Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň
tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we
maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary
düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň
Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda umumy düzgünler, wirtual
aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy
çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we
jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler
hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa
goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine,
sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam
eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän
döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm
bolup durýandygyny belledi we wise-premýere «Wirtual aktiwler hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň
günbatar we gündogar sebitlerinde kuwwatly tehnikalaryň, seýsmiki enjamlaryň,
programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen nebitiň hem-de tebigy gazyň
gorlaryny gözlemek işleri geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi
uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemek boýunça gözleg-barlag
işlerini ýokary hilli, netijeli ýerine ýetirmäge uly üns berilýändigini,
nebitiň we tebigy gazyň ýerasty gorlarynyň yzygiderli ýüze çykarylýandygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň
gözlegine gönükdirilen işleri geljekde-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp
barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragyny
guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny çalt we
ýitgisiz ýygnap almak, galla oragy möwsümine ähli ugurlar boýunça taýýarlyk
işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini
artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen,
ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile hasylyny ýygnamak işleri-de
dowam edýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Bulardan başga-da, ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini,
ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak,
suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak babatda zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek işleriniň hemişe üns merkezinde
saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda ideg işlerini dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine gowy
taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna
laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025”
atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty
kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp
barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň
lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary,
häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek
meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler
bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy
tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň dünýä
bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny, hereket edýän dokma senagat
kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlarynyň
ornaşdyrylmagynyň işi ýokary netijeli alyp barmaga şert döredýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda
geçiriljek «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy
goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri we sport
ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň
arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary
welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu
ýylyň 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza —
dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalynyň, 6-njy iýunda Pekin
şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş
dabarasy mynasybetli çäreleriň, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda
Medeniýet hepdeligi mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik
şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül
goýmak dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 29-njy iýunda bolsa Arkadag
şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly iýun aýynda
geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä
welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni,
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli
geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda
köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada
aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda,
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny,
ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek
üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine
gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap,
wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji
mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, goňşy
ýurtlar bilen hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Eýran
Yslam Respublikasy hem bar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň
19-20-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherine iş saparyny amala
aşyrdy. Saparyň çäklerinde bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri girizildi hem-de degişli çözgütler
kabul edildi. Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da, türkmen mawy
ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara
üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň
mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda döwletara
gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu babatda Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny
amala aşyrmak bilen bagly çärelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli
meseleleriň birnäçesi, şol sanda türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de
Eýrana ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda ulag
pudagyndaky hyzmatdaşlyk, uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek —
Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere-de üns
berildi. Şunuň bilen birlikde, iki
ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly
meselelere garaldy. Olar boýunça degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle-de söwda we
işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meselelerine seredildi.
Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt
dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 —
2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar. Şunuň
bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek barada giňişleýin
maslahatlaşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki sergileriň, işewürlik
maslahatlarynyň, beýleki çäreleriň geçirilmegi, bu ugurda “Ýol kartasynyň”
taýýarlanylmagy hem-de Türkmen-eýran işewürlik geňeşiniň döredilmegi netijeli
gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine
suw hojalygy ulgamynda, hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak
babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler girizildi.
Däp
bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak
meselesine hem üns berildi. Şunda özara Medeniýet günlerini geçirmek, medeniýet
we sungat sergilerini, festiwallary guramak, bilim we ylym, saglygy goraýyş,
sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy, ÝUNESKO-nyň çäklerinde gatnaşyklary
ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli
Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň goňşy ýurda iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Beýik ruhy lideri
Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk boldy. Onda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji
dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.
Duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary boýunça alnyp
barylýan bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Goňşy döwletiň
Baştutany eýran tarapynyň meýilleşdirilen çäreleri, taslamalary, bu ulgamlarda
ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Wekiliýetiň
saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran
hökümetara toparynyň eýran böleginiň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol
we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, energetika ministri
Abbas Aliabadi, nebit ministri Mohsen Paknežad, daşary işler ministri Seýed
Abbas Aragçi bilen duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlyk
edýän goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň arasynda
gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Eýran Yslam
Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli
raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ulag ulgamyny
hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda raýat
awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, iň täze enjamlar bilen üpjün
edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda ulag
ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini
işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda,
agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu ugurda alnyp
barylýan işleri has-da ilerletmek bilen bagly degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri
döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge
möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Halkara howa menzillerinde uçuş barlaglaryny ýerine ýetirmek
bilen bagly teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
25-nji maýda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň gününiň, Türkmen halysynyň
baýramynyň, «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabatda
ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi,
paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň
geçirilmegi-de indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Asyrlaryň
dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan türkmen halylarynda
halkymyzyň şöhratly taryhy, pähim-parasady jemlenendir. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we
haly önümleriniň sergisiniň, maslahatyň geçirilmeginiň halkymyzyň halyçylyk
sungatyny dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz
geljekde-de gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmäge, halyçylyk sungatyny
kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we mähriban halkymyzy
Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, uçurymlary «Soňky jaň»
dabarasy bilen gutlady. Mejlise
gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy şanly seneler
mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.