Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ösdürilip
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur
taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly
güýjünde işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady
bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak işleri dowam edýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä
welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine,
şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý
edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly
girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary
netijeli işledilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany
üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda taýýarlanylan piläni
kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen
hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä
welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine, şeýle
hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki
talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk
görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, galla oragyny ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
häzirki wagtda welaýatda galla kabul ediş kärhanalary, däne ýygýan kombaýnlar,
beýleki tehnikalar möwsüme doly taýýar edildi. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri geçirilýär. Şonuň bilen
bir hatarda, gowaça ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişini bellenen
möhletde geçirmek üçin hem zerur çäreler görülýär. Pile öndürmek möwsüminiň
çäklerinde şu günler ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna
tabşyrmak işine girişildi. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek we suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped
güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere hem-de çagalaryň
tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen
bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi,
ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, irki ýetişdirilen ýazlyk
ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped
güni mynasybetli guraljak çärelere, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş
möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli
geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy
şertleriň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan
yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen,
zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk
tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem
ýetişdirilen pile hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilýär.
Şonuň bilen bir hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri
dowam edýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere hem-de çagalaryň tomusky dynç alyş
möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg
işleriniň ýokary hilli geçirilmegini, şeýle hem galla oragy möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de
ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk
işleri geçirildi. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary,
elewatorlar we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine
taýýar edildi. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri,
hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu
ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Şunuň bilen
birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda bu möwsüme
taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda ýetişdirilen pile
hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp
barylýar. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri
ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki
çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ýer-suw serişdeleriniň netijeli
peýdalanylmagynyň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň
ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalyk önümçiligini durnukly ösdürmäge we
netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam
berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň ýetip
gelýändigine ünsi çekdi hem-de welaýatlarda bu jogapkärli möwsüme gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň
möhümdigini belläp, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we
ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy, gowaça zyýan berijileriň öňüni almak boýunça işleri öz
wagtynda geçirmegi, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda döwlete pile
tabşyrmagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz
welaýatynda şaly ekişiniň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini gazanmagyň,
welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün
etmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz
ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly
zaýasyz ýygnap almak işleriniň alnyp barlyşynyň hem ünsden düşürilmeli
däldigini nygtap, Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped
güni mynasybetli welaýatlarda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede
geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş
möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.