptaraply görnüşde hem hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi
çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Merkezi Aziýa — Italiýa sammitiniň möhüm ornuny
belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň
1-2-nji iýunynda Mongoliýa boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dostlukly dialogyň we
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy
strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Mongoliýa bilen
netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik
gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň
şertnama-hukuk binýady 11 sany resminama bilen berkidildi.
Türkmen-mongol
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara
aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3
duşuşygy guraldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň
Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Şeýle hem hökümetleriň
derejesinde we daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklar ösdürilýär.
Türkmenistan
hem-de Mongoliýa halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we beýleki düzümleriň
çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler. Mongoliýa
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul
edilen 16 Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri, şol bir wagtda, ýurdumyz hem
Mongoliýanyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň 5 Kararnamasynyň
döredijileriniň biri bolup durýar.
Söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, oba hojalygy, maldarçylyk, ýeňil senagat
hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlardyr. Özara haryt
dolanyşygyny artdyrmaga, bu işe kiçi we orta telekeçiligi çekmäge aýratyn üns
berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar
hem giňeldilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet
günleriniň we geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bilelikdäki medeni çäräniň
geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki
wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk
görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler
alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny
pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat
ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň
sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi
meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, ýakynda Mongoliýada geçiriljek duşuşyklaryň
hem türkmen-mongol gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim
boljakdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler
ministrine bu döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de onuň ýokary
derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda bu ugurda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi gämilere
hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Agentligiň
ýolbaşçysy bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar
esasynda ýola goýmagyň, gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm
ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen
teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.